Teswirler (4)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ýazyjy bolmagyň ugrunda

Häzirki döwrüň “mentalitetiniň” gurbany ýa-da hiç kime gerekmejek “däp-dessurlar”

3 minut alar

Men özüm türkmen hem bolsam, ene-atamyň we köp sanly perzendi bar maşgalalaryň alyp barýan durmuş ýörelgelerini we olaryň türkmençilik bilen musulmançylygy ýa-da däp-dessurlary garyşdyrdyrmalaryna hiç hili açyklama tapyp bilemok.

Käbir maşgalalar öz çagalarynyň toýdan soňky durmuşyny ýa göresleri gelenok ýa-da asla pikir edenoklar. Toýdan soň hem durmuş dowam edýär. 21-nji asyryň başlarynda ata-babalardan göz baş alyp, olaryň edenlerine çala üýtgetme girizip, has döwrebaplaşdyryp toý tutmak modasy emele geldi. Il oňlasa atyňy soý diýleni bilen gidip ony öldürmeli diýlen zat ýok. Obadaşym etdi, menem etjek, il näme diýer diýip biriniň edenini gaýtamalaly diýen ýazgy ýa-da kanun ýokmyka diýýärin.

Şeýlelikde, näme üçin biz öz isleýşimize görä, hereket edip durmuş ädimlerimizi öz aýagyzmyzyň näçe uzaklykda basjak ädimine görä ätmeli däl-de, biri çepe ädim ätdi diýip, bizem saga tarap basyp biljek aýagymyzy bolgusyz çepdäki batgalygyň içinden geçirmeli-de soňlugy bilen özümiz kösenmeli. Bu döwürde edilýän “däp-dessurlara” Mahmyt Kaşgarly şaýat bolan bolsa toba gelip, bu halky terk etmek bilen bolardy. Iň bolmanda bu zatlaryň bir çäresini tapyp, ýatyrylmagy ugrunda bir hereketlere başlardy.

Gyzy soramana gelenlerinde onuň ukyp başarnyklaryny soňky nemes BMW awtoulagyny auksiona çykaran ýaly wasp edýän ene-atalara hem düşünjek bolýaryn, emma düşünip bilemok. Jellatdin Rumy ony biläýse hä gabrynda iki eplenerdi. Gyzy ýörite gymmat satmak üçin okatdym, bilimli etdim, tikine gatnatdym ýaly şuňa meňzeş gepleri aýdyp, diline alýanlar hem bar. Belkide olar buýsanyp aýtýandyrlar, emma gyzyň nukdaýnazaryndan seredenimizde soralýan gyz özüni “TM Cars”-daky satuwa çykarylan harytdan artyk duýmasa özüni kem duýmaýar. Bu zatlary okap oturan adamyň edil şu wagt belkide ýüzünde ýylgyryş emele gelýändir, emma bularyň ählisini özünde batyrlygy jemläp, ýazyp oturan adamyň ýüzünde müň gahar-gazap bilen birlikde çykgynsyz duýgy bir nokatda bir adamyň köňlünde ýygnalýar. Aýdyp düşündirip oňarmajagyma gözüm ýetýär, iň bolmanda içimde çüýremesin diýip ýazga geçireýin diýdim.

Yşk mülküniň şasy Mollanepes bu döwrüň gyzlarynyň zat geçdi üçin çykarýan çykdajylaryny, bir top keteniden tikilen köýneklerini, ýüzüne çalýan ‘make-up’laryny, kirpiklerine dakýan 13’lik kirpiklerini görüp, öz başyndan geçiren bolsa, söýgüli ýary Bossantäçden aýrylyp, özüniň söýmeli genderini üýtetmek ýa-da hemişelik derwüş bolmak pikirine gümrä bolardy-da, Nişapura tarap rowana düşerdi. Mollanepesiň dessanyndaky Zöhre bilen Mahymyň nikadan öň jynsy gatnaşyklaryna girmegine garamazdan, bu döwrüň gyzlary bilen deňeşdirilende 21-nji asyrda ýaşan bolsalar olaryň beýle hereketleri (zat geçdi, uly restoran, we ş.m) etmejegine gözüm ýetýär.

Türkmen daýzalar sazlaşykly we deň äheňde hereketde bolýandyklary üçin, olaryň gipnoz etme täsirleri hem bardyr. Ýagny, hereketleri bilen özünde uzak wagtyň dowamynda ünsi saklap bilmek. Bu bolsa, bizi, ýagny adaty we sada adamlary, beýnimizde ýer alan ýüzlerçe aladalary ikä köpeldip müňlerçä ýetirmäge tarap ýardam edýär.

Olar bir şygar astynda ýaşaýarlar diýip, men hem ol şygar boýunça durmuşymy üýtgetmeli diýlen zat ýok. Bu diýmek edil Ýewropada ýaşaýan weganlaryň köçä çykyp, eline hat alyp, et iýýänleri ýazgarmaklaryna meňzeýär. Men et iýemok, senem iýme, haýwana ýaşamana mümkinçilik ber, klimatyň üýtgemegine ýok diý diýip boş gygyrmaklaryna meňzeýär. Aslynda ol weganlaryň iýýän awokadolaryny, ot-potlaryny daşamagyň özi atmosfera goşmaça zyňyndylaryň bölünip çykmagyna eltýär. Onsoň soňlugy bilen et iýeniň has netijeli bolmazmy diýen sorag emele gelýär. Menem şeýle pikirde, sada we kiçi toý bereniň netijeli dälmi?

Garaz bu gepde men pikirimi jemläp bildimmi ýa-da bilmedimmi, ony aýdyp biljekdäl, emma ol pikirler intäk meniň beýnimiň içinde jemlenip, bir netije bermedi. Jemlenen bolsa men öz özüme iň soňunda bu zatlaryň ählisi maňa gerekmi ýa-da gerek däl diýen soragy bermezdim.

177 |
|