7 minut alar
Wajyp zat
Wajyp zat (hekaýa) Howa örän petiş bolansoň, daş-töwerekdäki ähli zatlar-baglardan başlap, ýol ugrunda pytrap ýatan süýji gaplaryna çenli bugarýan ýalydy. Şular ýaly howada diňe howa görä geýinmelidigine düşünmeýän ýedi-sekiz ýaşlaryndaky gyzjagaz galyň matadan tikilen köýnekde öýünden çykar. Onuň arka tarapyndan urýan ýalyn egnine ýetmän duran keltejik gara saçlaryny ikä bölüp geçýärdi. Şonda gyzjagazyň inçejik biliniň töweregine aýlanan iki sany gyzyl lentajyk öňe tarap uzalyp gidýärdi. Gyzjagazyň gulagy maşyn seslerine werdiş bolup gidensoň, ol uly ýola…