Ýalňyzlyk (Ýa-Da Uly Boşluk)
2 minut alar
Il içinde çekdim ýekelik derdin.
Ýekelik derdin çekenler biler.
– Gurbannazar Ezizow
Aram-aram ýalňyzlyk geçirýän. Ýanymda hiç kim bolanok. Bedenimde ýeke özüm türmede ýaly. Käwagt gülýän soňra geçýä. Içimden ýazmagam gelenok. Käwagt gowy, käwagt ýaman. Uly şäher, ýöne ähli zat ajaýyp içgysgynç. Bu şäherde bir kemçilik bar. Gizlemeli däl, elbetde okuwdan boş wagtlarymyz kursdaşlarym bilen gykda-wakk bolup futbol oýnaýas. Ýa bolmasa öýde PES13 oýnamyzda dostym bilen. Ýöne olar islän wagtyň ýanyňda bolup duraýanoklar, olaram günäker däl ,elbetde işler güýçleri bar, bar aladasy men däl ahyry. Köplenç öýde ýeke özüm. (hem öz -özüm bilen gürleşip bilmek ukybynada geçip bildim) Söýülmesi kyn bolgusyz bir adamdym(pikirimçe).( "...Megerem, märekäň içinden dartyp
Özümi süýrekläp çykarmalydyr,
Megerem, mendirin hatarda artyk...").Tamam kabul edeýin gerek ýerinde ýitiräk dilli, düşünjeleri(garyşyk bolsada) bolan biri. Käwagt synanyşmaga degjek.Soň dereje pikiri sada. Käwagt arsyz, käwagt terbiýesiz. Ýöne akyp giden düşünjelerimi yzarlaýan, demimi diňleýän. Ýetmek däl göz öňüne getirip bolmaýan zatlary ýatlamda aklymdan azaşýan, özümi ýitirýän. Içimde ulalyp barýan bir boşluk bar näbelli (Black Hole ýaly içine bar zady sorup barýa, durmuşyň manysyny, özüme bolan ynamy, erkimi). Telefonyma jaň gelenok. Bir zatlar gürrüň bersem halaýan ýok. Ýasama (fake) öýdýän men, men men däl.Şo sebäpli ruhum ýuwaş-ýuwaşdan buz tutyp barýar. Daňdan kagyz, ruçka aldym bir zatlar garaladym ony hem halamadym. Uly tokaýda bir agaç, haýsy hem bolsa bir sebäpli (parhy näme) döwülip gaýtdy diýeli şonuň sesi eşidilermi tokaýda? Hah şolar ýaly şu wagt men. Kebelegiň çäresizligini duýýan (Kebelek düşse derde,içine guşlaryň söýgisini dolar). Gürleşere zat ýok, bolsada düşünenoklar (Her kim tapanyny kellä geýipdir). Hemme zat belli. Ýaşamak islegimi nirden almaly? Sesim çykanok öýtýän käwagt, käwagt özüm dymýan. Hyýallar durmuşlar meseleside, däl maksatlaryma ýakynlaşyp bilemok iki öňe üç yza. Juda sada bolýan, iki güler ýüz, iki “oňatmyň” sözü eşitsem derrew ynanýan. Samsykmykam ýa men?(Ýeri, bolýar, mähribanym, gynanma,
Janymyz sag, düzüw niýet-pälimiz,
Bolmajak zat barmy ýagty jahanda
Şatlyga-da sataşarys häli biz!)