Post
Döwrümiziň iň gowy tankydy. Berekella, jan Jennet 😅! Garaz, gysgaça diýiljek bolýanyna düşündim. Mata bolsaň mata bol welin, bular ýaly gödek meňzetmäni men-ä kän halamadym (subýektiw düşünje). Ýöne mazmunyna seretseň, gaty çuň we ýürekden ýazylypdyr. Men bu obrazlar bilen häzirki döwürde gyzlarymyzyň hal-ahwalynyň beýan edilmegini üýtgeşik we täsirli gördüm. Ýöne mata däl, alyp matany dikinjek bolýanlaryňam halyndan habar alsaň diýýän?! Meselem, men 7 aý bäri köýnek dikineýin diýýän welin, tüýs isleýän matamy tapmadym, has dogrusy, matalar meň maşynymda tikilmek islänok ekenler, atelýemdäki şertler gowy däl eken we ş.m... Matalar!!! Tikinçileriň hünär derejesine elinde bar bolan tehnika görä baha bermäň!
3 jogap
Hawa, ylalaşýaryn! Minnetdar. Üýtgeşik seredýän ekeniňiz wakalara. Meniň pikirimçe sizde ýazyjynyň gözi bar. We dialoglaryň durmuşdan alynandygy meni geň galdyrmady diýsem ýalançy bolaryn. Gaty täsin gurşawda ýaşaýan ekeniňiz 😅
Sagboluň! Köp minnetdar. Aslynda diýaloglar göni durmuşdan göçürme. Meselemiňiz gowy pikir eken. Nesip bolsa, ýazmakçy şu temadan köpräk. Arasynda ýazanňy paýlaşyp, şeýleräk teswirleri okamak, has ruhlandyrýa.
