sci-fi writer, geographer
Şinigami bilen bir gün
2 minut alar
ŞINIGAMI BILEN BIR GÜN
(Fantastik hekaýa)
Hepdäniň ýekşenbe günüdi. Emma oýananymda dyýgylarym bu güniň duşenbe günidigini aýdýardy. Menem hemişeki ýaly täze güne başladym. Soňra kofe demläp ertirligimi taýynladym. Ertirligi stoluň üstünde goýup, özümem stulda oturdym. Öňümde bolsa garalyp bir Şinigami durdy. Şinigaminiň kimdigini tanamaýan bolsaňyz aýdaýyn, garaz ol bir ýapon ölüm perişdesi. Pikirimçe meniň janymy almana geldi. Ony görüp gorkmadym. Gaýtam begendim.
— Gowy geldiň Şinigami, men gaty ýadadym. Meni alyp git. Ölüler dünýäsinemi, parallel älememi? Garaz iş-dert ýok ýere...
Şinigami taýýarlan kofemden bir owurtlady-da:
— Ilki bilen bugün duşenbe däl. Arkaýyn dynjygy alyp bilersiň. Ikinjiden, seniň haçan öljegiňi men näbileýin? Seni musulman diýdiler, seniň janyňy Ezraýyl aljakdygny aýtdylar.
— Düşnükli - diýdim. — Sen näme maksat bilen meniň ýanyma geldiň?
— Sen bu günüňi meniň bilen bile geçirmeli ekeniň.
Ýokardan gelen buýruk öýdýän, men Şinigami bilen günümi geçirmäge razy boldum. Soňra ikimiz daşaryk çykdyk. Çyksak, ýapon goňşym Keisuke bagynda işläp ýören eken. Onuň bilen salamlaşdym. Ol ýanymdaky Şinigamini gördi. Ýöne özüni görmedik ýaly alyp barýardy. Sebäbi gorkupdy, gorkysyny gözlerinden aňypdym. Soňra Şinigami bilen bir seýilgähe geldik. Men soradym.
— Jenap Keisuke, meniň goňşym. Pikirimçe ol seni gördi.
— Hawa - diýdi Şinigami. — Ol bir ýapon, Sintoizm dinine uýýar.
— Düşnükli. Indi näme ederis?
— Hiçzat. Sessiz oturmaly.
— Islämok.
— Onda maňa sorag ber, başardygymdan jogaplaýyn.
— Seni meň ýanyma kim ugratdy, näme maksat bilen ugratdy?
— Meni Beýik Kami ugratdy, Ýazyjy ekeniň, ylhamlanmagyň üçin.
— Bäh, "kamikadze" diýip eşidipdim, eger ýalňyşmasam "Hudaýyň şemaly" diýmegi aňladýar. Diýmek "Kami", ýaponçada "Hudaý" diýmek bolýamy? Men ýene bir zada haýran galýan. Ähli dinler dogrymy? Sen meniň janymy Ezraýylyň aljagyny aýdypdyň.
— Gynansakda bular seniň bilmeli zatlaryň däl. Eger bize ateist bir psiholog seredýän bolsa, ol meni görmezdi, seni bolsa şizofren diýip oýlardy.
— Näme, adamyň ynanjyna görä şekillenenmi bu dünýä? Ýöne men Sintoizm dinine ynanamok. Hat-da men saňada, seniň barlygyňada ynanamok. Ýöne seni görýärin.
— Dogry. Sen meni görmeli däldiň. Emma gorýärsiň. Men sebäbini bilýärin, ýöne ony saňa aýdyp bilemok... Ýöne ony saňa aýdyp biljek birini tanaýan.
— Kim? - bilesigeljilikden ýaňa soradym.
— Seniň dini ynanjyňdaky şeýtan, ýagny Iblis...
© Baýramgylyç SAPARGYLYJOW