Teswirler (16)

Ýüklenýär...

#1. C++ programmirleme dilini ulanyp, öz ilkinji programmaňyzy düzüň

2 minut alar

Programmirleme – bu belli bir programmirleme dilleri ulanyp, kompýuter programmasyny düzmek prosesidir. Şu wagtky döwürde programmirleme iň gerekli hünärleriň biri bolup durýar we tehnologiýalaryň ösmegi bilen bu hünäriň wajyplylygy ösýär.

Programmirlemegiň kömegi bilen her dürli programmalary, oýunlary, web-sahypalary we başgada köp zatlary ýasap bolýar. Bu bize köp prosesleri awtomatlaşdyrmaga we köp ugurlary ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Islendik programmirleme diliniň öz aýratynlyklary we ulanylýan ýerleri bar, şonuň üçin programmirleme dili saýlaňda etjek zadyňa görä saýlamaly. Ýöne islendik programmirleme dile düşünmek üçin algoritmlere, olaryň gurluşyna, programmany proýektirlemek ýaly düşünjelere düşünmek zerurdyr.

Şu makalada men C++ programmirleme dili barada belläp geçjek. C++ dürli programmalary we programma üpjünçilikleri döretmek üçin giňden ulanylýan ýokary derejeli obýekte-gönükdirilen (объектно-ориентированный) programmirleme dilidir.

Ähli işlejek kodlarymyzy “Dev-C++ 5.11” programmasynda işlärs (programmany geçirmek üçin https://sourceforge.net/). Programmany geçirip makalada geçiljek zatlary barmagy işledip görmegiňizi maslahat berýän.

Ilki bilen C++ programmirleme dilinde ýazylan kodlama seredip göreliň:

#include <iostream>
using namespace std;
int main()
{
    cout<<"Salam!";
}

1-nji kodlama

Bu kodlamany biz işe girizsek (F11 düwmesi) onda şeýle netije ekrana çykar:

 

1nji kodlamanyn netijesi

Ekranda “Salam!” diýip çap edildi. Indi hälki ýazylan kodlama üns bereliň, şol ýerde şular ýaly setir bar:

cout<<"Salam!";

2-nji kodlama

Onda eger “Salam!” sözüň ýerine başga zat ýazsak ol hem şol ýazylan zady çapa çykarmaly. Kodlamany üýtgedip barlap göreliň:

#include <iostream>
using namespace std;
int main()
{
    cout<<"Gosa dyrnagyn icindaki ahli yazylanlar ekrana cap edilyar";
}

3-nji kodlama

Programmany işletýäris (F11 düwme) we şeýle netije alýarys:

3nji kodlamanyň netijesi

Siz hem özüňiz kodlamany üýtgedip tejribe edip görüň (meselem: kodlamada öz adyňyzy ýazyp, ony çap edip görüň).

Indiki makalamda hälki kodlamalardaky ähli setirleri bir-birden düşünip ýerine ýetirýän işini öwreneris.

Makalanyň dowamy şu ýerde

477 |