Terjimehekaýa

Ogry oglum /hekaýa

OGRY OGLUM Kakamyň kaza kylanyna ençe ýyl boldy. Bu ýyl, on ýedinji ýylyň[1] baharynda ejemden hem aýrylyp, bütinleý ýetim bolup galdyk. Biz, dört ýetimden habar alyp durmaga mamam - Rokiýabibi gelýärdi. Ony gowy görüp "garry mama" diýýärdik. Gijelerine mamam bilen hemmämiz, öňi açyk eýwanda köneje ýorganlara bürenip, şalyň üstünde uklaýardyk. Sentýabr aýynyň ahyry, ilkinji güýz gijeleriniň biridi. Howa salkyn, biz ýetimler biri-birimize gysylypjyk, biri-birimizi ýylydyp uka gidipdik. Hatarda iň soňky, ene guş kimin bolup mamam…

Ol ölenmi ýa-da diri? /satiriki hekaýa

OL ÖLENMI ÝA-DA DIRI? 1882-nji ýylyň martynda men Montanadaky Riwearada-da ýaşaýardym. Monte-Karlo ýa-da Nitsadaky ýaly adamlardan däl-de, şäheriň çetindäki bu ýerde ýalňyzlykdan rahatlanýarsyňyz, üstesine adamlaryň goh-galmagalysyz günüň şöhlesinden, arassa howadan we dup-dury deňizden arkaýyn lezzet alyp bilýärsiňiz. Montana şan-şöhrada dalaş etmeýän asuda, dynç şäher. Baý, begzada adamlar bu şäheri känbir pitiwa etmeýärler. Şeýle hem bolsa bu ýere käte birki sany baý gezelenje gelýär. Ýakynda men ana şolar ýaly bir baý adam bilen tanyş boldum. Onuň…

Ol ölenmi ýa-da diri? /satiriki hekaýa

Wah / hekaýa

WAH –Sizi dogumly, gaýratly ýazyjy diýýärler... şol çynmy? – Has dogrusy, şonuň ýaly bolmak isleýärin. –Kimdir birini söýdüňizmi, ondan aýryldyňyzmy... Ýandyňyzmy? –Hawa... –On sekiz ýaşanlara bir nesihat berseňiz... "Sagadatyň" redaksiýasynda bolan gürrüň. *** Gapy açylyp, ýüzi soluk zenan baş sokdy: –Mümkinmi? –Giriň!– diýdim. Otaga göz gezdirip, diwanyň ýanyndaky kürsä oturdy. Kosmetika ulanmagy başarmaýandygy bildirip durdy. – Bagyşlarsyňyz, wagtyňyzy alaryn. Seýit Ahmediň ýanyna gelipdim, ýok ekeni... –Sizi diňleýärin– diýdim. –Şükür aga, meň başyma bir kynçylyk düşdi.…

Wah / hekaýa

Geň-taň ogurlyk / satiriki hekaýa

GEŇ-TAŇ OGURLYK Gyşyň aňzak tüni. Satyjy dükanyň penjiresiniň daşky gözeneklerini ýapyp duran mahaly tötänden dükanyň içinde gezip ýören bir adama gözi düşdi. Daşary çykmazdan ozal dükanda adam galandygyny görmändi. Nätanyş adam tekjede duran birnäçe bölek mesgäny çakganlyk bilen alyp, başgabynyň içinde gizledi. Satyjy gapydan daşary çykmaga howlugyp gelýän ogryny synlap duran mahaly "Täsin iş boldy bul-a" diýdi. Aýny wagtynda oňa jeza bermegiň ýoluny hem agtarýardy. Çykyp gitmäge şaýlanan nätanyş adamyň eli gapyň tutawajyna degen wagty…

Geň-taň ogurlyk / satiriki hekaýa

Iň gysga, täsirli hekaýalar

GYSGA HEKAÝALAR Uzyn hekaýalar okamakdan irdiňizmi? Geliň onda biraz dünýädäki iň gysga hekaýalary hem okap göreliň! Bu hekaýalar juda gysga bolup biler, emma, özleriniň täsirliligi, manylylygy bilen uzyndan uzyn hekaýalaradan birjigem galyşmaýar. Gysga hekaýalaryň iň meşhury, şek-şübhesiz Ernest Hemingueýiň alty sözden ybarat hekaýasydyr, emma, Ernestden soňra hem uzyn bir romanda aýdyljak zady gysgajyk, birnäçe setirde ýazyp bilen ussat ýazyjylar az bolmandyr. Ilki bilen Ernestiň şol meşhur hekaýasyny okalyň soňra beýleki hekaýalara hem geçeris. Ernest Hemingueý…

Meňzetmek / satiriki hekaýa

MEŇZETMEK Men bir näçe ýyl ozal Nýu-Ýorkdaky Selemanka şäherçesine geldim. Bu ýerde men otlymy çalşyp ýatyş orunly wagona münmelidim. Münüş meýdançasy adamdan doly, olaryň hemmesi bir eýýam dolan, uzyn wagona münmäge synanyşýardy. Men ýolpetek satylýan ýerde oturan adamdan: ”Ýatyp gitmek üçin ýer alyp bilermikam?" diýip soradym, ondan "ýok" diýen jogap alyp, aňyrrak baryp başka bir işgärden iň bolmanda wagonyň darajyk bir burçundanam bolsa ýer tapyp bermegini haýyş etdim. Ol bolsa gazap bilen gepimi bölüp: —…

Meňzetmek / satiriki hekaýa

Hassa /hekaýa

HASSA Asman alys, ýer gaty Nakyl Satypaldyň aýaly hassalandy. Satypaldy aýalyny molla okatdy— bolmady, Tebibe görkezdi. Tebip gan aldy. Hassaň gözi garaňkylap, başy aýlandy. Bir aýal gelip, söwüdiň çybygy bilen ýençdi, towuk soýup gan çykardy... Bularyň ählisi, elbetde, pul bilen bolýan zatlar. Bular ýaly wagtlarda, semiz horlanýar, hor çöpe dönýär. Şäherde ýekeje hassanhana bar. Bu hassahana hakynda Satybaldynyň bilýän ýeke-täk zady şu: Salkynjak, asuda parkda, agaçlara bürenen, belent, owadan ak bina, aýnaly çal reňk gapysynda…

Kireýne jaý gözlenýär / satiriki hekaýa

KIREÝNE JAÝ GÖZLENÝÄR Gyş gelip, aňzak sowuk hökmürowanlyk edip başlansoň kireýne jaý gözleýänleriň sany öňküsinden hem köpeldi. Köçelerde biri-birine sataşan adamlar hal-ýagdaý soramaga derek, şeýle diýýärdiler: "Kireýne jaý tapylmazmyka?", "Kireýne jaý gerek, bir otagly bolsa hem bolýar". Kireýne iň bärkisi ýekeje otag hem tapyp bolanokdy , üstesine gyşyň uzyn gijeleri bitmez-tükenmezdi. Gündelik gazediň soňky sahypasynyň burçunda kireýne jaý gözleýänleriň bildirişi çap edilýärdi, soňky wagtlarda çykýan her neşire kireýne jaý gözleýänleriň gysgaça ahy-nalasy çap edilýärdi. "Haýyş,…

Kireýne jaý gözlenýär / satiriki hekaýa

Baý-bäh /hekaýa

BAÝ-BÄH Hindistan… Gubernator we onuň hatyny zyýapat berýär… Harbylar, ilçihanaň işgärleri, olaryň hatynlary we amerikaly tebigatşynas alym jemi ýigrimi adam ullakan stolda otyrlar. Bir hatyn bilen polkownik "zenanlar gorkakmy ýa-da erkekler" diýip jedelleşmäge başlady. Polkownik: — Hatynlar her hili gorkuly pursatda gygyryp, wägirip başlaýarlar— diýdi — Erkekler bolsa gorkyny jylawlamagy başarýar. Tebigatşynas jedele goşulman, myhmanlary synlap otyrdy. Birden ol öý hanymynyň ýüzüniň özgerip gidendigini görüp galdy. Hanym gymyldaman otyrdy, göýäki saň-gaty bolup galana çalym edýärdi.…

Baý-bäh /hekaýa

Meşhurlaryň durmuşyndan henekler

MEŞHULARYŇ DURMUŞYNDAN HENEKLER Günlerde bir gün Bernard Şou atly gezelenje çykýar. Ençe wagt ýöränsoň ýolda sataşan bir adama ýüzlenip: — Gardaş, şul aty jylawundan tutup durmagyňyzy haýyş edýärin, men derrew poçtahana girip çykmaly. — A-how, näme diýýäňiz, jenap? Men parlament agzasy ahyryn. — Daş sypatyňyzdan, ynsaply adama meňzeýärsiňiz. Bolýar, töwekgel, men size ynanýaryn. *** Lessing ünsizligi bilen tanalýardy. Günlerde bir gün öýüne gijäniň ýarymynda dolanýar, gapyny kakýar, içeriden: — Jenap professor öýde ýok— diýen jogap…