Post
Täsin ideýaly hekaýa. Gelşipdir. Gelşiribem ýazylypdyr. Berekella. Nik bilen däl-de hut öz adyň bilen ýazyp goýanyňda-da utanman, gysynman "hekaýa" diýip boljak hekaýa ekeni.
At bolsun, nik bolsun, özüm üçin-ä tapawudy ýok-la. Ýöne, şunuň ýaly janyndan syzdyryp ýazylan hem-de hekaýa görnüşine getirilen içdökme diňe wirtual däl-de real awtorly bolsa, özümiň-ä göwnüme jaý boldy. Hekaýaňyza Ylýas aganyň düşünişi we ony kabul edişi bolsa - tebigy hadysa. Aslynda islendik eser, awtoryň göwnünden syzylyp, kagyza geçenden hem köpe ýaýradylandan soň birwagtda üç aspektde (röwüşde) "ýaşamaga" başlaýar: 1.Awtoryň eserini özüniň kabul edişine we düşünişine görä; 2.Okyjylaryň her biriniň şahsy kabul edişine we düşünişine görä; 3.Köpçüligiň (jemagatyň) umumylykda kabul edişine we düşünişine görä. Bu üç aspektem biri-birinden ýer bilen gök ýaly tapawutlanyp bilýär.
0 jogap
Entek jogap ýok. Ilkinji bolup jogap beriň.
