Žurnalist
Söýýänsireýänlerden gorasyn...
1 minut alar
Söýmeýänlerden däl, söýýänsireýänlerden gorasyn Allajan... Geň galýan, birine ýasamalyk edenlerinden soň nädip özlerini halap bilýäler-kä? Mysal üçin men öz göwnüme degmek islemeýändigim üçin başgalara ýasamalyk edemok. Islendik gatnaşykda-da meniň özüm has möhüm, ýagny özümi garşymdaky kişä içimden gelişi ýaly alyp barmasam men özüme ikilik edenim bolýar...Öz duýgularyma, öz akylyma, öz hormatyma, öz terbiýäme... Şonuň üçin ýasamalyk garşyňdaka däl-de özüňe edilýän erbetlikdir... Öz bolşuňy, içki dünýäňi, içki sesiňi inkär edip birine gowy görünjek bolmak bilen gazanmagyň deregine köp zat ýitirýäris ... Özümizi ýitirýäs, içimizden gelýän duýgulary, we şol sanda başgalara ynamy... Üns berip görseňiz ynanjaňlaryň hemmesi hem ýasamalyk etmeýänlerden ybaratdyr... :)
Şol sanda garşyňdaky kişiniň ýasamalygy hem täsirsiz bolýar... Içiňden gelmeýän zat başgalaryň içinede baranok... Içiňizden gelýän sesi diňläň, oňa üns bermeseňiz soň ses gelmän galar :)
Bu meniň öz düşünjäm :)
12:54.