Teswirler (10)

Ýüklenýär...

Men söýermen göwnüm üçin

9 minut alar

Ol zol-zol gaşanýardy. Gije baldyrynyň ýumry ýerinden bir çybyn dişlän bolmaga çemeli. Üns bermejek boldugyça beter gijeýär. Irden turanda-da beýle jan derdi däldi. Häzir welin gijisi ýüregine dökülip barýar, gaşandygyça beter gijeýär. Ýedi ýoluň üstünde gaşanyp durmagam gelşiksiz. Şonda-da gijeýän ýerinden elini aýyrasy gelenok. „Bu nämämiň azary? Beýle-de bir çybyn bolarmy? Ýok-la, çybyn däl – ýaşaýşym. Ýaşadygymça ýaşasym gelýär, gaşadygymça gaşasym. Hemmesem ýüregime dökülip barýan dert, azar. Gülüp ýeňjek bolýan, cybyndyr-da diýýän. Olam... olam agladaýjak bolýar...“ Bir ýerim gijiýär diýip her kes beýle-beýle pikirleri etmese-de etmez, emma onuň durmuşy köpümiziňkiden tapawutly, üstesine-de ol şahyr. Hawa, ol şahyr. Ulumy-kiçimi, wagtyň özi kesgitlemeli diýilýän şahyr. Galamy bilen güzeranyny görüp ýör. Hal-ýagdaýy soralsa: „Hal-ýagdaýam suwda akyp barýan kädiň üstünde ýaly. Birden çümýäs, birden suwuň ýüzüne çykýas. Heniz-ä batyp galamyzok, şoňa-da şükür“ diýip, töweregini gülüşdirýär. Ajy-ajy ýylgyrýar. Şonda-da ol ajyny kim duýýar, kim duýmaýar. Şahyr halky ömürboýy, begenjinem, gynanjynam, tutuş durkuny ile açmagyň höwesinde. Ýöne, haýran galaýmaly, şol höwesini näçe gizläp, owadan gyzyň näzi ýaly çalaja äşgäre çykaryp bildigiçe, ony çyn şahyr hasap edýärler. Megerem şondandyr, ol ajy-ajy ýylgyrsa ýylgyrardy, emma aňsat-aňsat zeýrenmez, diýse: „Näme üçin zeýreneýin? Özüm saýlap aldym bu käri. Derdini çekmäge-de, keýpini görmäge-de özüm boýun boldum. Dogry, keýpinden derdi köpräk eken. Islendik käriňem keýpinden derdi köp. Düşünene tutuş dünýäň keýpinden derdi köp. Bolanja keýpem şu gijiň keýpi-dä“ diýer. Onuň dünýäsiniň hakykatdanam keýpinden derdi köpdi. Öýünde ýarym adam, bilinden aşagy ysmaýan, maýyp aýaly indi onbäş ýyl bäri „arabajygyny tigirläp” ýör. Ýöne, ol muňa şeýle bir öwrenşipdi, dertdiginem bilmeýärdi. Bir derdi bar bolsa, olam edebiýat. Häzirem neşirýatdan gelýär. Soňky ýazan goşgularyny toplap kitapça edipdi. Neşirýadyň başlygy sypaýçylyk bilen goşguly kitaplaryň bazarynyň ýokdugyny aýtdy. Kitapçasyny alyp galsa-da, haçan neşir etjegini aýtmady. Goşgularynyň neşirýatda eslije ýatjakdygyny düşnükli etdi. „Onsuzam, bary düşnükli. Goşgy kime gerek, şahyr kime gerek?“ Başga-da barara ýeri bolmansoň goşgularyny goýup gaýtdy. Beýleki neşirýatlara barsa kitapçasyny alybam galjak däldiler. Bu neşirýadyň eýesiniň özem şahyr bolansoň, ýitgi çekmäge golaý barsa-da, ýylda iki-üç goşgular kitapçasyny çap edip dur. Okap görse, belki ýüregini gozgar, kellesiniň gyzgynyna bularam çap edeýin diýer. „Adamlar goşgudan näme beýle birden doýaýdylarka? Ýigrimi-otuz ýyl mundan öňem beýle däl eken. Kimi gürletseň şol döwrüň şahyrlaryndan söz açýar. Olaram bolup bilseler biz ýaly bolandyr ýogsa. Aý, bilýän-le, dirikäler olaňam gadyry bilnen däldir. Şahyrçylyk gadyryňy bildirjek bolmagam däl aslynda. Şahyrçylyk... Şahyrçylyk – gadyryňy gaçyrmagam-a däldir...“ Öýüne gelýänçä ýüregine düşen gijisiniň azary ýaly içinden edýän pikirlerem biri-biri bilen çaknyşyp oňa dert baryny berdi. „Bolmasa proza synanşyp göräýsemmikäm? Roman ýazyp ýörenlerem görýäs-le.“ „Aç ölýänem bolsam, men şolar ýaly prozany ýazjak däl, ýazjak däl.“ „Sen şolar ýaly ýazma, başgaça ýaz.“ „Başgaçamy? Dilde aňsat, başgaça ýazmak.“ „Kynçylygyna dözseň...“ „Kerpiç örýän kerpiji, agaç ussasy agajy bilen bolsun-la. Kynçylygam şol, beýlekisem“. Özi bilen jedelleşe-jedelleşe ol, ahyrynda-da, erteki ýazyp göreýin diýen pikire geldi. Bu onuň biraz ökjesini ýeňletdi. „Iň köp satylýan kitap ertekili kitap. Her kimiň çagasy bar. Çaga-da erteki gerek. Ökde ertekiçi dagy bolup biläýseň... Goşgy ýazmaňam goý diýýän ýok. Arasynda ýazyber. Güzeranyň aladasyndan dynsaň goşgy gaýta gowy ýazylar. Dogrudanam, men ölmeli welin, zarňyllap duran erteki ýazmaly. Özem köp ýazmaly. Zarňyllap duran diýýänim, neşirýatlar garbap alar ýaly erteki ýazmaly. Nädersiň neşirýatçy dost gapysyndan baranymdan ýüzüni sortduryp durman, gaýta nirede oturtjagyny bilmän dursa. Bir aýda üçi-dördi ýazylmazmyka? Goşgudan kyn däldir-ä?!“ Öýüne girende guraksy garaýyşy bilen garşylan maýyp aýaly onda bir üýtgeşmäň bolandygyny ýüzünden aňdy. - Kitabyňy çykarjak diýdilermi? - Hawa. - Haçan? - Haçandygyny aýtmadylar. Özüne gynanylyp bakylmaly aýaly gaýta oňa nebsiagyrjylyk bilen garap durdy. Içinden: „Neşirýatdan ýene boş sözlere ynanan bolup gaýtdyňmy?“ diýýäni gözünden görnüp durdy. Adamsy onuň bu bakyşyndan ýaňa näderini bilmedi. - Biýäňmi keýwanym, meniň kelläme „otliçnyý“ pikir geldi. Aýaly arabasyny duran ýerinde diýen ýaly aýlap, yza çekildi. Adamsyna ýol berip durşuna: - Aýdymçylara goşgy ýazyp berjekmi? – diýdi. - Aýdymçylary goýsana. Olara aýdym üçin nähili goşgulaň gerekdigini bilýäň-ä. - Saňa näme? - Hawa, sözleri pylanyňky diýsinler, menem utanjymdan ýere girip bilmäýin. Gowusy sen arabajygyňy tigirle-de, çaý getir. - Söýgi hakynda gowy goşgy ýazsaň, gowam aýdym bolsa. Atly bagşylaň birem aýtsa. Gaýta adyň ýaýrar. Soň kitaplaňam gowy alynar. Bar-a şeýle aýdymlar... 

Aýaly görgüli sözüni delillendirmek üçin bir gowy aýdymy ýadyna saljak bolýança, adamsy tigirçekli oturgyjyň ýüzüni aşhana tarap öwürdi. Ol ädimlerini ýeňil alyp keýpihonsyraýardy, arman baldyryndaky gijisi ýene başlady. Aýaly oturgyjynda elini salgap „Aý, erkekleň öz kellesine gelmese gep düşündirip bolasy ýok“ diýip, hüňürdäp galdy. Aýalyny aşhanada goýup, iş otagyna gelende ol ilki bilen baldyrynyň gijeýän ýerine seretdi. Üýtgeşik zadam ýok. Gaşanyna çala gyzarypdyr diýäýmeseň. Şol gyzylyň ortarasynda kiçijik düwrtügi görüp hasam gaşanasy geldi, hem ellese beter gijär öýdüp gorkdy. Derrew jalbarynyň gonjuny goýberdi. Iş stolunyň başyna geçdi. Adaty bolşy ýaly stolunyň üstünde galam-kagyz taýýar dur. Başlaber ertekiňe başlasaň. „Bir bar eken bir ýok eken diýip başlaýsammykam?“ Emma nähili dowam etdirjegini bilmedi. Üçe-dörde hyýal edýäň, sen entek birinden habar ber! Uludan demini alyp, çep gapdalda, diwardan asylgy duran aýna seretdi. Aýnaň ýüzünde sag egnindäki diwar hem göni özüne seredip duran öz şekili görünýärdi. Iş otagynyň bir burçunda asylgy duran bu aýna seretmäge ol endik bolup gidipdi. Hasam öz gözlerine serederdi. Gözüniň içine-içine bakyşy, ondan bir zatlar okajak bolýan ýalydy. Aýaly oňa „Ýüz görülýän aýna özüňe serenjam berilýän ýerde asylar-da, muny bärden aýyraly“ diýende, „Goý dursun. Adam hemme ýerde özüne serenjam berip gezmeli“ diýip, aýnany ýerinden gozgamandy. Emma her gezek aýna seredende aladasy „serenjamy“ däldi. Aýnada görünýän özüne ol höwri ýaly bakardy. Öz şekili bilen gürleşýän adam hakynda bir kitapda okapdam. Belki şondandyr, belki-de adama özünden ýakyn höwrüň ýoklugyndandyr. Hasam gözleri... Aýaly pessejik stoluň üstünde goýlan, elektrik togy bilen işleýän semawarda çaý gaýnatdy. Aşhanada ähli zat oňa tigirçekli oturgyjynda oturan ýerinden eli ýeter ýaly edilip gurnalandy. Bu on bäş ýylyň tejribesidi. Ýokarrakda kakylan asgyçlar aşak düşürilipdi. Gap-gaç ýuwulýan maşyn, gaz plitasy, tumbajyk, toguň öçürilip ýakylýanyna deňiç... bar zat oňa görädi. Olam bu zatlara görädi. Maýyplygy ýadyndan çykar giderdi, hatda içinden „Tigirçekli oturgyçda oturan ýerimden, gaýta, maňa aňsat düşýär“ diýerdi. Tigirçekli oturgyjynyň öňüne goşmaça oturdylan ýasyja demiriň üstünde ýerleşdirip getiren çaýyny-käsesini ol adamsynyň iş stolunyň bir burçunda goýdy. Uly sazandalaň perdä seretmän saz çalyşlary ýay, gaty arkaýyn hereket edip, çaýy käsä guýup agdardy. Çaýyň ýeke damjasam stola dammady. Iki gözi welin adamsyndady. Adamsy bu garaýyşyň öňünde dymypdurup bilmedi:

- Näme beýle seredýäň? 

- Garrapsyň. 

- Täzelik aýtdymmykam diýýäňmi? Özüň näme? 

- Men hiç-le... 

Sesi naýynjar çykandan boldumy, aýaly hyrra yzyna aýlandy. Bu çaltlyk tigirçekler sebäpli bolan bolmagam mümkin. Ýogsa ol adamsyndan beýle çalt ýüzüni öwürmek islemändi. Etjek alajy ýok, gaňyrlyp adamsyna seretdi-de, çykyp gitdi. Çagalar bagynda goýlup gidilip barylýan çagaň ejesiniň yzyndan gaňyrlyp seredişi ýaly aýalynyň naýynjar bakyşyna, onuň endamy tikenekläp gitdi. Turup aýalynyň arabajygynyň yzyndan ýapyşasy geldi. Ertekem gümüne gitsin, goşgam. Hiç zadyň gürrüňinem etmän ýüzüne seredip durjakdy. Emma ol eýýäm aşhana ýetdi. Bolmanda şeýle ýeňil aýlanýan tigirçekler baryp direnip durar ýaly gapyda işik bolsady, olam ýok. Aýalyna aňsat bolsun diýip ähli gapylaryň aşaky işiklerini özi aýyrdypdy. „Ilki badalar nähilidi, ýüzünde çala gussa gördügim derrew elim oňa uzardy. Olam beýle çalt menden daşlaşmazdy...“ Şol döwürlerde goşgularynam gazet-žurnallarda göwünjeň çap ederdiler. Soň dili siňňiliň biri „Goşgularyňy öýüňdäki durmuşyňa dözmän çap edýärler“ diýen manydaky gürrüňi onuň gulagyna ýetirdi. „Goşgularymyň öýüme näme dahyly bar? Bir setirimde-de günümden zeýrenen ýerim ýok“ diýipdi. Emma, şonda-da ýüreginde düwün galdy. Öňküleri ýaly gije ýazan goşgusyny ertesi irden redaksiýa eltmesini, dostlaryna okap bermesini goýdy. Ara eslije maý salyp elten goşgusy çap edilse-de, öňküleri ýaly begenmedi. Öňler elinde goşgusy çykan gazet, awtobusda barýarka, ýolagçylary ýörite synlardy. Olardan bolmanda biriniň goşgularyny okap barýanyny göresi gelerdi. Bolmanda bir adam... Emma, özünden başga hiç kimiň elinde goşgulary çykan gazet ýokdy. „Zyýany ýok, öýlerine bararlar, poçta gelendir. Iş ýerlerine gazet gelýändir. Açarlar, okarlar...“ diýerdi. O günlerden bäri näçe ýyllar geçdi! Näçe gazetlerde, näçe žurnallarda goşgulary çykdy. Bir okyjysyndan: „Goşgularyňy yzygider okaýan“ diýen hatam alyp gördi. Mekdebi gutaraly esli ýyl görüşmedik klasdaşlaryndan birine duşanda: „Şindem goşgy ýazyp ýörmüň?“ sözünem eşitdi... Ol aýnadaky höwrüne bakdy. Honha, ýitisi gaýdyşan göreçler, äýneginiň aşagynda hasam pökgi görünýän halka. Duluklarynda dörän uzyn, galyň gasyn. Hemmesi gussa. Çalaran saçlary biraz düşüp, giňän maňlaýyndaky inçejik ýygyrtlara çenli hemmesi gussa... Ýene-de öz göwnüni özi götermäge durdy. Içinden: „Şu ýygyrtlar, gasynlar bolmasa ýüzüm artylan käşir ýaly has betnyşan görünmezmi? Iki gaşyň arasyndaky dik ýygyrda seret, ol dagy Wan Goguňam elinden gelmez! Bolsa-bolsun gussa... Gussaly-da bolsa, bu men. Meniň özüm“. Çäýnegi stoluň üstünde goýup „garrapsyň“ diýen aýalynyň naýynjar bakyp ondan üýtgeşik bir jogaba, hereketlere garaşýarka, ýerinden turmaga ýetişmediksirän bolany onuň ýene endamyny düýrükdirdi. Arabasyndan ýapyşyp ony saklamak beýle-de dursun, „Özüň näme?“ diýenine utanjyndan gabagynam galdyryp bilmedi. „Alkymymda duran aýalyma, mundan öň ýetmiş gezek dadyna ýetişen aýalyma bu gün näme ýetişip bilmedim?“ „Garraýdymmykam? Saçlarym çalarypdyr, ýüzüm ýygyrt-ýygrt... Şular sebäplimi men garry? Ýaşyma seretseňem hemme zat dogry! Eýýäm elliden geçipdirin. Ýöne, men iliň diýýän ellisini geçmek beýle-de dursun, oňa ýetibem bilemok ahyryn! Sen ony bilýäňä, keýwanyjygym. Saç ak boldy näme, gara boldy näme? Buýra-buýra boldy näme, düşe-düşe selçeňlän boldy näme? Tüý – tüýdürdä! Şonuň üçinem beýle çalt ýüzüňi sowup gitmek bormy? Äý...“ „Äý-den“ soň elini salganda, aýnadaky şekilem onuň pikirlerini tassyklaýan ýaly elini salgap goýberdi. Ol ýerinden turup aýna has ýakyn bardy. Äýnegini aýyryp ýene gözlerine bakdy. Soňam: „Sen hiç wagt kejime gitmeýäň. Sözümi tassyklaňda-da ýaranjaňlyk edeňok“. Ol aýna bakyp gaşlaryny ýazdy. Aýnasam oňa ýazylyp jogap berdi. Aýnasynyň bolşuna başyny ýaýkap, barşyna stolunyň aňyrsyna geçdi. Onuň başyny ýaýkap, baryşy aýnasynda-da gaýtalandy. Tas erteki ýazmasyny goýup garrylyk, aýaly hakyndaky pikirlerini kagyza geçirmäge oturypdy. Emma içindäki özi razylaşmady. „Özüni aklajak bolup ýazylýan ýazgylara meňzär-dä“ diýip, bu pikirinden el çekdirdi. „Aýalymam garry diýýän bolsa, diýmek garrandyryn...“ Hälki keýpihonlugyndan nam-nyşan galmady. „Hakykatda bu dünýede garry ýa-da ýaş diýlen zat ýok. Köp ýaşan bar, az ýaşan bar. Ýaşym, inimiňkiden uly bolup biler. Ýöne, men ondan garry däl.“ Özi bilmän baldyryna eli bardy. Ýüzünde hem gijisini basmaga hyjuw, hem ejir bardy. Ýüregindäkini diýip düşündirip bilmeýäniň ejiri, gaşanyp gijisini ýatyryp bilmeýäniň ejiri. Ahyry gijisi biraz kepän ýaly etdi. Galamyny eline aldy. Alsa-da, sakaw adam ýaly birbada hiç zat ýazyp bilmedi. Birdenem ýazmaga başlady. Ertekim gara gazana derek ak antenaly, Jemşiidň jamyna derek, dünýä bilen habarlaşdyryp duran internetli, kompýuterli döwrüň ertekisi ahyryn?! Şeýle döwürde bir bar eken, bir ýok eken diýip ertekä başalamagyň özem bir erteki. Ata-babalarymyzdan hernäçe ozdurdykmykak diýsegem olar ýene öňde. Görüň ahyryn, mundan täzeçil edip aýtmak mümkin däl – bir bar eken, bir ýok eken. Hem bar, hem ýok. Ýa-da bir-ä „bar“, birem „ýok“. Ýa-da şol bir zat birden-ä bar bolup dur, birdenem ýok. Ýa-da „men saňa bar zadyň gürrüňini bereýin, ýöne aslynda, ol ýokdur“. Ýa-da tersine. Nähili düşünseň düşünip oturmaly! Ertekisiniň birinji abzasyny ýazanyna biraz ynjaldy. Emma işiň kyny indi başlanýar. „Bir bar eken, bir ýok eken“ diýdiňem-dä, onsoň näme? Özüň oňa nähili düşündiň? Nähili düşündirjek? Goşguda aňsat. Başlap bilseň yzy öz-özi geliberýär. Bu gezek aýna däl-de, penjireden görünýän görnüşe bakdy. Arman golaýdan gowy görýän gözleri uzakdaky şekilleri äýnegini dakynsyn-dakynmasyn o diýen saýgaryp bilmeýärdi. Öýleri baýryň gerşinde ýerleşensoň penjiresinden birgiden jaýlaryň üçegi görünýärdi. Jaýlardan aňyrdaky uzaga ýaýylyp ýatan görnüş ümezläp ümür-dumanyň içinde galýar. Bu ümezleşigi içine sorjak bolan ýaly ol haşylap goýberdi. Ertekiň dowamy geläýen ýaly? 

(Dowamy bar)

92 |