...

Welbeck Garli

@wgarly

Sessizlik.

Bilmedim. Şu gezekki aýtjaklarym bilen menem ylalaşyp baramok. Ylalaşýanam. Dogram. Ýalňyşam. Bilmedim. Bilemok. Sen aýt. Salamlaşykdan, gepleşigiň adaty "gowumy-gowy"-syndan soň sessiz bolaýsaň soraýar çyny bilen, "gowumy' diýip. Sessiz galmaweri. "Gowy" diý we gürrüňdeşligi başga zada sow derrew. "Gowy" diýseň näme üçin diýmez. Gowy diý, sessiz galan ýaly şol. Hä, erbet bolsam näme üçin aýtmaýyn? Aýt, derdiň ýeňlär. Ýok. Ýeňläýenok. Diýäýjek zady "mes bolýaň" ýa-da "wi ola bolmandyr". Jaň gelýär, näme üçin alaňok? Alsam bergili çykýan.…

Hudaýberdi mugallymyň ýeňilgisi

Makala çap etmedigime 1 ýyl bolup gelýär. Wagt, Aşgabat-Mary awtobanynda mysaly uçup barýar. 18 ýaşymdadyryn öýtsem, 20-lerde aýlanyp ýör ekenim. Bilýän az salymdan 40 hem bolaryn! We men 40-dan gorkýaryn. 18 ýaşyma çenli bolup geçen ähli zadym ýadymda. Sebäbi, şeýle bir gyzykly geçdi! Soňa baka bulaşsa-da. Daşary ýurtda geçen iki ýyl bilen, dillerem ýitip barýar. Ne Iňlisçe, ne Türkçe, ne Nemesçe, ne-de Türkmençe doly bilýän indi. Türkmen dilimiň baýlygy entägem ýerindemi şu makalamda göreris. Türkmen…

Arzuw etmek bilen çäkli umyt.

Eýsem, arzuw näme? Adamzat näme üçin arzuw edýär? Umyt näme? Adamzat näme üçin umyt edýär? We arzuw, nädip umyt bilen çäkli bolup bilýär? Arzuw. Arzuw etmeklik üçin höwes we isleg gerek. Öz başarnygyň bilen ýetip biljek ähli zadyňyzy arzuw edip bilersiňiz. Haýsy hem bolsa bir maksada isleg dörese, maksada ýetmeklik üçin höwes dörär. Arzuwyň matematiki formulasy “Arzuw = Isleg + Höwes”-dir. Arzuw etmeklik öz eliňizde. Arzuwa ýetmeklik üçin menziller geçmek ýene öz eliňizde. Umyt. Umyt…

"White House?!"

Ähli makalamyň ilkinji sözlemini ýazmak her gezek agyr düşýär. Näme diýip başlajagymy bilemok. Hormatly okyjym, sabryň üçin minnetdar :) Makalamyň adyna näme üçin “White House?!” goýanyma iň soňunda düşünersiňiz. Size öz maşgalamda bolup geçen kiçiräk wakany aýdyp bermekçi. Eýsem, makalamyň adyny başgaça goýan bolsam has üns çekerdi. Ýöne men spoiler bermäni halamok. Ejem bilen kakamyň öz aralaryndaky ýumorjyklar meni mydam şadyýan edýär. Kiçi-kiçi jedeljikler, prikollar, “roasting”-lar howada uçýar. Ahyrynda hemme zat türkleriň aýdyşy ýaly “Tatlıya…