
Post

8 jogap
Döwrümiziň iň gowy tankydy. Berekella, jan Jennet 😅! Garaz, gysgaça diýiljek bolýanyna düşündim. Mata bolsaň mata bol welin, bular ýaly gödek meňzetmäni men-ä kän halamadym (subýektiw düşünje). Ýöne mazmunyna seretseň, gaty çuň we ýürekden ýazylypdyr. Men bu obrazlar bilen häzirki döwürde gyzlarymyzyň hal-ahwalynyň beýan edilmegini üýtgeşik we täsirli gördüm. Ýöne mata däl, alyp matany dikinjek bolýanlaryňam halyndan habar alsaň diýýän?! Meselem, men 7 aý bäri köýnek dikineýin diýýän welin, tüýs isleýän matamy tapmadym, has dogrusy, matalar meň maşynymda tikilmek islänok ekenler, atelýemdäki şertler gowy däl eken we ş.m... Matalar!!! Tikinçileriň hünär derejesine elinde bar bolan tehnika görä baha bermäň!
Hawa, ylalaşýaryn! Minnetdar. Üýtgeşik seredýän ekeniňiz wakalara. Meniň pikirimçe sizde ýazyjynyň gözi bar. We dialoglaryň durmuşdan alynandygy meni geň galdyrmady diýsem ýalançy bolaryn. Gaty täsin gurşawda ýaşaýan ekeniňiz 😅
Täsin ideýaly hekaýa. Gelşipdir. Gelşiribem ýazylypdyr. Berekella. Nik bilen däl-de hut öz adyň bilen ýazyp goýanyňda-da utanman, gysynman "hekaýa" diýip boljak hekaýa ekeni.
At bolsun, nik bolsun, özüm üçin-ä tapawudy ýok-la. Ýöne, şunuň ýaly janyndan syzdyryp ýazylan hem-de hekaýa görnüşine getirilen içdökme diňe wirtual däl-de real awtorly bolsa, özümiň-ä göwnüme jaý boldy. Hekaýaňyza Ylýas aganyň düşünişi we ony kabul edişi bolsa - tebigy hadysa. Aslynda islendik eser, awtoryň göwnünden syzylyp, kagyza geçenden hem köpe ýaýradylandan soň birwagtda üç aspektde (röwüşde) "ýaşamaga" başlaýar: 1.Awtoryň eserini özüniň kabul edişine we düşünişine görä; 2.Okyjylaryň her biriniň şahsy kabul edişine we düşünişine görä; 3.Köpçüligiň (jemagatyň) umumylykda kabul edişine we düşünişine görä. Bu üç aspektem biri-birinden ýer bilen gök ýaly tapawutlanyp bilýär.
Gyzlarymyz mata, ýigitlerimizem esgi bolaýdymyka? Eger şeýle bolsa gynandyrýar. Ýöne edil beýle-de dälmikä diýýän.
Gaş reňkletmezlikden başlap, ,,kiçijik gyzjagaz ýaly duýýan özümi" ýerine çenli ýürege ýakyn jümleler.Jemgyýetimizde gyz orta mekdebi gutaran badyna durmuşa çykmaga iterilip başlanýar.Il deňinde çykmasaň ,,bazaryň" gider, müjerret ötersiň ýaly jümleleri göni ýa gytaklaýyn aňastyna ýerleşdirýärler.Günbatar ýurtlarynda 30 ýaşa ýakynlap durmuş gurýarlar.A bizde özüni kiçijik gyzjagaz ýaly duýýanlaryň: durmuşa, eje bolmaga, aýratyn hojalyk gurmaga, kynçylyklara, gelin bolup uly jemgyýetiň içine goşulmak jogapkärçiligi ýaly borçlaryna we ş.m-lere taýýar däldigi hakda gyzyklanmaýarlar.30 ýaşda durmuşa çykanlary bolsa Anderseniň ,,Betnyşan ördejigi" ýaly kemsitmäge çalyşýarlar...
Meñ pikirimçe yaş kän bir möhüm däl. 18em bolup biler, 28em. İlden kem galmajak bolmagam bar bir tarapdan. Olam çykardy menem çykarjak. Ya gyzlar diysen gyzlar. "Hany o bolşy bn kime baryaka göreli" we.s.m. Gyzlara köplenç esasy mesele pul. Pul bolsa galan zadyñ bir alajy bolyar dp pikir edyäler.(iñ bolmanda meñ tanayanlarmyñ kopusi) Yañy bir pylany pylana gudaçylyga barypdyr diyilse, añyrsyny bilmän: "Dagam barar, pylanhili jaylary, pismydan hili maşynlary, pullary bar" diyyäler. Barmayanyny eşidibem: "Beyle özüne nâmemikâmdir oydyarkâ"diyilyar. Şu temada iñ gowsy hiç zat gürlemezlik yaly görünyä köplenç. Barybirem saña düsinyan yok diyerlik derejede. Her gepiñi her kimem bir tarapdan kesä çekesi gelyär.
Ideýa we pikir gowy, emma bulary edebi janyrda beýan etmek üçin taraşlamak gerek. Durmuşdan alýan mysallaryň hakykatdanam peýdaly, emma muny has oňat beýan edip bolsa azabyň ýerine düşdügi bolar. Dowam et nesip bolsa ösüşler hökman bolar.
Gavtalanvan pikirler we sözler bar. Muny hekaýa hökmünde däl-de içgepletme hökmünde ýerleşdirmeli eken. Mataň üsti bilen düşündirmäge çalyşaýyn. Biz mata özüne näçe gezek "men ýüpek" diýse-de ol bizligine-de galýar.
Bu hekaýa, şahsy ösüş we jemgyýetçilik talaplarynyň arasyndaky dartgynlylygy çeperçilikli we özboluşly bir usulda beýan edýär
käwagt öteräk öwseler "çyndanam men şeyle birimikâm" dp ugrayan;) yazmaga höweslendiriji sözleriñize minnetdar!
