Post
Gaş reňkletmezlikden başlap, ,,kiçijik gyzjagaz ýaly duýýan özümi" ýerine çenli ýürege ýakyn jümleler.Jemgyýetimizde gyz orta mekdebi gutaran badyna durmuşa çykmaga iterilip başlanýar.Il deňinde çykmasaň ,,bazaryň" gider, müjerret ötersiň ýaly jümleleri göni ýa gytaklaýyn aňastyna ýerleşdirýärler.Günbatar ýurtlarynda 30 ýaşa ýakynlap durmuş gurýarlar.A bizde özüni kiçijik gyzjagaz ýaly duýýanlaryň: durmuşa, eje bolmaga, aýratyn hojalyk gurmaga, kynçylyklara, gelin bolup uly jemgyýetiň içine goşulmak jogapkärçiligi ýaly borçlaryna we ş.m-lere taýýar däldigi hakda gyzyklanmaýarlar.30 ýaşda durmuşa çykanlary bolsa Anderseniň ,,Betnyşan ördejigi" ýaly kemsitmäge çalyşýarlar...
"Iterlenok", özleri höwesek.) Okan ýerimde (olam diňe meniň okam ýerimde başyma geläýýär) kursdaş gyzlarymyzyň aglabasy şolar ýaly düşünjä eýedi, "äre çykda" diýişýärdiler biri-birine, we gara çyny bilen aýdýardylar. Aralarynda "okuwy gutarsam äre barjak" diýýänem bar, ýyllary hem 03-01 aralygynda üýtgeýär. "Ärde näme bar-aý?" diýip düşündiribem bolanok. Ýa-da ýörjen-ýörjen 09-12 aralygy gyzjagazlaram söýgili tapyşyp, aýrylyp ýörler, biz şu ýaşymyza çenli bir gezek ýanmadyk olar 4-5 sapar ýanyp-bişip, ol tejribäni gazanan.) Bulam sowatlylyk bilen bagly welin, bor-da hemme zadam oňa baglap durmaly gowsy.
0 jogap
Entek jogap ýok. Ilkinji bolup jogap beriň.
