Täze Ýyl

Bir ýylda meniň gazananlarym

Hemme kişem ömrüniň her pursatynda, näçe ýaşasa ýaşasyn durmuşdan ders almaga, bir zatlar öwrenmäge dowam edýär. Hemme kişi üçinem üýtgeşik, bir zadyň başlangyjy bolan, täsin ýyly bolandyr. Menem şu ýyl barada, şu ýylda gazanan, ýitiren, başdan geçiren zatlaryma bir ser salmak isledim. Indi muny her ýyl dowamly ýerine ýetirmek isleýärin, siziň hem etmegiňizi maslahat berýärin. Soň haçanam bolsa, göwnüňiziň islän pursady şol ýazan zadyňyza seredersiňiz, we nähili öňe gidendigiňizi, kämilleşendigiňizi derňäp, geçen ýyla (ýyllara) görä…

Bir ýylda meniň gazananlarym

BU MESELÄ IŇŇÄN JOGAPKÄRLI ÇEMELEŞESIM GELÝÄR.

“Adamlaryň kalbyny joşdurmak, ýüreklerinde güýçli duýgulary oýarmak we olaryň hakyky söýgüsine mynasyp bolmak üçin näçe galany almaly?” – soragy meni köpden bäri biynjalyk edýär. Bu sorag meniň hiç haçan üns merkezimden düşmedi. Has dogrusy, meni juda aladalandyrýar diýsem ýeridir. Ýagny muny başarmak, hiçem aňsat däl we men muňa günsaýyn hasam gowy düşünýärin. Ähmiýetsiz galyberse-de ujypsyz ýazgylarym bilen adamlaryň gymmatly wagtlaryny alasym gelenok. Okalmaga deger, ýatlanmaga barabar, aýdylmaga mynasyp eserleri ýazmak üçin synanyşmak meniň ilkinji maksadym…

Umytlar Arçalar Bilen Ýalpyldamaýar Eken

"Arçalar bilen umytlar hem ýalpyldaýar" diýip ýazanyma eýýäm üç ýyl geçipdir. Şol makalada gysgaça şeýle ýazypdym: Täze ýyl baýramçylygyny gutlamagyň türkmenleriň gündelik ýaşaýşynda heniz täzedigini aýtsak ýalňyşmasak gerek. Ýaş baýramçylyga sabyrsyzlyk bilen garaşmagyň we uludan taýýarlyk görmegiň özeninde “umyt” bar diýip hasaplaýaryn. Telewizorly otagyň bir gyrasynda bazardan alnyp bezelen polietilen arçasynyň düýbünde daşa degen paltasyny öňümizdäki ýyl üçin täzeden ýiteldip oturanlar ýygy duş gelýär. “Ýetip gelen täze ýylyňyz....” Belläp geçişimiz ýaly arçalaryň bezegleridir yşyklary ýanwar…