Esasy höwes hemem krugyň şol dilde bolmaly men öýde ine biraz parsça owrendim aýdymlaryny diňleýän şu wagt hem! İň gowy dil pars we arap şolary öwrenip bilsem, ýöne gatnap öýde öwrenmek mümkin däl gowy bu dilleri!

Aý mena rus dilini kakam gatnadybildi kursa pak nesilde bir kurs okadym 11-12 ýaşlarymda diňe esasy sözleri owretdi geplesmani wapse öwrenmedim, gaýtam kakamdan igenç baryny eştidm (pul gitýär biderek we şm) ozumdede höwes ýokdy şoňa ýöne soň gerek bolsa öwrenýän ekeniň, repetitor hem tutdum 1-2 aý biraz ondan soňam kino gördüm kän düşünip ugradym, 15-16 ýaşda doly, soň ýokary okuw jaýda öz hünär mugallymym orsdy näalaç öwrenmeli bolyanda öwrenip gitdik, indi Hudaýa şükür professional şuwagta bolmasa-da derdimi düşündirip bilýän orsça ýazyp, konkursa gatnaşyp ýer hem alyp ýörüs, gowy düşünýän we gepleýän! (Şonda-da kakamyň kän göwni yetenok bilemok oza)

Adamyň tebigatyna görä üýtgeýär, özbaşdak we ýolbeletli öwrenmek boýunça.

Aýdanlarynyzyň köpüsine goşulýan,emma mümkinçiligiň bar bolsa hemem özüne maksat edinip hyjuwly ýapyşsaň öýdede ýeterlik mukdarda öňe gidişlik bolýar. Eger özümden meselem getirmeli bolsa 2.5 ýyl kursa(Zehin ýoluna) gatnap gaty gowy bilýan tanşym bar we ol şu TOEFl'da 86 aldy.Ýene bir tanşym diňe oýünde okap, iňlisçe kitaplar, online söhbetdeşlik,daşary ýurt film, wideo- rolik... we netije 103. Ýagny:" Yhlas bilen aglasaň sokar gözden ýaş çykar!

Görýän welin, pikirdeşlerim bar eken. Prowokasiýa diýäýdimi?! 😂

kursdakylara senin dili owrenip owrenmanin gyzykly dal. esasy jubun gyzykly. ozbashdak oyde owrenenin yagshy

Arada gyzlaň birinden soradym: "jigimi gatnatjak, haýsy has gowy" dp, "gujurly bilen päk nesliň hersiniň ýeri aýry meň üçin diýdi". Menem körpe jigime "özbaşdak öýde öwrenäýsene" diýsem müň bahana tapýar, ýokardaky ýaly. 2-3 aý mundan öň depder tutundym: "iňlis, nemes, italýan, ispan" dillerinden sözlük, window, porte... diýen bolup ony-muny eden bolup ýörkäm gaýtalaýan. Bir gezek töweregimdäki zatlara elimi uzadyp ýaňky dillerde daşymdan aýdyp durdym. Ýadymda galşyna begenýändirin-dä, sesimem gatalan ýaly, gapydan 3 sany nätänyş adamyň gireninem bilmändirin. Menem-ä erbet utandym wln, olaram birhili däli gören ýaly boldy öýdýän.

Yhlasy we zehini bar bolsa, 3 aýlap özüni biraz gynasa öýünde-de öwrenip bilýär.

Salam! Öýde özbaşdak dil öwrenip bolýar. Hat-da bir däl, 3-5 dil hem öwrenip bolýar. Kursa gatnap dil öwrenmek, elbetde, başga zat. Kursa gatnap has netijeli we tiz öwrenip bolýar (diňe dil däl, hemme zady şeýle). Ýöne bu diýildigi dili diňe kursa gatnap öwrenip bolýar diýen manyny bermeýär. Beýle diýmek bilen siz birnäçe özbaşdak dil öwrenmäge synanyşýan we yhlasly bar bolan ýaşlarymyzyň höwesini gaçyrmagyňyz mümkin. Aslynda hemme zadyň hem höwesjeň (söýüjilik ýa-da любительский) derejesi we ökdelik (professional) derejesi bar. Öýde öwrenen adatça, höwesjeň derejesinde galýar. Ökdelemesi üçin öwrenen maglumatlaryny ulanmaly bolýar. Öýde öwrenýänler siz arkaýyn boluň Amerika düşseňiz siz özbaşdak öwrenenleriňiz bilen ol ýerde ýaşap bilýäňiz

Ýüklenýär...