Durnukly ösüş maksatlary
1 minut alar
Iýun aýynda BAE-nyň ilçihanasynda BMG-nyň howanyň üýtgemegi konferensiýasyna (COP) bagyşlanan “Dubaýdan Bakuwa barýan ýol: COP29 taýýarlyk” atly ýygnak geçirildi. Bu ýerdäki ýaşlar howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri we bu işdäki ornuny işjeň ara alyp maslahatlaşdylar. Bu waka, Bakuwda boljak COP29-zy üstünlikli geçirmek üçin möhüm ädim boldy.
Şeýle hem, iýun aýynda Aşgabatda “Täze DÖM ilçileriň” (Durnukly ösüş maksatlar) wezipä geçiş dabarasy geçirildi. Durnukly ösüş maksatlary üçin işleýän we daşky gurşawy goramak üçin uly işleri alyp barýan zehinli ýaşlary Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça ilçisi wezipesi berildi. Bu dabara diňe bir resmi çäre bolman, eýsem täze pikirler we işler üçin güýçli katalizator boldy.
Biz, DÖM-nyň 2024-2026-njy ýyllarynyň ýaş ilçileri, tiz wagtyň içinde bilelikdäki taslamalary meýilleşdirip başladyk. Bilimimizi, endiklerimizi, öz şahsy tejribelerimizi we hyjuwymyzy birleşdirip bile işleşmegi makul bildik. Eýýäm iýun-iýul aýlarynda geçirilen ylmy-amaly maslahatlara gatnaşyp, ýylyň dowamynda özgeriş üçin etjek işlerimiziň we geçirjek çärelerimiziň meýilnamasyny taýýarladyk. Biziň öňümizde goýan uly maksatlarymyz we meýilnamalarymyz bar ýagny, durnukly ösüşiň hakyky ilçisi bolmaklyk we dünýäni gowulaşdyrmak ugrunda öz goşandymyzy goşmaklyk. DÖM-nyň ýaş ilçilerini yglan ediş dabarasy içimizdäki uly hyjuwy, joşguny we geljege bolan ynamy oýardy! Biz bileleşmäge we dünýäni gowulaşdyrmaga taýyn!