2 minut alar
Duýgulardan bir tutam ýa-da bir owuç goşgy
Içim duýgulardan püre-pür dolup duran wagt goşgy ýazmak - özümi täzelemek bilen deňgüýçli hadysady hemişe... Pikirlendim we "Bulary hem paýlaşmaly" diýen karara geldim... Bergi Göwnüme bolmasa, içim-daşym deň, Bar ýerim gap-gara, köýükden beter. Kalbymyň töründe ullakan çukur, Giň gerim-göwrümli, köwekden beter. Maňa göwün beriň, ýürekden beter... Isleýänim maňa görä köp ýaly, Gören günüm gowy, görgüden beter. Sözde hemme söýýär, hemme halaýar, Eşidýänim ýalan, öwgüden beter. Maňa gaýgy beriň, söýgüden beter... Bolýar, hiç zat bermäň, Barymam…