Talyp
Kurslara gatnaman özbaşdak dil öwrenip bolarmy?!
4 minut alar
Salam mähriban adamlar. Adamlar iňlis dilini ýa-da başga bir dili derejesiz öýde, daşyndan hiç bir okuw merkezine ýa-da hiç bir dilçi mugallyma gatnaman öwrenip ýokary netijeleri gazanmak isleýärler.
Daşary ýurt dilini öwrenmek isleýänlere maslahatym, okuw merkezinde dil öwreniň. Öýde özbaşdak daşary ýurt diline öwrenjek bolup ýapyşmaň. Siz garaşan netijäňize öýde özbaşdak gazanyp bilmeýärsiňiz. Biz hemişe pedagoglaryň kömegine mätaçdiris. Sebäbi olar biziň ýörän ýolymyzdan bir wagtlar ýöräp geçdi.
Dil öwreniň. Sebäbi häzir tehnologiýalaryň täze täze görnüşleri çykyp ösüp barýar. Elbetde biz hem şu döwrebap tehnologiýalardan baş alyp çykmagymyz gerek. Baş alyp çykmagymyz üçin biz daşary ýurt dillerini bilmelidiris. Sebäbi döwrebap tehnologiýalar öz ene diliňde gurnalan däldir.
Ýene-de bir hakykat daşary ýurt dilini bilýän adam hiç haçan daşary ýurda iş sapary ýa-da gezelenje giden wagty kösenýän daldir. Sebäbi sen daşary ýurt dilini bilseň, şol döwletiň däp-dessuryny, medeniýetini hem öwrenýäň. Dil bilseň hiç haçan zyýany degmezdir.
Sorag: Iňlis dilini ýa-da başga bir daşary ýurt dilini öýde mugallymsyz ýa-da daşyndan okuw merkezine gatnaman öwrenip ýokary netijeleri gazanyp bolarmy?
Jogap: Meniň pikirimçe "Ýok"
Eger iňlis dilini ýa-da başga dili öwrenýänler bar bolsa bu soragyň jogaby bilen höwesiňizden gaçyrjak bolamok! Gaýtam öýüňizde öwrenjek bolup sarp edýän wagtyňyzy,okuw merkezine sarp ediň. Bu soragyň jogaby meniň durmuş tejribämden alnan bir delildir. Ilki bilen birinji düşünmeli zadymyz dil-bu näme? Dil-bu seniň durmuşyňda adamlar bilen aragatnaşyk saklamaga, pikir alyşmaga, öz içki duýgularyňy beýan etmäge ýardam berýän esasy guralyňdyr.
Indi bolsa ýokarda agzalan soragyň jogabyny delillendirip siziň dykgatyňyza ýetirmek isleýärin.
Iki ýyl mundan ozal men hem iller ýaly öýde iňlis dilini öwrenjek bolup başladym. Deň-duşlarymdan bir-iki sanagy iňlis dilini okuw merkezlerinde, bir-iki sanagy bolsa öýde özleri öwrenýärdiriler. Biz öýde öwrenýänler, okuw merkezinde okaýan deňduşlarymyz bilen deň günde iňlis dilini öwrenip başladyk. Men-ä okuw kitaplaryny okan boldum, wideo-sapaklary gören boldum, iňlis dilinde filmleri gören boldum. Garaz şeýdip üç aýymyz geçdi. Soňra men ýaňky okuw merkezindäki deň-duşlarymyz bilen netijelerimiz barada söhbetdeşlik geçirdik. Ýöne biziň ikimiz hem deň günden öwrenip başlan bolsagam ol menden hemmetaraplaýyn ökde gelýärdi. Munuň syry nämekä? –diýip sorapdym.
Şonda maňa deň- duşlarym okuw merkezinde okap başlanyňda hemme zada düşünersiň diýip aýtdylar. Şondan soň men okuw merkezinden iňlis dilini öwrenip başladym. Seredip dursam öýde öwrenen zatlarym hiç zadam däleken.
Men özüme gerek soraglarymyň ählisine jogap tapdym. Diýmek biz öýde özbaşdak dil öwrenenimizde bize talap düýbünden ýok eken. Biz hiç kim bilen öwren zadymyzy speaking (söhbetdeşlik) edip bilemizok. Öwrenen zadymyzy haçan we nirede ulanmagymyzy kän düşünemizok.
Eger-de biz okuw merkezinde bilim alyp başlanymyzda biziň derejämize (level) görä okuw sapaklaryny berýärler. Biziň üçin bir aýratyn pedagog mugallym berkidilýär. Pedagog mugallymlar dil öwretmegiň giň metodikalaryny bilýärler. Pedagoglar hemişe dil öwrenýänleriň ýalňyşynyň üstünde işlemäge ýardam berýärler.
Okuw merkezde bilim alýan wagtyň uly ýaşly adamlar bilen ýa-da öz deň duşlarymyz bilen pikir alyşyp bilýäris (exchange of ideas). Şonda seniň höwesiň mundanam beter artýar.
Biziň esasy ýatdan çykarmaly däl zadymyzam, ol öwrenýän dilimizde gürleýşimizdir (speaking). Eger –de biz öýde ýeke özümiz dil öwrenip başlasak, onda biziň jemgyýetiň öňünde pikir alypşyp-çalşygymyz, jemgyýet bilen aragatnaşygymyz düýbünden pes bolýar. Sebäbi sen öýde hiç kim bilen gepleşik geçireňok. Birdenem seniň öňüňden bir daşary ýurtly adam çyksa sen oňuň bilen gürleşip bilmeýäň. Sebäbi sende utanjaňlyk has ýokary bolýar. Öz beýniňde “Şu adam bilen gürleşsem, men sözleri ýalňyş aýdaryn” diýen kararsyz sözleri özüňe berip başlarsyň. Okuw merkezinde bolsa pedagoglar hemişe saňa dogry usulda motiwatsiýa berýärler. Öýde saňa motiwatsany kim bersin.
Ýöne ýene bir bellemeli zadymyz,okuw merkezinde okap bilim alan derejeli adamlaryň arasynda doly derejede daşary ýurt dilinde gürläp bilmeýänler az däldir. gurnaklar geçirilýär (Speaking club).
Men häzirki wagtda Päk nesil okuw merkezinde iňlis dilini öwrenýärin. Meniň häzirki derejäm bolsa (Advanced). Bu derejelere ýetmek maňa aňsat bolmady. Sebäbi her bir derejäniň (level) öz boluşly aýratynlygy bardyr. Men şu wagt öz netijelerim bilen buýsanýaryn. Sebäbi men öz ýalňyşlyklarymyň üstünde işledim. Iňlis dilinde suwara gürläp öz içki dünýämi düşündirip bilýärin. Egerde biz öýde özbaşdak bu derejelere görä okap başarmarys. Maňa iňlis dilini erkin we dogry gürlemegi öwreden pedagog mugallym bolsa Röwşen Agahanowdyr.
Eger siz birnäçe dil bilseňiz, sizde birnäçe dogry dünýägaraýşlar bolar.. Üstünlikler hemişe rowana bolsun.Üns berip okanyňyz üçin sag boluň.
Dogry netije çykarmana çalyşyň.