Adalat

Ýalňyşmak ýalňyşmy?..

- Men özümiň hakyna girdim! - Nädip? - Ýalňyşyp... - Düşünmedim, açyk aýtsana! - Käbir işlerde, özümi adalatly alyp barjak bolup öz hakyma kän giren ekenim... Hawa, köplenç şeýle-de boldy. Adalaty ölçemegi başarmazdan adyl bolmaga synanyşmak - öz hakyňy iýmek. Başgaça aýdanyňda - ýalňyşmak. Ýalňyşmak ýalňyşmy?! Her kimiň özi karar bersin... Ýadyma düşýär, mundan ep-esli ýyl öň, okuwçy wagtlarym, synpdaşlaryma öý işlerinde kömek etmegiň deregine göçürderdim... Hem olaryň hakyna giripdirin, hem zähmetimiň. Mugallymlar meni bagyşlasyn;…

Adalatlylygyň heýkeli-Femida.

Femida bu adalatlylygyň we deňligiň heýkelidir. Bu heýkeliň heýkeltaraşy näbelli bolsa-da, dünýäniň ähli ýerinde adalatlylygyň nyşanydygy hemmämize mälimdir. Femida heýkeli gadymy grek hudaýy hasaplanýar. Ol adalatlylygyň,deňligiñ hudaýy diyip bilinýär. Femidanyň esasy gurallary: gylyç,mantiýa we göz örtüginden ybarat. Femida heýkeli adalatly zenanyň keşbini suratlandyrýar. Onuň egnindäki eşigine mantiýa diýilýär. Femidanyň çep elindäki terezi adalaty we adalatly deňagramlylygy görkezýär. Libra şekili, kazyýetiň iki tarapynda-da subutnamalaryň adalatly görkezilmegini aňladýar. Adalat ýerine ýetirilýänçä bu deňeşdirmäniň yzygiderli dowam ediljekdiginiň aýdyň…

Adalatlylygyň heýkeli-Femida.

Biz nädereje adalatly?!

Adalatyñ nämedigini bilmeýän ýok bolsa gerek. "Adalatsyzlyk" diyip zeyrenip görmedigem az-azdyr diýip oýlaýan. Ýöne näme üçindir biz adalatyñ doly manysyna düşünmeýän yaly. Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde "Adalat" - "Birine ýa-da bir zada bolan dogry, hakyky garaýyş, hakykat"/ "Adalatsyzlyk - "Adalata garşy bolmaklyk, hakykata dogry gelmezlik" diýip düşündiriş berlipdir. Bu düşündirişi giňeldip, biz Adalatsyzlyga "Bir kişiniñ mynasyp bolan zadyny, hakyna, paýyna düşýän zadyny bermezlik ýa-da oña garşy laýyk däl hereketleri etmek..." umuman şular ýaly düşündirişleri berip…