Ataýewa Bägül

AKPAMYK ertekisi hakynda

“Akpamyk” ertekisi hakynda Ertekiler, hakykatdanam, hyýaly wakalaryň beýanymyka ýa-da olaryň aňyrsynda anyk bir taryhy döwrüň wakalary ýatyrmyka? Ynha, biziň şu makalanyň dowamynda jogap bermäge synanyşjak sowalymyz. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, türkmen halky rowaýatdyr ertekilere örän baý halk. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halk ertekilerini toplamak we neşir etmek işi ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň medeni mirasy ösdürmekdäki tagallalary netijesinde 2007-nji we 20 –nji ýyllarda “Türkmen halk ertekileri” neşir edildi. Bu neşirler öňkülere garanda, göwrüm taýdan uludygy bilen tapawutlanýar. Olaryň…

Ýene-de Dostoýewskiý

F. M. Dostoýewskiniň “Jenaýat we jeza” romanyndaky Raskolnikowyň obrazynyň T. Gobbsyň “Lewiýafan” eseri esasyndaky derňewi (ýa-da “Meniň hakym barmy?” diýen soragyň jogaby) Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiniň “Jenaýat we jeza” romanynyň baş gahrymany Raskolnikowyň obrazynda onuň hak we nähak baradaky garaýyşlarynyň sebäbi ýatyr. Bu iki pikir şahsyýeti gününe goýmaýan we onuň öz barlygyny anyklamakda hereket etmäge itergi berýän güýjüdir. Raskolnikowyň obrazynyň haklylyk (“Meniň hakym barmy?”) we nähaklyk (“ ýa-da gadaganmy?”) konsepsiýasyny derňemek isleýändigimiz sebäpli, bulary meşhur iňlis…

GABRIEL GARCIA MARQUEZ

Bir ertekiniň ýüz ýazgysy (ýa-da Gabriel Garsiýa Markesiň döredijiligine gysgaça syn) Ýazyjy Gabriel Garsiýa Markesiň döredijiligi ertekinem hakykat ýaly kabul etdiribilýändigi bilen tapawutlanýar. Eýsem, şeýle hadysa mümkinmi, eger mümkin bolsa, onda nädip?! Şol bir ertekini aňry gitse on gezek diňläp bolar, ýöne her gezek diňläniňde, ol başgaça mazmunly erteki bolsa, şol bir ertekini diňleýändigiňe şübhelenip ugraýarsyň. Bolmasa ertekidäki gahrymanlaryň häsiýetleri, hereketleri öňki bolşundan asla üýtgänogam . Beýleki ýazyjylar tema, obraz, galyberse-de, beýan edýän wakasynyň mazmun…

DILDE SINONIMLER YOKMY?

Dilde sinonimler ýokmy? (Türkmen we rus dilindäki “urmak” işligi bilen bagly sinonimleriň deňeşdirme derňewi) Kämil dilde sinonimleriň bolup – bolmaýandygy baradaky pikir ikä bölünýär. Eger bir topar sinonimleriň manysynyň biri – birine deňdigi sebäpli, olaryň sinonim hasap edilmäge degişlidigini nygtasa, [1] beýleki bir topar many taýdan biri – birine ýakyn sözleri hem sinonimleriň hataryna goşýar. Sinonimleri diňe many taýdan biri – birine deň sözler hasap edeniňde, leksikografiýanyň işiniň az önümli bolýandygy, munuň ep-esli derejede sinonimik…

Nikolaý Wasilýewiç GOGOL

N.W.Gogolyň “Portret” powesti hakynda Bularyň her biriniň öz döredijilik aýratynlygy bardyr, ýöne umumylykda, olary bir konsepsiýa boýunça seljermek mümkin. M.W.Gogol, F.M.Dostoýewskiý, M.A.Bulgakow – rus prozasynyň sütünleri we biri – biri bilen bagly edebi hadysa diýsek hakykatdan daş düşdügimiz bolmazdy. Bu söz ussatlarynyň döredijiligini göwrüm hem görnüş babatda biri – birine meňzeş sütünlere meňzetmegimiz ýöne ýerden däl. Olaryň döredijiligindäki umumylyk – milletiň ruhuna siňip gidensoň, onuň ruhy keşbini emele getiren hristian dini bilen bagly elementleriň ýazyjylaryň…

EÝRAN-YLHAMYŇ TÄZE RUHY

EÝRAN. YLHAMYŇ TÄZE RUHY Gelip çykyş umumylygynyň birligi hakynda köp taryhy çeşmelere salgylanýan bu iki halk hakynda näme aýtmak bolar? Birinjiden, olar jemgyýet köpçüliginiň dürlüçe atlandyrylyş tertibinde “halk” diýen adalga bilen tapawutlansa, maksadalaýyk bolýar, sebäbi halk – bu taýpa-tire, köpçülik, topar, millet diýip dürli hili atlandyrylýan jemgyýet düzümleriniň içinden göwrümi we görnüşi boýunça iň ulusydyr. Şeýle hem “halk” adalgasy şol jemgyýtede ýaşaýan milleti ähli köpöwüşginliligi bilen suratlandyrmakda iň töwerekleýin adalgadyr. Eýran Yslam Respublikasynda ýaşaýan köpsanly…