Sagdyn Durmuş Ýörelgesi

SAGDYN BEDENDE – SAGDYN RUH

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşli menzillerinde ýurdumyzda adamyň saglygyny goramak we berkitmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde giň gerimde durmuşa geçirilýär. Şu nukdaýnazardan, her ýylyň aprel aýynyň “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda uly dabara bilen bellenilip geçilmegi halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň beýany bolup durýar. Türkmen halkynyň paýhas hazynasynda “Saglyk – iň uly baýlykdyr” diýen jümle aýratyn orny eýeleýär. Häzirki döwürde bu pähim täze many-mazmun bilen baýlaşyp, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli…

“Bir zatlar et” ýörelgesi.

Dogrusy, häzir ýatlap otursam, makalany ýazmagymyň asyl sebäbi hem şol wagtdaky zähmet dersi mugallymymyň gaýtalap aýdan sözlerinde ýatyr. Meniň okan mekdebimde zähmet sapagy oturylyp gürrüň edilip geçirilýän sapaklaryň biridi (belki siziň mekdebiňiz hem şolar ýaly bolandyr, şübhe ýok). Ýöne asyl diýjek bolýan zadym onda däl. Şol wagtky mugallymymyň aýdan zady ýadyma berk ýazyldy, her gezek oglanlar bilen oturyp “gybat” edilen wagty mugallym: Beýdip oturmaňda oglanlar, bir zatlar ediň - diýerdi. Biz hem ýaşlyk edip, “Näme…

“Bir zatlar et” ýörelgesi.

Burnout näme?

Bir iňlis tymsalyna görä, daýaw ýaş ýigit pürs satýan söwdagäre hakyna işe durupdyr. Hak-heşdegi göwnüne ýaransoň, ol köpräk gazanmak üçin bar güýji bilen işlemegi ýüregine düwüpdir. Hojaýyn onuň eline palta berip, işlemeli ýeri görkezip gaýdypdyr. Ilkinji iş gününde ol on sekiz sany agajy ýykyp, pürs taýýarlapdyr. Hojaýyn onuň berekellasyny ýetirip, şeýle depginde dowam etdirmäge höweslendiripdir. Muňa ganatlanan işçi ikinji gün has erjel işlese-de, onuň taýýarlany diňe on bäş sany pürs bolupdyr. Üçünji gün näçe azap…

Burnout näme?