Teswirler (5)

Ýüklenýär...
User Avatar

MS biofizika

Utanç

2 minut alar

Menem ine indi kim bilyär näçinji gezek ýene-de şol almany dişledim. Almadygam belli däl, asyl möhümem däl. Asyl möhüm zat meniň ony dişlänligim. Iň gynançly tarabam, agzym onuň tagamyna öwrenşip barýar. Käşgä birinji dişlänimde patylap ýere gaçsadym. Gaçandyrnam belki, duýmandyryn. Kellelikgän gaçyp agyryma näme dişlänime düşünsedim. Hiç zada düşünmändirin. Adam ata bir dişläni üçin kyrk ýyl göge nazar salmana utanypdyr. Utanç perdesini dogram-dogram edip taşlanyma-da düşünmändirin. Käşgä menem bir çetinde How enäniň hem barlygyndan habarsyz bir dünyä gaçsadym. Il diýmän gün diymän bir gyrada gije gündiz aglasadym. Indi giç. Bu dünýäde adamlary hasaba almaklyga şeyle bir öwrenşipdirin. Utanyp dagy hakykatdan yekeje göz ýaşy dökäýsemem biri görýämikä diýip töweregime göz aýlaýan. Ne hä dişlänimiz bilen aýybymyz açyldy ne-de patylap ýere gaçdyk. Adamlaryň ýagşy garaýyşlary megerem günälerimiň iň uly jezasy bolmaly. Olar meni öz ýagşylyklary bilen jezalandyrýarlar. Käşgä Alla bilen ikiçäk galyp bolsady. Bar utanjymy oňa hödür etsedim. Ondan başga hiç zadyň möhüm däldigini oňa beýnimiň hemme öýjügi bilen, ýüregimiň iň içgin künjegi bilen tassyklap bilsedim. Şonda agymam hakyky bolardy. Gije sagat üçde biri gelermikä, gelmezmikä diýen pikir bilen toba etmezdim. Özüňe Adam atanyňky ýaly dünýä ýasamak şeýle kynmyka? Edil kyrk ýyl bolmasa-da birnäçe günlük şol dünýäde aglap bilsedim. Ýöne şonda-da mahlukdan utanmana öwrenşen ruhum Alladan utanmagyň ýerine agaçlardan haýwanlardan utanardymyka? Ýa Alla bilen ýüzbe-ýüz bolmana gaýratym çatman ilden utanan bolýarmykam? Namartlyk edeniň bilen aýybyň ýapylýarmy diýsene... 

32 |