...

Shasenem Sopyyeva

@Shasenem
Ýazyjy bolmagyň ugrunda

Armanda galan okuw saparlary (2-nji bölüm)

2017-nji ýylyň tomus dynç alşynda ejem we Ejeş ejekem (kakamyň jigisi) bilen myhmançylyga gitdik we ol ýerde aşgazanyma sygmasada zaýa etmejek bolup dogramany soňuna çenli iýdim. Ýolda daş çykasym geldi, emma ejemiň ejekem bilen ýene bir ýerlere degmek kararyna ýok diýip bilmän, öýe barýançam çydadym. Içim çişip gitdi, ahyr zordan öýe ýetdim. Agşam ýene içim çişip ýatyp bilmedim, aňyryma-bärime togalanyp özüme ýer tapmadym. Ýüregim bulanyp, demim demime ýetmän ugranda ejemi turuzyp, tiz kömegi çagyrmagyny haýyş…

Durmuş gymmatlyklary

Öý ojagynda mamasynyň ýürekli gyzy hökmünde tanalýan Şasenem ýokary okuw jaýyna girip, özüniň durmuş gymmatlyklaryny has içgin öwremmäge başlady. Okuw döwürlerinde her gününi many-mazmuna bulaşdyryp, netijeli bir zatlaryň amala aşmagyna ygrarly bolan birisi üçin uniwersitetdäki gyz maşgalalaryň edýän gep-gürrüňleri onuň üçin asla gyzyksyzdy. Käte-käteler KÄBIR gyz deň-duşlary oturyp toý, zat geçdi, altyn, galyň, gaýyn we maşgala durmuşy ýaly mowzuklarda gepleşikleri alyp baranlarynda Şasenemiň ýüregi gysylyp, dünýäsi daralýan ýaly bolýardy. Ylyma-bilime tarap aýak depýän adam taryh,…

Bagtyň birine garaşlylygy

Birnäçe asyrlaryň dowamynda şahyrlar, beýik pelsepeçiler we adaty adamlar söýgüniň nähili derejede ýakymly, eziz, täsirli we ýürek tolgundyryjy duýgudygyny belläp geçýärler. Olar ol duýgudan ejir çekendiklerini birnäçe şahyrana setirleriň üsti bilen hem beýan edýärler. Men söýginiň özüm üçin gaty şahsy temalaryň biri bolanlygy sebäpli, ony ejem-kakam ýa-da dost-ýarlarym bilen ara alyp maslahatlaşardan daşda görýärin. Birini özüňden beter söýmegiň zyýanlary onuň peýdalaryndan köp ýaly göwnüme bolmasa. Öz ene-atamyň tejribesinden pikir ýöredip, gündelik durmuşda olaryň özlerini alyp…

Häzirki döwrüň “mentalitetiniň” gurbany ýa-da hiç kime gerekmejek “däp-dessurlar”

Men özüm türkmen hem bolsam, ene-atamyň we köp sanly perzendi bar maşgalalaryň alyp barýan durmuş ýörelgelerini we olaryň türkmençilik bilen musulmançylygy ýa-da däp-dessurlary garyşdyrdyrmalaryna hiç hili açyklama tapyp bilemok. Käbir maşgalalar öz çagalarynyň toýdan soňky durmuşyny ýa göresleri gelenok ýa-da asla pikir edenoklar. Toýdan soň hem durmuş dowam edýär. 21-nji asyryň başlarynda ata-babalardan göz baş alyp, olaryň edenlerine çala üýtgetme girizip, has döwrebaplaşdyryp toý tutmak modasy emele geldi. Il oňlasa atyňy soý diýleni bilen gidip…

Häzirki döwrüň “mentalitetiniň” gurbany ýa-da hiç kime gerekmejek “däp-dessurlar”