Post
Täsin ideýaly hekaýa. Gelşipdir. Gelşiribem ýazylypdyr. Berekella. Nik bilen däl-de hut öz adyň bilen ýazyp goýanyňda-da utanman, gysynman "hekaýa" diýip boljak hekaýa ekeni.
4 jogap
Fransuz ýazyjysy, filosofy, Bernard Werberiň (18.09.1961ý.d.) bir sözi bar: “Meň pikir edýän zadymyň, Meň aýtmak isleýän zadymyň, Meň göwnüme bolmasa, diýip duran zadymyň, Meň hakykat-da diýip duran zadymyň, Siziň eşidesiňiz gelýän zadyňyzyň, Siziň göwnüňize bolmasa, eşidip duran zadyňyzyň, hem-de siziň düşünesiňiz gelýän zadyňyzyň, Siziň düşünip duran zadyňyzyň arasynda, düşünişmezligiň döremeginiň 10 görnüşi (warianty) dur. Ýöne, onda-da, barybir, geliň synanyşalyň...”... (Perişdeleň şalarşalygy (imperiýasy). Fransuzça: L’Empire des anges – 2000).
Ýazmak pişesi bilen çynlakaý meşgullanjak bolsaňam, şuňa mydama kaýyl bolmaly, taýyn bolmaly, hatda öz edýän, köplenç bigadyr işiňden ilkibaşda ýazyp başlanyňdaky ýaly lezzet almagyňy dowam etmek isleseň, muňa maýylam bolmaly :-(.
At bolsun, nik bolsun, özüm üçin-ä tapawudy ýok-la. Ýöne, şunuň ýaly janyndan syzdyryp ýazylan hem-de hekaýa görnüşine getirilen içdökme diňe wirtual däl-de real awtorly bolsa, özümiň-ä göwnüme jaý boldy. Hekaýaňyza Ylýas aganyň düşünişi we ony kabul edişi bolsa - tebigy hadysa. Aslynda islendik eser, awtoryň göwnünden syzylyp, kagyza geçenden hem köpe ýaýradylandan soň birwagtda üç aspektde (röwüşde) "ýaşamaga" başlaýar: 1.Awtoryň eserini özüniň kabul edişine we düşünişine görä; 2.Okyjylaryň her biriniň şahsy kabul edişine we düşünişine görä; 3.Köpçüligiň (jemagatyň) umumylykda kabul edişine we düşünişine görä. Bu üç aspektem biri-birinden ýer bilen gök ýaly tapawutlanyp bilýär.
Seslenenñize köp minnetdardyryn Serdar aga. Aslynda ulyrak bir zadyñ synanşyklarydy hekaya. Näme aytjak bolyanymy bilyän-de, nädip aytmañ ebeteyini tapamok. (nik barada bolsa, Jennediñ öñündaki j.a.n at-familyan baş harplary, ozallar widyo alyp-nahar bisirip, tikin tikip,montaj edip yuzine jan jennet dp yazardym.-hiç yerde goyamokdymam wln, güymenjedi- Şol gidibersin-le dp, yazaypdym bârde de, adyñ yzyndan familya hökmanam däl dpdim)
