Uky barada nämeleri bilemzok?
3 minut alar

Adaty uly adamyň doly dynjyny almagy ücin günde 8 sagat uky gerekli hasaplanýar. 8 sagadyň sutkanyň ücden biridigini hasaplamak kyn däl. Diýmek, adam ömrüniň ücden bir bölegini uka sarp edýär. Emma biz näme ücin uklaýarys? Ukynyň adama nämä gerekdiginiň belli bir ylmy jogaplary bolmaly ahyry. Fiziki ýadawlyk bu ýerde rol oýnamaýar. Aýdaly, siz bütin günüň dowamynda hic hili intensiw iş etmediňiz. Şonda-da günüň ahyrynda siziň uklasyňyz geler. Diýmek, uky birinji nobatda haýsyda bolsa başga bir sebäbe görä hökmanydyr. Alymlar bu soraga birnäce jogaplary teklip edýärler.Ukynyň hökmanylygy boýunca ilkinji gyzyklanma takmynan 19-njy asyrdaky fransuz sudy bolupdyr. Ol sudda bir adama öz aýalyny öldürendigi ücin ukysyzlyk arkaly ölüm jezasyny beripdirler. Jezany bermek ücin ol adama 3 sany garawul berkidilipdir. Garawullaryň borjy şol adamyň uklamagyna ýol bermezlik bolupdyr. 10 günden soňra ýaňky adam özüni islendik başga usul arkaly öldürmeklerini ýalbarypdyr, özüniň cydap bolmajak derejede gynalýandygyny aýdypdyr.
Birnäce günläp uklamaýan adam nämeleri duýýarka? Bu soraga jogap bermäge meýletinciler kömek etdiler. Adaty adamyň şu wagta cenli maksimal ukusyz ýaşan döwri 11 gün hasaba alnandyr. Bu rekordy 1965-nji ýylda okuwcy Rendi Gardner goýdy. Tejribeler ukusyzlygyň 8-nji gününde tamamlandy. Netijeler boýunca şular mälim edildi: bedeniň ukusyzlyga kesgitli reaksiýalarynyň bardygy bilindi, ukusyzlygyň başdaky 3-4 sutkasynda ýadawlyk we gaharjaňlyk emele gelýär, 5-nji sutkada bolsa görüş we eşidiş peselýär, cökgünlik duýulýar, agramyň azalmagy başlaýar. Ukusyzlygyň ýene dowam etmegi paranoýalaryň we galýusinasiýanyň (göze görünmeler) döremegine getirýän eken. Ýaňky meýletinci okuwca şol wagtda ýol belgileri adam bolup görnüpdir, radiony alyp baryjy bolsa ony öldürmek isleýän ýaly duýlupdyr. Ýene-de 1-2 günden ol oglanda ýüreginde problema döräp başlapdyr. Ol mekdepdäki elementar soraglaryň jogabyny unudyp başlapdyr. 11 günden soň ol ölmezlik ücin uklamaga mejbur bolupdyr. Bu tejribäniň esasynda ukusyzlygyň organizme gowy täsiriniň ýokdugyny bildik. Ukysyzlygyň adama howpludygyny göz öňünde tutup, indiki tejribeler haýwanlarda gecirildi. 19-njy asyryň ahyrynda itleriň 2-3 hepdeläp uklamazlyklary olaryň gutulgysyz ölümine getirýändigi anyklandy. Soň maýmynlarda gecirilen tejribeler hem şu netijäni görkezdi. Adamyň ukusyzlygynyň hem soňunyň şeýle netijä barjagy aýdyňdyr. Mundan başga-da tejribede ukusyzlyk sebäpli immunitetiň güýjüniň düýpli peselýändigi, ic organlarynyň we nerw sistemaň işiniň ýaramazlaşýandygy anyklandy. Uky wagtynda bolup gecen wakalar barada maglumatlar nerw öýjüklerine ýazylýar. Uky wagtynda öýjükler melotanin atly maddany işläp cykarýar. Onsuz adamyň tiz garramaklygyna getirýär. Emma bular biziň uzakly wagt uklamalydygymyzy aňlatmaýar. 7-8 sagat uky ýeterlik hasaplanýar.
Netijede, uky bedende gorag funksiýalarynyň tutuş kompleksini amala aşyrýar. Uky adama günüň dowamynda alan ýatlamalarynyň, ukyplarynyň, bilýän maglumatlarynyň arhiwini tertiplemäge ýardam edýär. Aýdaly, siz günüň dowamynda lyžada typmagy öwrendiňiz. Gowy ukudan soň, ertirki gün siz özüňizi lyžada düýnkiden has ynamly duýýarsyňyz. Ine näme ücin, bu gün agşam ýatlamaga synanşan goşgyňyzy ertir irden siz eýýäm ýatdan arkaýyn aýdyp bilýäňiz...
Gowy we rahat ukudan soň, düýnki cözülmän galan meseleleriňiziň cözgüdiniň bu gün tapyljagy kepillidir!