2 minut alar
Şinigami bilen bir gün
ŞINIGAMI BILEN BIR GÜN (Fantastik hekaýa) Hepdäniň ýekşenbe günüdi. Emma oýananymda dyýgylarym bu güniň duşenbe günidigini aýdýardy. Menem hemişeki ýaly täze güne başladym. Soňra kofe demläp ertirligimi taýynladym. Ertirligi stoluň üstünde goýup, özümem stulda oturdym. Öňümde bolsa garalyp bir Şinigami durdy. Şinigaminiň kimdigini tanamaýan bolsaňyz aýdaýyn, garaz ol bir ýapon ölüm perişdesi. Pikirimçe meniň janymy almana geldi. Ony görüp gorkmadym. Gaýtam begendim. — Gowy geldiň Şinigami, men gaty ýadadym. Meni alyp git. Ölüler dünýäsinemi, parallel…
