Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Eýsem Utanç näme?

4 minut alar

Hemmäñize salam. Men Aýna. Psihologiýa ugry boýunça ylym alýaryn we bu gün siziñ bilen kän bir psihologiýa bilen baglanşykly bolmaýan bir mowzuk barada gürleşmek isleýärin, ýagny utanç hakynda. Hemmäñiziñ bilşiñiz ýaly biziñ tebigatymyza mahsus bolan birnäçe duýgularymyz bar we biz bu dünýä gelenimizden bäri hemişe bize ýoldaşlyk edýärler. Meselem, begenen wagtymyz özümizi bagtly duýmak, adamlar bilen aramyzdaky belli bir araçägi gorap bilmek üçin ýeri gelende gaharly ýada sowuk durup garşymyzdaky adama yerini bildirmek. Bir ýyrtyjy haýwana garşy özümizi gorap bilmek üçin ondan gorkmak, durmuşdaky kynçylyklara garşy has güýçli durup bilmegimiz üçin hem gynanç duýgusy bilen garşylaşýarys. 

Onda size sorag! Biz utanan wagtymyz  özümizi nähili alyp barýarys? Bu duýgynyñ bize peýdasy we zyýany näme bolup biler? 

Aslynda biz utanan wagtymyz utanjymyza doñmak yada herektsizlik bilen jogap berýäris. Utanjy suratlandyran wagtymyz käbir sözler ulanýarys, meselem, "Ýer ýaryldy menem girmedim” ýada “Depämden gaýnak suw dökülen ýaly boldy". Elbetde Ýaradanyñ bize laýyk gören hemme duýgularynyñ durmuşymyzda bir manysy bar. Onda siziñ pikriñizçe utanjyñ manysy näme? 

Utanjy esasan iki görnüşde suratlandyryp bileris: 

1. Sagdyn ýada dogry utanç

Batmanyñ hem aýdyşy ýaly "Dünýäni utanç halas eder". Tebigatymyza we adamzada dogry bolmaýan hereketler eden wagtymyzda, bilip ýada bilmän birine zeper ýetirenimizde, biriniñ göwnüne degenimizde, kemsitmek ýaly adamzada gelişmeýän ýalñyş hereketler eden wagtymyzda we soñundan ýalñyşymyza göz ýetiren wagtymyzda ýüze çykýan duýgynyň ady sagdyn utanç ýa-da dogry utanç. Bu utanjyñ ynsan durmuşynda möhüm roly bardyr. Gysgaça aýdanymyzda, dogry utanç biziñ nädogry düşünjelerimiz ýa-da özümize we töweregimizdäki adamlara zyýan berip biljek hereketlerimiziñ netijesinde ýüze çykýar.

2. Newrotik utanç

Newrotik utançda bolsa biz öz nädogry hereketimiz üçin dälde, eýsem nädogry ýaradylandygymyz üçin utanýarys. Kemçilikli ýaly edip görkezilen şahsyýetimizden utanýarys we ony inkär edýäris. Has gysgaça aýtsak özümizi tebigatymyzdaky ýaradylşymyz ýaly kabul edip bilmeýäris. Yöne ýatdan çykarmaly däl, her birimiz bir damja suwdan ýaradyldyk! Bir tarapdanam bularyñ hemmesini tejribeler bilen öwrenýäris. Ulalyp önüp ösen maşgalamyzdan, daşky gurşawdan, goñşydan, garyndaşdan we iñ köp hem sosial mediýadan. Bularyñ hemmesinde hem Newrotik utanjy gowy zat ýaly edip öwredýärler. Meselem, halk arasynda “owadan” diýen söze garşy belli bir garaýyş bar we şoña görä hem owadan bolmaklygyñ galybyny döredýärler we bir adamyñ jemgyýet tarapyndan owadan diýilip hasaplanmasy üçin şol galyba ýüz tutulýar. Haçanda adam şol standarda laýyk bolmadygyny pikir edende öz şahsyýetine we tebigatyna garşy Newrotik utanç duýup başlaýar. Ýada meselem çaga wagtymyz emelsiz bolan bolup bileris, belkide sizem men ýaly käsäni köpräk döwensiñiz )) Ýalñyşyp biler çaga ýa-da ynsan, ýalñyşmazlarmy eýsem?! Bu halatlarda çagany şahsyýeti bilen ýazgarman eýsem dogry hereketi nädip etmelidigini öwretmeli. Newrotik utanç bu dereje ýalñyş bolsa halk arasynda näme üçin beýle ýaýgyn? Newrotik utanjy başdan geçirýän adamlar edýän hereketlerini dogry diýip bilýärler, beýleki newrotik utançly adamlar tarapyndan geçmişde utandyrylandyrlar, belki-de emosional akyl ukyplary ösen däldir.

Saglykly utanç ýaşaýan adam kämilleşýär, öwrenýär we özüni tanaýar.

Emma Newrotik utanjy ýaşaýan adam, tersine hem özüni ýazgarýar hem-de ýazgarylýar, tebigatynyň we şahsyýetiniň başgalar tarapyndan kemsidilen şahsyýeti bolup ýetişýär. We bularyñ anygyna ýetip, özüni kämilleşdirmese, özüne edilen hemme nädogry hereketleri başga adamlara-da etmäge ýatgyn bolup bilýär. Çünki newrotik utanç başlangyçda şahsyýetiň utanmasy bilen başlaýar, soñra bu kişi islese-islemese başyna gelenlere gynanýar. Elbetde daş töwereginde onuñ utanjyny we gynanýandygyny bilip ýagdaýyna düşünýän we ony diñlejek biri bolmasa, bu gynanmak duýgysy gahara öwrülip bilýär. We gynansakda, gahary geleni üçin we gaharyny kontrol edip bilmedigi üçin iñ soñunda ýene şahsyñ özi günäkär ýagdaýyna düşýär. Durmuşda Newrotik utanja sezewar galan adamlary tanamazlyk gaty kyn däl. Käwagt beden hereketleri bilen belli edip bilýärler. Meselem, yzygiderli öñe egilýän ýa-da hükgerip durýanlarda, göz kontaktyny edip bilmeýänlerde, sessiz we sosial fobiýasy bolanlarda, aýratynam köpçülikde gaýgylanýan ýaşlarmyzda, hemişe hemme zatda göreldeli bolmagy şert goýulan we ýalñyş hereket etme hukugy hiç berilmeýän ýaşlarda, bir kemsiz bolmasy garaşylýan çagalarda, maşgala gatnaşyklary nädogry bolan çagalarda köp duş gelmek bolýar. Şu gaty möhüm! Ýokarda ýazylan zatlary ýaşaýan hemme adam Newrotik utanç ýaşaman hem biler.  Meniñ ýazanlarym has giñişleýin we umumy maglumatlardyr. 

Newrotik utanjyñ netijeleri:

Agressiw häsiýet

Uky we beden saglygy problemasy

Çilim çekmek we spirtli içgiler içmek

Pes akademiki görkezijisi

Emosional akyl problemasy

Depressiýa

Alada we Stres

Deň-duşlaryň pidasy

199 |
|