Post
Gaş reňkletmezlikden başlap, ,,kiçijik gyzjagaz ýaly duýýan özümi" ýerine çenli ýürege ýakyn jümleler.Jemgyýetimizde gyz orta mekdebi gutaran badyna durmuşa çykmaga iterilip başlanýar.Il deňinde çykmasaň ,,bazaryň" gider, müjerret ötersiň ýaly jümleleri göni ýa gytaklaýyn aňastyna ýerleşdirýärler.Günbatar ýurtlarynda 30 ýaşa ýakynlap durmuş gurýarlar.A bizde özüni kiçijik gyzjagaz ýaly duýýanlaryň: durmuşa, eje bolmaga, aýratyn hojalyk gurmaga, kynçylyklara, gelin bolup uly jemgyýetiň içine goşulmak jogapkärçiligi ýaly borçlaryna we ş.m-lere taýýar däldigi hakda gyzyklanmaýarlar.30 ýaşda durmuşa çykanlary bolsa Anderseniň ,,Betnyşan ördejigi" ýaly kemsitmäge çalyşýarlar...
Hemme zadyň wagty ýagşy... Men-ä 30-undaky zenany "Cinderella" bolsa-da almazdym) Biziň mentalitetimizde wagty bilen durmuşa çykmak ýerlikli hasaplanylýar. 25-26-dan gijikmek eýýäm gelşiksiz mençe
0 jogap
Entek jogap ýok. Ilkinji bolup jogap beriň.
