Many

Ýalňyşmak ýalňyşmy?..

- Men özümiň hakyna girdim! - Nädip? - Ýalňyşyp... - Düşünmedim, açyk aýtsana! - Käbir işlerde, özümi adalatly alyp barjak bolup öz hakyma kän giren ekenim... Hawa, köplenç şeýle-de boldy. Adalaty ölçemegi başarmazdan adyl bolmaga synanyşmak - öz hakyňy iýmek. Başgaça aýdanyňda - ýalňyşmak. Ýalňyşmak ýalňyşmy?! Her kimiň özi karar bersin... Ýadyma düşýär, mundan ep-esli ýyl öň, okuwçy wagtlarym, synpdaşlaryma öý işlerinde kömek etmegiň deregine göçürderdim... Hem olaryň hakyna giripdirin, hem zähmetimiň. Mugallymlar meni bagyşlasyn;…

ÖMRÜŇ MANYSY

Täze ýylyň bir aýy gecip barýar. Muňa begenmelidigimem ýa-da tersine, gynanmalydygymam anyk bilemok. Ömrümden ýene bir aýyň duýman durkam diýen ýaly gecip gidenine gynansam gynanyp oturmaly. Edil şonuň ýaly ömrümiň ýene bir aýyny ýaşamagyň nesip edenine begensemem begenip oturmaly. Günüme şükür, il bilen deň ýaşap ýörün. Töweregimde salam berýänleriň özüme bildirmän köpelip gidip oturşyna begenýärin. Salam berýänlerimiň azalyp gidip oturşyna-da, ýüregim gyýylýar. Görsene, özümdenem dört ýaş uly garry öýmüzde maşgala „höwürtgejigimi“ guranyma eýýäm 43 ýyl…

ÖMRÜŇ MANYSY

Ynsandaky nur

Şahsy ynanjym — adamlaryň her birinde Allatagalanyň nury bar. Şol nuram onuň zehini. Kim agaja jan bitirýär, kim daşa, kim demre, kim bolsa söze jan berýär… Ýazýan adamlardaky şol nur, olaryň kimsinde ýiti bolýar, kimsinde körejik. Edil doglanda öli bolmasa-da, entek gämik Söze nefes (nepes, dem) üfläp, ony ynsan köňlüne, edil mazaly tagt edilip, gaýym sürlen ýere taşlanan tohum deý taşlap, şineledip, gämik ýardyryp, ösdürip, gülledip, gül açdyryp bilmek — bu-da Hakyň bendesine bagyş eden…