Kynçylyk

Kyn zatlary etmek barada... Göz ýetirenlerimden...

Kyn işleri etmek ukyby, belki, özüňizde ýa-da çagalaryňyzda terbiýeläp boljak iň peýdaly ukypdyr. Kyn işleri edip biljekdigiňizi subut etmek durmuşyňyzyň dowamyndaky iň peýdaly baýlyklaryň biridir. Öz keşbimiz, ukyplarymyzyň taryhy subutnamalaryndan ybaratdyr. Özüňizi näçe kyn iş etmäge mejbur etseňiz, şonça-da geljekde başarnykly bolarsyňyz. Marafon ylgap ýa-da bedeniňiziň agramyny iki esse trenajor zalynda göterip bilýän bolsaňyz, täze doglan çaganyň ukusyzlygy we ýatylmaýan gijeler diňe ýumşak bir işdir. Organiki himiýa ýa-da biologiýa boýunça ökde bolsaňyz, täze maliýe işini…

ÝÜK (Ýaşaýyşyň Üýtgemejek Kadasy)

Hawa, dumuş kynçylyklar bilen gurşalan bir ýaryş meýdançasydyr. Her kim ýa bir başgasy bilen ýa-da özi bilen elmydama ýaryş içindedir. Eýsem bolmasa näderdi..? Ýaşabilmezdi…-mikä? Belki, gysga möhletleýin, ýöne müdimi däl. Her bir adamda aram-aram, garaşylmadyk ýagdaýda öz barlygyn görkezip durýan egnimizdäki kynçylyklaryň, başga bir manyda – ýükleriň aslynda mydama hem biziň omuzlarymyzda duranlygynyň, ýöne biz onuň külpetini we ynjalyksyz agyrlygyny aýratyn pursatlarda, ýagny özümizi ruhy we bedeni taýdan ýadaw duýan halatymyzda syzyp bilýändigimize göz ýetiren…