Teswirler (6)

Ýüklenýär...
User Avatar

Dogry, ýalňyş. Obýektiw moral

5 minut alar

Geçen twitter-de ýazan zadyma gelen jogaba jogap ýazýarkam, şuny makala edip ýazsam has gowy boljak diýen pikir geldi, alyň onda siziň bilen ilkinji makalam.

Meniň ol ýerde aýdan zadym moralyň obýektiwligidi, ýagny “objective morality” hakynda. Bu makala hem şol hakda.

Moral

Ilki bilen moral diýenimde näme diýmek isleýän? Moral bir zadyň dogry ýa-da ýalňyşlygy bilen baglanşykly prinsipe aýdylýar. Ahlak diýip hem terjime edilip bilner. Edilýän, aýdylýan zat dogrumy, ýa-da ýalňyşmy?

Obýektiw moral

Indi bolsa obýektiw moralyň manysyny bir mysal arkaly düşündirjek bolaýyn. Ýolda geçip barýakaňyz bir çaga bilen bir adam gördüňiz, we ýaňky adam ol çagany pyçaklap öldürdi. Indi şol adamyň edeni dogrymy ýa-da ýalňyşmy?

Muňa her bir adam elbetde ýalňyş diýjekdir. Ikinji sorag, onuň edeni moral taýdan “obýektiw” ýalňyşmy? Ýagny, hiçbir adamyň pikirine, duýgusyna, kulturasyna ya-da ynanjyna garamazdan ýalňyşmy? Ine şu ýerde kellä başga soraglar gelip başlaýar.

Moral temasynda, obýektiw diýmek bir hakykatyň saňa ýa-da maňa görä üýtgemeýänligine aýdylýar. Ýagny, ahlagyň gözbaşy adamyň şahsy gurşawunyň daşynda. Mysal üçin, 1+1=2, ýer günüň daşyndan aýlanýar ýaly hakykatlar biz olar barada nähili pikir, duýgy ýöretsegem üýtgemeýär.

Obýektiw hakykat, ynsan subýektiwligini aşýan, onuň üstünde bir zat we biziň içimizde däl, daşymyzda we uniwersal. Ähli dünýä ýaňky adamyň çagany öldürmegi dogry diýip ylalaşsa hem, ol iş obýektiw ýalňyş zat. Munyň tersine bolsa subýektiw hakykat diýilýär, herkim islän zadyny edip biler we ol özüne görä dogry bolup biler. Herkmiň öz dogrysy bar.

Hemme zadyň bir gözbaşy, bir fundamenti, nireden gelýär soragynyň jogaby bolaýmaly. Onda, eger bir zadyň dogrulygy, ýalňyşlygy her adama görä üýtgemeýän bolsa, onda olaryň dogry ýalňyşlygyny kim aýdýar? Bu meselede aýdylan birnäçe alternatiw bar. Iň esasylary: Ýaradyjynyň barlygy, jemgyýetiň täsiri, biologiýa, moral realizm we ş.m.

Bu makala, obýektiw moralyň diňe Ýaradyjynyň barlygy bilen rasional düşündirip boljaklygy öňe sürýär we beýleki alternatiwleriň ýapyşmaýan palçykdan tapawudy ýoklugyny nygtaýar.

Bärde belläp geçmeli möhüm bir zat, makalanyň esasy maksady, belli bir zadyň dogry ýa-da ýalňyşlygyny nähili bilip bileris (moral epistemologiýa) däl-de, eýsem umuman dogry ýa-da ýalňyşyň gözbaşy näme, fundamenti nirede (moral ontologiýa) ýaly soraglara jogap bolmak. Belki başga bir makalada bir bir zadyň dogry ýa-da ýalňyşlygyny nireden bilýäris meselesine hem degip bileris.

Absolýut moral

Ikinji belläp geçmeli möhüm zat, obýektiw moral bilen absolýut moralyň tapawutlylygy. Absolýut moral, adamyň hiçbir şertde öldürilmezligini pikirini aýdýar, ýagny bir zadyň gowy ýa-da erbetligi ähli şertlere görä üýtgemeýänligini aýdýar. Obýektiw moral bolsa, mysal üçin eger seniň özüňi, maşgalaňy goramak üçin, ýa-da adalat jeza sistemasynda, öldürmegi ýa-da jezalandyrmagy içine alyp bilýär. Ýa-da mekdebe girip 50 çagany/adamy ölduren adamy öldürmek obýetktiw moral taýdan dogry bolup biler. Men bärde “öldürmek” konseptini diňe mysal hökmünde berdim, moral diňe öldürmekden ybarat däl, ýa-da öldürmek ýaly erbet hasaplanýan zatlardan ybarat däl. Gowy hasaplanýan pozitiw zatlar hem moralyň içine girýär.

Subýektiw moral we jemgyýetiň täsiri

Moralyň obýektiwligini inkär edýän adam, Gitleriň, Demirgazyk Koreýa lideriniň, “ISIS”-iň eden erbetliklerini kabul etmeli bolar. Sebäbi, her adamyň öz dogrusy bolsa, onda sen olara aýdyp biljek zadyň bolmaz, bu bolsa akyly bolan hiçbir adamyň kabul edip biljek zady däldir. Goşmaça mysal bilen aýtsak, adam aragatnaşygynda çäkleri goýýan esaslar obýektiw bolmasa, we subýektiw, adama, kultura görä üýtgeýän bolsa, günbatarda aýdylyşy ýaly, “love is love” bolsa, jemgyýet şu tizlikde bu babatda “öňe gitse”, onda öz doganyň bilen, ýa-da ene ataň bilen seksual birleşmäni hem dogry, bolýan zat hasaplamaly bolarys, munuň yzy gutarmaýan absurdlyklara eltjegi äşgär zat.

Ýaradyjynyň barlygy

Moral diýilýän zat obýektiw, sebäbi Ýaradyjy güýç bar. 

Bärde diýjek zatlarym bir adamyň ynanjy bilen hiç hili baglanşykly däl. Bir ateist hem moral taýdan gowy ýa-da erbet hereketleri edip biler. Ýaradyja ynanýan bolsaň sen awtomat gowy, ahlakly bolarsyň hem diýemok. Bir adamyň garyby doýurmak ýaly gowulyk etmegi üçin Ýaradyja ynanmaly hem diýemok. Şuwagta çenli ateistlerden Ýaradyjynyň barlygyna ynanman, ýa-da moraly Ýaradyja baglaman hem moral taýdan gowy işleri edenler kändir.

Argumentiň esasy, eger Ýaradyjy bolmasa, onda obýektiw moral hem bolmaz. Bir ateist, Ýaradyja ynanmaýan adam, näçe ýetime kömek etmek, keýp üçin adam öldürmezlik ýaly zatlary özi üçin obýektiw ýaly hereket etse-de, bu köpçülikde ýel çykarmagyň ýalňyş bolmagy ýaly, sosial taýdan kabul edilen normadan ötä gitmez. Sebäbi sosial normalar her ýere, zamana görä üýtgäp durýar, we fundamentsiz bina ýaly her döwürde biri gelip ýykar. Ýöne moralyň fundamenti ölmeýän, ütgemeýän, gowy Ýaradyjy bolsa, onda hemme daşlar ýerbe ýerinde berk oturar.

Ýaradyjy ol fundamenti üpjün edýär, sebäbi ol bu alemiň içinde, ýa-da oňa bagly bolman, adam subýektiwligini hem aşýan barlyk. Yslam dinindäki Ýaradyjyny mysal bersek, Ol birkemsiz, ähli zadyň ylmy özinde bolan, ähli zada güýji ýetýän, we gowy bir Ýaradyjy. Ýaradyjynyň tebigatynda birkemsiz gowulyk bar we Al-Barr bilen atlandyrylýan, ýagny gowulygyň çeşmesi manysyndaky sypaty bilen nämäniň gowy ýa-da däldigini bilýär we bildirýär. Ol Ýaradyjy haçanda birzady etmegi buýruk berse, ol öz erki bilen berýär we onuň erki, onuň tebigatyna ters gelmeýär. Şonuň üçin, Ol näme buýursa, ol zat gowy, sebabi Onuň özi gowy. Muny biz diniň kitabyndaky aýatdan bilýäris: “Aýt olara, Alla erbetligi buýurmaz” 7:28

Moral realizm

Iň soňky belläp geçesim gelýän alternatiw hem “moral realizm”. Muňa görä, moral obýektiw zat, ýöne bir fundamentiniň bolmagy gerek däl. Adalat, merhemet ýaly gowy zatlaryň şeýle özlerinden, hiç zada bagly bolman barlygyny aýdýar. Bu pozisiýa hem manysyz, hem-de akyla ters. Sebäbi, moral diňe bir idea bolman, jogapkärçiligi hem özi bilen getirýän birzat. Hiç hili jogapkärçiligi talap etmeýän, çeşmesi belli bolmaýan, rasional düşündirişi bolmaýan bir konsepsiýaň hem, bizi dogry netijä eltmegi mümkin däl.

Bu makala, tema barada azajygam bolsa pikir berse, onda maksadyna ýetdi hasap edýärin. Temanyň filosofiki tarapy hem bolansoň, bu barada diskussiýa açmak üçin başlangyç bolup biler.

Okanyňyz üçin köp sag boluň.

242 |
|