Gir

Post

Gaş reňkletmezlikden başlap, ,,kiçijik gyzjagaz ýaly duýýan özümi" ýerine çenli ýürege ýakyn jümleler.Jemgyýetimizde gyz orta mekdebi gutaran badyna durmuşa çykmaga iterilip başlanýar.Il deňinde çykmasaň ,,bazaryň" gider, müjerret ötersiň ýaly jümleleri göni ýa gytaklaýyn aňastyna ýerleşdirýärler.Günbatar ýurtlarynda 30 ýaşa ýakynlap durmuş gurýarlar.A bizde özüni kiçijik gyzjagaz ýaly duýýanlaryň: durmuşa, eje bolmaga, aýratyn hojalyk gurmaga, kynçylyklara, gelin bolup uly jemgyýetiň içine goşulmak jogapkärçiligi ýaly borçlaryna we ş.m-lere taýýar däldigi hakda gyzyklanmaýarlar.30 ýaşda durmuşa çykanlary bolsa Anderseniň ,,Betnyşan ördejigi" ýaly kemsitmäge çalyşýarlar...

3 jogap

Hemme zadyň wagty ýagşy... Men-ä 30-undaky zenany "Cinderella" bolsa-da almazdym) Biziň mentalitetimizde wagty bilen durmuşa çykmak ýerlikli hasaplanylýar. 25-26-dan gijikmek eýýäm gelşiksiz mençe

"Iterlenok", özleri höwesek.) Okan ýerimde (olam diňe meniň okam ýerimde başyma geläýýär) kursdaş gyzlarymyzyň aglabasy şolar ýaly düşünjä eýedi, "äre çykda" diýişýärdiler biri-birine, we gara çyny bilen aýdýardylar. Aralarynda "okuwy gutarsam äre barjak" diýýänem bar, ýyllary hem 03-01 aralygynda üýtgeýär. "Ärde näme bar-aý?" diýip düşündiribem bolanok. Ýa-da ýörjen-ýörjen 09-12 aralygy gyzjagazlaram söýgili tapyşyp, aýrylyp ýörler, biz şu ýaşymyza çenli bir gezek ýanmadyk olar 4-5 sapar ýanyp-bişip, ol tejribäni gazanan.) Bulam sowatlylyk bilen bagly welin, bor-da hemme zadam oňa baglap durmaly gowsy.

Meñ pikirimçe yaş kän bir möhüm däl. 18em bolup biler, 28em. İlden kem galmajak bolmagam bar bir tarapdan. Olam çykardy menem çykarjak. Ya gyzlar diysen gyzlar. "Hany o bolşy bn kime baryaka göreli" we.s.m. Gyzlara köplenç esasy mesele pul. Pul bolsa galan zadyñ bir alajy bolyar dp pikir edyäler.(iñ bolmanda meñ tanayanlarmyñ kopusi) Yañy bir pylany pylana gudaçylyga barypdyr diyilse, añyrsyny bilmän: "Dagam barar, pylanhili jaylary, pismydan hili maşynlary, pullary bar" diyyäler. Barmayanyny eşidibem: "Beyle özüne nâmemikâmdir oydyarkâ"diyilyar. Şu temada iñ gowsy hiç zat gürlemezlik yaly görünyä köplenç. Barybirem saña düsinyan yok diyerlik derejede. Her gepiñi her kimem bir tarapdan kesä çekesi gelyär.

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç