Romantizm

Seni gowy görýärin, sebäbi...

Biz kim?! - Dostdan ýakyn, söýgülilerden tapawutly, aşyklardan uzak, ýoldaşlara meňzeş üýtgeşik bir gatnaşykda bolan iki ynsan. Biziň aramyzda simpatiýa bar, empatiýa bar, sylag-hormat we aladaçyllyk bar, gabanç bar, gahar bar... we başga-da giň duýgularyň spektri bar. Meniň pikirimçe, olaryň käbirlerini wasp eder ýaly söz entäkler hem tapylmandyr... Näme üçin we nädip beýle? - Meniň üçin hem şu soragyň jogaby gaty gyzykly - Bilemok! Ýöne eger pikir ýöretmeli bolsam, onda ilki bilen seni näme üçin…

Seni gowy görýärin, sebäbi...

Ýazmasy kyn düşen hat...

Ýok, men Kerim aga öýkünjek bolamok, hakykatdan hem şu gezek maňa ýazmak gaty kyn düşdi... Sebäbi? Çylşyrymly, düşündirip bilmesem gerek... Hawa, bu gezek hat ýazýaryn makaladan beter... Hatyň eýesi anonim, käbir A şahs, goý B bolsun, bu kän bir möhüm däl. Hatyň mazmuny şeýleräk: -Edep başy salamdyr, salam bolsun, gurgunmyň?! Bizde hemme zat öňkülik, gara, ak we çal. Hemme zady üç reňki goşup alyp bolýar. Seniň reňkli dünýäňden nä habar? Reňkler öçenokdur diýip umyt edýärin!…

Ýazmasy kyn düşen hat...

Sen bolmasaň...

Sensiz men ýaşap bilerinmi? - Hawa elbetde, sensiz hem ýaşap bilerin... Dogry söze dogry diýmeli, sen howa däl ýa-da suw däl, sen şatlyk, sen buýsanç, sen güýç, sen goldaw, sen ylham... A men kim? - hiçkim diýsem ýerlikli boljaga meňzeýär, ýöne - Bilemok... Sen bolmasaň durmuşymda kän zat üýtgär. Belki käbir halaýan zatlarymy ýigrenerin, belki käbir halamaýan zatlarym maňa golaý bolar. Belki sensizlik meni kämilleşdirer - ýöne bir zady anyk bilýän, ol hem sensizligiň meni…

Sen bolmasaň...

Ýerliksiz gelen ýatlamalar ýa-da romantizm hakda...

Bir çeper film görüp otyrdym, onuň hem soňunda Frank Sinatranyň "Fly me to the moon" aýdymy goýulypdyr. Gaty gowy gördüm (bir zenan eken aýdymy ýerine ýetiren), kim aýdypdyr, ady näme dessine öwrendim we özüme ýükläp aldym. Gaýta-gaýta diňledim... Ýöne diňläp duran wagtym şeýle täsin duýgulary başdan geçirdim, söz bilen beýan eder ýaly hem däl. Ýöne eger mejbur bolsadym, bu beýan şeýleräk bolardy: giň rahatlyk ummany, bu umman diýseň parahat, goýy ýalňyzlyk tolkunlary ýuwaşjadan çyrpynýarlar, men…

Ýerliksiz gelen ýatlamalar ýa-da romantizm hakda...