#2. C++ programmirleme diliniň sintaksisyna giriş (using namespace std, int main(), #include)
2 minut alar
Hemmäňize salam. Bu makalada С++ programmirleme diliniň sintaksisi bilen kiçiräjik tanyşlyk geçiler.
Makalany okap başlamakdan öň "#1. C++ programmirleme dilini ulanyp, öz ilkinji programmaňyzy düzüň" makalany okamany maslahat berýän, çünki şu makala şol makalanyň dowamy.
C++ dilinde ýazylan kodlama seredip göreliň:
#include <iostream>
using namespace std;
int main()
{
cout<<"Salam!";
}
1-nji kodlama
Şu kodlamada indi her setiri bir-birdan seredip göreliň.
#include <iostream>
Berilen kodlama C++ programmirleme dilinde “iostream” kitaphanany birikdirýär, bu kitaphananyň düzüminde bolsa konsol penjiresi üçin giriş we çykyş maglumatlaryny işletýän funksiýalar ýerleşdirilen.
using namespace std;
Bu setir standart funksiýalaryň ulanmasynda kody gysgaltmana mümkinçilik berýär. Ýagny her gezek funksiýanyň öňünde “std” ýazmak zerurlygy aýrylýar.
Meselem 1-nji kodlamada “using namespace std” ulanylmadyk bolan bolsa, onda her funksiýanyň öňünde “std” diýip ýazmaly bolardyk:
#include <iostream>
int main()
{
std:: cout<<"Salam!";
}
2-nji kodlama
Onda bu diýmek “using namespace std” setir biziň kodlamamyzy ýeňilleşdirýär we has düşnükli görkezýär.
int main()
Bu C++ programmirleme dilindäki esasy funksiýa bolup durýar, sebäbi “C++”-da ýazylan kodlamany işledeňde ilkinji şu funksiýa işläp başlaýar. Munuň düzüminde esasy kod ýerleşdirilýär we netijede bütin sany gaýtaryp berýär.
cout<<"Salam!";
“cout” funksiýasy konsolda maglumatlary çap etýän funksiýa (şu ýerde “Salam!” diýip çap ediler). Bu funksiýa “iostream” kitaphana degişli funksiýa bolup durýar.
Umuman, C++ öwrenýänler üçin şu makala düşnüksiz we gorkunç bolmagy mümkin. Ýöne bärde gorkar ýaly zat ýok, tejribäniň dowamynda hemme aýdylanlara düşünüp gitýäňiz. Bu makalanyň esasy maksady C++ dili ýaňy-ýaňy öwrenip başlanlarda “Bu setir näme edýär? Ol setir näme edýär? Şu setiri ýazmasam näme bolar?” ýaly gyzyklandyrýan soraglara jogap bermek üçin ýazyldy.
Şu makalada ýazylan kodlary özüňiz C++ programmasynda açyp işläp görüp tejribe almagyňyzy maslahat berýän we netijede şu makalada aýdylanlar has hem düşnükli bolar.
Makalanyň dowamy şu ýerde