Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Nikolaý Wasilýewiç GOGOL

17 minut alar

N.W.Gogolyň “Portret” powesti hakynda

Bularyň her biriniň öz döredijilik aýratynlygy bardyr, ýöne umumylykda, olary bir konsepsiýa boýunça seljermek mümkin. M.W.Gogol, F.M.Dostoýewskiý, M.A.Bulgakow – rus prozasynyň sütünleri we biri – biri bilen bagly edebi hadysa diýsek hakykatdan daş düşdügimiz bolmazdy. Bu söz ussatlarynyň döredijiligini göwrüm hem görnüş babatda biri – birine meňzeş sütünlere meňzetmegimiz ýöne ýerden däl. Olaryň döredijiligindäki umumylyk – milletiň ruhuna siňip gidensoň, onuň ruhy keşbini emele getiren hristian dini bilen bagly elementleriň ýazyjylaryň her birinde dürli – dürli ýüze çykyş hem ýaşaýyş aýrybaşgalygyna seretmezden, şol bir çeşmeden – Injil rowaýatlaryndan öz gözbaşyny alyp gaýdýanlygyndan gelip çykýar. Şu babatda N.W.Gogol beýleki iki söz ussadyna-da görelde boldy. Onuň hakykatda hem edil hyýaldaky ýaly ýaşaýan gahrymanlary okyja dünýäniň we dünýädäki adamlaryň görnüşi ýaly däldigini suratlandyrýan personažlar ulgamy bolmak bilen ýazyjynyň belgilerden, aňlatmalardan, göz öňünde janlandyrmalardan doly dünýäsini kemala getiripdir. Şu nukdaýnazardan N.W.Gogolyň “Portret” powestine uly orun degişli. Ýazyjy powestini adam tebigatyna mahsus bolan haýyr bilen şeriň barlyşyksyz göreşini beýan etmäge bagyşlapdyr. Powest Şukiniň howlusyndaky surat dükanynda bolup geçýän wakalardan başlaýar. Ýazyjy durmuşy töwerekleýin beýan etmek üçin durmuşyň mysalynda surat dükanyny, durmuşdaky adamlaryň mysalynda bolsa suratdaky çekilen gahrymanlary alypdyr. Edebiýatda uly bir zady (dünýäni, durmuşy, abstrakt düşünjeleri) kiçeldip görkezmek, uly bir zady kiçi bir zat bilen obrazlaşdyrmak däbi ýörgünli. Şeýle bolansoň, durmuşyň ähli koloritini aýdyň beýan eder ýaly ýazyjynyň surat dükanyny saýlap almagy hasam ýerine düşüpdir. Bu şowly meňzetme okyjyda bada-bat suratyň içindäki gahrymanlaryň özi ýaly adamdygyna, aslynda durmuşyň özüniň kimdir biri tarapyndan çekilen suratdygyna düşünmäge ýardam berýär. Powestiň başyndaky surat dükanynda bolup geçýän gaý-da – gaýmalaşyk Adam ata bilen How eneden gaýdan ynsan nesliniň gitdigiçe ýer ýüzünde köpelip, mundan beýläk ýaşamak üçin başagaý bolup ýörüşlerini erksiz ýadyňa salýar. Surat dükanyndaky suratlaryň dürli – dürlüligi bolsa, milletleriň wagtyň geçmegi bilen aýry – aýry toparlara bölünendigini ýatladýar. Powestde suratlary synlap duran mähelläniň hemmesiniň suratlara gyzyklanma bilen seredýändigini aýdyp bolmaz. Pallap duran lakeýem, şinelli esgerem, edere iş tapman ýören beýleki adamlaryň her birem suratlaryň mazmunyna özüçe düşünýär. Ýokarda belleýşimiz ýaly, surat dükünynyň üsti bilen durmuşyň, suratdaky gahrymanlaryň üsti bilen adamlaryň aňladylýandygyny göz öňünde tutsak, onda özüniň ýa-da beýlekileriň durmuşyna akyl ýetirmäge her kimiň güýjüniň çatmajakdygy, asla beýle derejä her kimiň mynasyp däldigi öz-özünden düşnükli bolýar duruberýär. Ana, şolar ýaly pursatda-da, ýagny durmuşa we durmuşdaky adamlara düşünýän gahrymanyň ýoklugynda ýazyjy tötänden dükanyň gapdalyndan geçip barýan ýaş suratkeş Çartkowy powestiň sahnasyna getirýär. Aslynda biz ýaş suratkeş Çartkow hakynda nämeleri bilýäris?! Ol şeýlebir öz işine berlen adam welin, hatda, ony öz eginbaşam kän bir alada goýup baranok. Ýaş suratkeşiň ýüreginde iň ajaýyp suratlary çekmek, durmuşy surata siňdirip, adamlara görkezmek höwesi ýatyr. Çartkow haýsy suratyň sungat eseridigini, haýsysynyň bolsa, ýöne bir wagt ýitirilip çekilen reňkleriň sudurydygyny oňat bilýär. Şonuň üçinem dükanyň satyjysynyň salgy berýän suratlaryny däl-de, “göwher kül içinde” diýen nakyla uýup, hiç kimiň üns bermeýän suratlaryny gözleýär. Baş gahrymanyň bu hereketiniň sebäbini diňe “külüň içindäki göwher’ bilen düşündirmek ýeterlik däldir. Ýaş suratkeşiň beýleki suratlary satyn almaga puly ýok, şonuň üçinem ol göwheri külüň içinden gözlemäge mejbur. Diýmek, ýaş suratkeş Çartkow islän suratyny satyn almaga güýji ýetmeýän garyp adam. Onuň garyplygynyň sebäbini iki manyda düşündirmek mümkin. Birinjiden, garyplyk – bu ýerde abstrakt düşünje – islendik adamda maddy ýagdaýlar bilen bagly bolmadyk ruhy garyplyk az ýa-da köp derejede bar bolsa gerek. Şol sebäplem her bir adam öz durmuşynyň dowamynda bar bolan ruhy garyplygynyň ýerini doldurmaga, öz gözýetimini giňeltmäge çalyşýar. Bu hadysa, aýratynam, döredijilik adamlarynda güýçli duýulýar. Olar tutuş ömürlerini ruhy baýlygy toplamaga bagyşlaýarlar. Geçmişdäki beýik söz ussatlary bolan Sokrat, Konfusiý, Magtymguly Pyragy , bu sanawy ýene artdyrmak mümkin, özlerini “garyp, pukara, ejiz’ diýip atlandyranlarynda, garyplygyň şu manysyny göz öňünde tutan bolsalar gerek. Şeýlelikde, Çartkow “gözellige”, ruhy baýlyga teşne garyp suratkeş. Ikinjiden, eger-de powestiň baş gahrymany garyp adam däl-de, islendik suraty satyn alybilýän barjamly gatlagyň wekili bolan bolsa, onda oňa gerekmejek, gara şaýa-da durmaýan suratlaryň içinden sungat eserini tapmaga ymtylmak gerek bolardymy?! Biziň pikirimizçe, gerek bolmazdy. Ol islän wagty halan suratyny satyn alyp, dükandan çykyp gidibilerdi. Diýmek, ýazyjy bu ýerde baş gahrymany garyp suratkeş etmek bilen okyja onuň ruhy baýlyga bolan ymtylmasynyň derejesini görkezmek isläpdir. Eýýäm şo pursatdan okyjyda ýaş suratkeşiň näme tapjakdygyna, tapyndynyň nähili eserdigine bolan gyzyklanma döräp ugraýar. Uzak garaşmazdan, ýazyjy Çartkowyň tapyndysyny suratlandyryp başlaýar. “ eto byl starik s lisom bronzowogo sweta, skulistym, çahlym, çerty lisa kazalos byli shwaçeny w minutu sudorožnogo dwiženýa i otzywalis ne sewernoýu siloýu”[1]

Kimdir birini ýatladanokmy? Türkmen edebiýatynda hem şeýleräk keşpde suratlandyrylan garry adamlar bar. Olaryň hatarynda “Görogly” eposyndaky Zulman kempiri, K. Gurbannepesowyň “Taýmaz baba” poemasyndaky garry mamany we beýlekileri goýmak mümkin. Ady agzalan eserlerdäki garry adamlaryň hemmesi-de otrisatel keşpde suratlandyrylypdyr. Eger-de K.Gurbannepesowda gözleri içine çöküp giden garry mama garyplygyň simwoliki aňladylmasy bolsa, “Görogly” eposyndaky Zulman kempir ynsan mekirligini alamatlandyrýar. Garrylyk – N.W.Gogolyň eserinde-de haýsydyr bir ösüşiň jemlenmesi, gutaran görnüşi. Özem bu ösüşe eserdäki garrynyň aýylganç keşplidigine, göreniňden ýakymsyz duýgulary oýarýandygyna esaslanyp, oňyn däl ösüş diýmek bolar.  Beýleki awtorlarda bolşy ýaly, Gogolda-da portretdäki garrynyň esasy aýratynlygy hökmünde onuň adaty däl gözleri çykyş edýär. Ýazyjy “garrynyň gözleri portretden seredip durşuna geň janlylygy bilen onuň sazlaşygyny bozýan ýalydy”[2] diýip belleýär. Portretdäki garrynyň gözleri seretdigiňçe janlanýar, janlanýar-da göreni jadylamaga başlaýar. Şeýle bolansoň, ýaş suratkeş Çartkow nä akylyna şo portreti satyn alandygyna-da düşünip ýetişmeýär. Umuman, haýsydyr bir jadynyň täsiri astynda, onda-da gara jadynyň täsiri astynda hereket etmek Gogolyň gahrymanlaryna mahsus. Edebiýatda “Gogolyň stili” diýlip atlandyrylýan bu stilde wakalar görnüşi ýaly däl. Portretdäki garry okyjyny birahatlandyryp dur. Okyjy ýaş hem-de garyp suratkeşiň durmuşyna nähilidir bir ýakymsyzlygyň aralaşýanyny syzýar, ýöne onuň näderejedäki ýakymsyzlykdygyny saýgarmaga welin entek güýji ýetenok.

 Dükandan çykyp, öýüne barýarka, Çartkow portret üçin tölän iki köpüginiň soňkuja puludygyny kellesinde aýlaýar. Onuň birden pikirleri bulaşýar, keýpi bozulýar, bolup geçýän zatlara biperwaýlyk bilen seretmäge başlaýar. Şu ýagdaýyň üstesine portretdäki garrynyň keşbem, portretiň satyn alnyşam okyjyda nämedir bir göwne laýyk zadyň ýetmezçiligini döredýär. Bu ýagdaý, aýratynam, portretiň öýe getiriliş pursatynyň beýanynda oňat şählelenipdir, ýagny Çartkow öýüne gelensoň, otagyň garaňkylygyna üns berýär. Ol hyzmatçy ýigitden otagyň içinde şem ýakmagy soraýar, ýöne hyzmatçy ýigit ýakar ýaly şemiň şu günem, düýnem bolmandygyny aýdýar. Göräýmäge adaty durmuşda gabat gelnäýjek, her kimiňem düşüp göräýjek ýagdaýy. Ýöne Gogolyň belgilerden, alamatlardan doly dilinde bu eýýäm nähilidir bir betbagtlygyň başlangyjydyr. Rus halkynda “Da budet swet” diýen meşhur jümle bar. Bu jümle öz gözbaşyny hristian dinine uýýanlaryň baş kitaby bolan Injilden alyp gaýdýar. Injile görä, Isa pygamber adamlary garaňkylykdan[3] ýagtylyga alyp çykjak halasgär bolany üçin onuň elinde köplenç ýanyp duran şem bolupdyr. Şo sebäpli ruslar amanadyny tabşyran adamlaryň ruhuna doga okap, şem ýakýarlar. Ynanja görä, şem – ýagtylyk bolup, ähli şeri, erbetligi, gara güýji ýanan ýerinden kowýarmyşyn. Arwahdyr jynlaryň ýa-da başga bir gara güýçleriň ýagtylykda göze görünmeýändigi baradaky yrymlar diňe bir rus milletinde däl, eýsem, beýleki milletleriň hem yrymdyr ynançlarynda gabat gelýär. Biziň halkymyzda-da ýagtylygy haýra, garaňkylygy şere ýormak däbi ýörgünli. “Ýoluň ak bolsun”,  “Ýatan ýeri ýagty bolsun” ýaly söz düzümlerinde türkmen halkynyň ýagtylyga bolan gatnaşygy aýdyň ýüze çykypdyr. Baryp-ha, otparazlyk döwründen bäri adamlar ýagtylygy keramatlaşdyrypdyrlar, garaňkylykdan bolsa heder edipdirler. Ynsan durmuşynda bolup geçýän köp betbagtlyklaryň gije suratlandyrylmagy hem şondan bolsa gerek. Adamlaryň ilkibaşdan kabul edişi ýaly, gije – bu gara güýçleriň höküm sürýän wagty. Rus halkynda hem şu düşünjeler bilen bagly yrymlaryň giden tapgyry ýatyr. Olar şem ýakan predmetiniň öňünde şemleri sönäýse, betbegtçylyga diýip düşünýärler, şemiň gara güýçleriň bar ýerinde ýanmaýandygyna ynanýarlar. “Neçist” –  rus halkynda bu ýagdaýy şeýle adalga bilen aňladýarlar. Eger portretdäki garrynyň janly ýaly gözleri öň okyjyda nähilidir bir oňaýsyzlygy döreden bolsa, indi olar şem almaga-da puly bolmadyk ýaş suratkeşiň garyp öýüne gelenden soň, anyk otrisatel obraza geçýärler. Garrynyň gorkunç peträp duran gözlerinden suratkeşe goranmak gerek, ýöne ýaş suratkeş gorkynyň öňünde titrejeklerden, öz meýlinden aňsatlyk bilen boýun towlajaklardan däl. Ýazyjy Çartkowyň häsiýetini bir wakanyň üsti bilen örän şowly açypdyr. Çartkowyň ýaşlykdaky halypasy oňa bir gezek “sen örän kanagatsyz adam, şonuň üçin häzir bolgun” diýip maslahat berýär. Ol Çartkowyň bir ýerde durmaga karary ýetmeýän, barha we barha belentliklere ymtylýan tebigatyna gowy düşünýär. Belentligiň köplenç adamlaryň primitiw göz öňüne getirişinden, ýagny baýlyk we şöhrat toplamaga bolan ymtylyşdan başga zatdygy üçin ol öz şägirdini şöhratparazlykdan halas etmek isleýär. Ýaş suratkeş birbada halypasy bilen ylalaşýaram, ýöne “gan bilen giren jan bilen çykar” diýleni-dä. Ol bir-de Rafaeliň jadyly galamynyň inçe tilsimlerini öwrenmäge başlasa, bir-de ünsi Gwida, ondan soň Tisiana düşýär. Şo wagtlardaky ýaş suratkeşiň bolup ýörşi okyjynyň aňynda janhowluna urunýan hassanyň obrazyny kemala getirmäge kömek edýär. Biz onuň suratkeşleriň garyp durmuşy barada pikir edip ýörşüne, günleriň bir güni “jan berşiniň”, ýagny düýbünden başga adama öwrülişiniň şaýady bolýarys.  Ol öz içki protestini – garşylygyny şeýleräk sözlem bilen aňladýar: “Hawa, sabyr etmeli, sabyr etmeli, haçana çenli sabyr etmeli?! Beýdip ýörşüme meni ertir kim tanasyn?” Şeý diýip gygyryp durka, Çartkowyň birden özüni gözi bilen iýäýjek bolýan portretdäki garra gözi düşýär. Suratkeş ondan edil diri adamdan gorkan ýaly gorkup, hyzmatçy ýigidi çagyrmak isleýär, ýöne birsalymdan onuň birwagtky satyn alan portretidigine düşünip, öz bolşuna gülýärem. Portretdäki garrynyň edil şo wagt, ýagny suratkeşiň öňki ahlak kadalaryndan el çekip, sabyr etmeklikdan boýun towlaýan wagtynda ýadyna düşmegi ýönekeý bir tötänlik däl. Eger-de aýylganç gözli garryny haýsydyr bir gara güýçleriň birleşen – assosiatiw obrazy diýip alsak, onda onuň Çartkowyň sabyr etmegi bes edip, baýlyga ymtylmak isleýän pursatynda sahna gelmegine powestiň öwrülişikli pursaty diýip bolardy. Nädip öwrülişikli pursaty bolmasyn?! Geljekde biziň ýaş suratkeşimiz öňküsi ýaly diňe galamdyr reňk almagyň, sungat döretmegiň aladasyny etmän, baýlyk toplap, meşhur bolmagyň aladasyny etmäge başlaýar ahyryn. “seredýär, seredýär, adam gözleri bilen seredýär” diýýän wagty Çartkow şol gözleriň iň soňunda öz gözlerine öwrüljekdigini gümanam edenok. Sebäbi baýlyk hem şöhrat gazanmak barada pikir edip başlandygyna seretmezden, ýaş suratkeşiň ýüregindäki gözellikler şobada betnyşanlyga öwrülmeýär. Ol entegem suratkeşleriň garyp hem nebsagrynç durmuşy barada pikir edýär. Portretdäki garrynyň janly gözleri bolsa, indi bir pursadam Çartkowy gözden salanok. Diýmek, ýaş suratkeşiň indi öz  eden “öwrülişiginden” gutuljak gümany ýok. Ýöne bu “öwrülişik” nämäniň haýryna gutararka? Ynha, okyjyny pikirlendirýän, ýene powestiň yzyna düşüp gitmäge mejbur edýän sorag. Çartkowa bu “öwrülişigiň” ýeňil düşmändigi onuň başdan geçirýän gara basmalaryndan belli. Ol huşunda-da düýşde ýa-da tersine, gezip ýören ýaly bolýar. Onuň göwnüne, portretdäki garrynyň gözleri hemme ýerden oňa seredip dur. Psihologiýada bu ýagdaýa “göwnüňe getirmek” diýýärler. “ ... w osnowe wnuşenii ležit oslableniýe deýstiwýa soznatelnogo kontrolýa, osuşestwlýaýemogo w otnoşenii wosprinimaýemoý informasii”[4] Şu nukdaýnazar boýunça seretseň, onda Çartkow, hakykatdanam, öňki pikirlerinden, ahlak garaýyşlaryndan el çekip, özünde täze garaýyşlary kemala getirmäge başlan adam bolany üçin, göwne getirmäge ýykgyn bolmaly. Ana, şeýle Çartkow üçin ýönekeý bolmadyk günleriň birinde-de okyjy eseriň kulminasiýasyna ýakynlaşýar. Aý – aýdyň gijeleriň birinde ýaş suratkeşiň halys ukusy tutanok. (Biz ýazyjynyň ýöne ýerden aý-aýdyň gijäni saýlamandygyny, gadymy wedma rowaýatlaryna görä, hut aý-aýdyň gijede ähli gara güýçleriň ýer ýüzüne çykýandygy baradaky ynançlary agzamaly) Şol ukusyz gijede-de suratkeş düýş görýär. Düýşünde gözleri janly garry portretiň çarçuwasyndan çykýar-da, portreti silkip goýberýär welin, ondan her biri müň çerwonese[5] deň pul kagyzlary gaçyp ugraýar. Aýylganç gözli garry suratkeşe barmysyňam diýmän, pullaryny sanap jemleýär-de, ýene öňki ýerine – portretiň çarçuwasyna tarap ýönelýär. Şo ikaralykda suratkeş garrynyň galdyryp giden pul dolangy kagyzlarynyň birini almaga ýetişýär. Ogurlyk eden adam özüňize belli. Ol puluny idäp, yzyndan garrynyň gelmeginden gorkýar we gorkdugyça-da, ýüregi tarsyldap ýarylaýsam diýýär. Birdenem ol garrynyň aýak seslerini eşidýär-de, gorkudan ýaňa ukudan oýanýar. Ýöne powesti okadygyňça, bu ahwalatyň düýş däl-de, geljekde suratkeşiň başdan geçirjek durmuşydygyna göz ýetirýärsiň. Ýazyjy baş gahrymanyň başdan geçirjek durmuşyny düýşüň üsti bilen şeýlebir simwolik aňladypdyr welin, simwolyň köplenç okyjy üçin “doň” belgiler ulgamydygyna seretmezden, örän ynandyryjylykly çykypdyr. (Edil şular ýaly usul F.M. Dostoýeskide-de bar. Seret “”., )

Çartkowyň düýşi hasyl bolýar. Ol, hakykatdanam, tötänlikde portretiň çarçuwasyndan çykan pul kagyzlarynyň eýesine öwrülýär. “Gyzyl görse, Hydyr azar” diýleni. Pullara akylyny gidiren Çartkow özüne ägirt uly baýlygy sowgat beren garrydan öňküsi ýaly gorkman başlaýar. “ oni uze ne kazalis emu straşnymi, no wsyo ýeşýo w duşe ostawalos wsýakiý raz newolno nepriýatnoe çuwstwo”[6] – diýip, Gogol aňsatlyk bilen tapylan pullaryň ýaş suratkeşi üýtgedişini belleýär. Sözümiziň şu ýerinde günbatar edebiýatynda başga-da şu zeýilli sýužetli eserleriň bardygyny aýtmak gerek. Şeýle hili eserleriň garşylyk liniýasynyň mazmuny, umuman, garyp hem-de päk ýürekli baş gahrymana erbet niýetli, dogry ýoldan azdyryjy beýleki bir mekir gahrymanyň duşup, päk ýürekli gahrymany pul we şöhrat bilen azdyryşyndan, öz maksadyna gulluk etdirişinden, iň soňunda bolsa, beren puly hem-de şöhraty üçin elhenç muzd alşyndan ybarat diýmek bolar. Etapma – etap boýunça, bular şeýleräk basgançaklarda ýüze çykýarlar: 1) Arassa niýetli, ýöne garyp gahrymana erbet niýetli gahrymanyň duşmagy; 2) erbediň gowyny öz tarapyna çekmegi; 3) gowynyň erbede öwrülmegi; 4) erbediň gowudan muzd almagy.

 Çartkowam ilkibadalar päk ýürekli, hiç kime erbetlik islemeýän suratkeş, ýöne onda öz gününe şükranalyk ýok. Onuň garyp, mätäç günde ýaşasy gelenok-da, ähli zada ygtyýary ýeter ýaly, baý günde ýaşasy gelýär. Ol munuň üçin sabyr etmäge, kaýyllyk bilen garaşmaga razy däl. Razy bolmaýşam ýaly, ol birden ägirt uly baýlygyň eýesine öwrülýär oturyberýär. Gözleri janly ýaly peträp duran garrynyň suraty çekilen portret – ýaş suratkeşe baýamaga kömek edýär. Ýokarda belleýşimiz ýaly, portret bu ýerde – erbet sypatlaryň, anyk aýdanymyzda, sabyrsyzlygyň, şöhrata kowalaşmagyň, baýlyga ymtylmagyň – birleşen (assosiatiw) obrazydyr. Ýaş suratkeşiň özünde bar bolan gowy gylyklary baýlyk üçin ýok etmegi Magtymguly Pyragynyň “Işi rowaç tapar bet iş tutanyň...” diýen setirlerini biygtýar ýadyňa salýar. Hakykatdanam, Çartkowyň işleri birbada ugrugýaram. Ol ilki bilen öz eginbaşyny täzeleýär. Adamyň näderejede üýtgändigini onuň eginbaşy habar berýär. Öňler Çartkowy adamlaryň diňe içki dünýäsi gyzyklandyran bolsa, indi tersine, ol daşky geýime ähmiýet berip başlaýar. Edebiýatda bu ösüşe – aşagyň ýokary, ýokarynyň aşak öwrülme hadysasyna – antiteza diýilýär. “Baýlygyň perzendi şöhrat” diýişleri ýaly, Çartkow harçlaýan pullaryna minnetdarlykda, gazet – žurnallarda öwlüp başlanýar. Indi onda hemme islän zady – baýlygam, şöhradam bar. Şu ýerde biz ýokarda agzan sýužetimiziň ikinji etabyna, has takygy, erbet niýetli gahrymanyň päk ýürekli gahrymany öz tarapyna çekeninden soň, öz haýryna ulanyşyna çenli ýetdik. Bu baýlygyň içindäki nähilidir bir näsazlyklary Çartkowam aňlaýar. Surat çekdirmek isleýän baý müşderiler örän kejir hem-de özdiýenli. Olar ýaş suratkeşiň isleýşi ýaly däl-de, öz talap edişleri ýaly surat çekilmegine öwrenişen adamlar. Şo sebäpli Çartkow öz görşi ýaly däl-de, baý gatlagyň wekilleriniň kütek garaýyşlary boýunça surat çekmäge mejbur bolýar. Bu- da öz gezeginde onuň tiz wagtdan “medalyň iki tarapynyň bardygyna’ göz ýetirmegine ýardam berýär. Hawa, ol baý hem-de meşhur. Ýöne meşhurlygy saklamak üçin ylalaşsaň – ylalaşmasaň, müşderileriň göwnüni görmeli. Müşderiler bolsa örän işli adamlar. Olara içki dünýäsini surata siňdirip, iň ownujak duýgularam ýüze çykarýan suratkeş däl-de, öz göwün isleýişleri ýaly şekillendirýän suratkeş gerek. Olar Çartkowdan gysga wagtyň içinde öz göwün söýen suratlaryny çekmegi soraýarlar. Gysga wagtyň içinde bolsa, sungat döredip bolýarmy?! Sungat – gözlegiň ugrunda ukusyz geçirilen gijeleri, örän çalt geçýän gündizleri talap edýär ahyryn. Tizligiň bar ýerinde wagt, wagt bilen birlikde bolsa sungatam ýitýär ahbetin. Ýöne örän şähratly durmuşa teşne Çartkow öz döredijilik ýörelgelerine garşy gidip, müşderileriň isleýän suratlaryny çekmäge başlaýar. Ilkibadalar onuň azajygam bolsa, çekýän suratlaryna gözellik, hakykylyk, originallyk goşasy gelýär, ýöne tiz surat çekmek zerurlygy uzagyndan bujagaz erkinligem elinden alýar. Çartkow mundan beýläk Rafaýele, Tisiýana öýkünjek bolup, ynsan ruhunyň içki sypatlaryny haýsy detalyň üsti bilen bermelidigini gözleýän suratkeş däl-de, Rafeýele, Tisiýana pitjiň atyp, olary bir zadyň ugrunda uzak gözlegde bolan zähmetkeşlere meňzedýän suratkeş hökmünde örboýuna galýar. Çartkowy öňden tanaýan adamlar ondaky talantyň nirä ýok bolanyny bilmän, eginlerini gysýarlar. Soňabaka ony şöhratam begendirmän başlaýar. Ol durmuşyň tagamyny ýitiren diri ölülere meňzäp, hiç bir şatlyga goşulyşman ýaşaýar. Onuň bar şatlygy altyn teňňeleriň şaňňyrdysyndan durýar. Ýazyjy eseriň şu kulminasion pursatyny: “Zoloto sdelalos ýego strastýu, ideýalom, strahom, naslazdenýem, selýu”[7] diýip belläpdir. Diýmek, Çartkow üçin altyn teňňeler onuň idealy, ömrüniň manysy bolmaly. Şu ýerde okyjynyň ünsüni idealyň tebigatyna gönükdirmegi makul bildik. “Ideal – nrawstwennyý – predstawleniýa o nrawstwennom sowerşenstwe, ...buduçi osnowoý tworçestwa w lýuboý oblasti deýatelnosti, služit odnowremenno i kriteriýem osenki prekrasnogo žizni i w[8] iskusstwe” Çartkow üçin öňler sungat eserleri ideal bolan bolsa, baýlygyň köpelmegi bilen ol pullary idealy hasaplap başlapdy. Ine, şolar ýaly günleriň birinde-de ony Suratkeşleriň Akademiýasyna gelip, beýleki bir suratkeşiň döreden eserine baha bermegi soraýarlar. Beýleki bir suratkeş diýýänimiz Çartkowa düýbünden meňzemeýän gahryman. Gogol onuň Rimde – suratkeşler üçin özboluşly döredijilik ussahanasynda bilim alandygyny, pula we şöhrata gyzmaýandygyny, edil derwüşler ýaly ýaşaýandygyny, öz eginbaşy ýa-da özüne näme diýjekdikleri hakynda aladalanman, diňe sungat döretmegiň höwesinde gezýändigini üç-dört sözlemde beýan edipdir. Ýöne şunuň özem bu suratkeşi Çartkowa garşylyklaýyn gahryman diýmek üçin ýeterlik. Çartkow şo suratkeşiň döreden suratyny görmäge baranda, daş – töwerekdäki adamlaryň ümsümligine ünsi çekilýär. Tiz wagtdan ol özüne ýat bolup giden bu ümsümligiň öňünde hiç zat geplemezden, lal hem-de güň adamlar ýaly bolup durýar. Nädip geplesin?! Ol öz öňünde şeýlebir ajaýyp suraty görýär welin, bular ýaly sungaty diňe ýüreginden geçirip gören, iň ajaýyp sypatlary janlandyrmaga çalşan ussadyň döredip biljekdigine düşünýär ahyryn. Şo pursat Çartkowyň boşan ýüregi janlanan ýaly bolýar. Onuň näler öňündäki sungat eserini pese düşüresi, ähmiýetini gaçyrasy gelse-de, hiç zat gepläbilmän, ussahanasyna dolanýar. “Wes sostaw, wsýa žizn ýego byla razbužena w odno mgnoweniýe, kak budto molodost wozwratilas k nemu, kak budto potuhşiýe iskry talanta wspyhnuli snowa”[9] Ýazyjynyň şu setirlerinden Çartkowyň örän kyn ýagdaýa düşendigi bildirýär. Ol sungaty däl-de, baýlygy saýlan pursaty bular ýaly güne düşerin öýtmeýärdi. Asla-da şeýle sungatyň bardygyna, bolubiljekdigine ynanmaýardy. Ol gaty ýeňillik bilen öz idealyna dönüklik edipdi, öz idealyny çalşypdy, sungaty däl-de, şöhraty saýlapdy. Ine, indem kimdir biriniň sungat döredendigi, aslynda özüne degişli bolan paýy alandygy Çartkowyň ganyny gaýnadýar. Asyl görüp otursa, onuň zerur hasaplan zady aslynda idealam däl ekeni. Meşhur nemes filosofy, 20-nji asyryň belli idealistleriniň biri F. Niçşede “” diýen setirler bar[10]  Sada dilde aýdanymyzda, idealyna ýeten adam, onuň doly eýesi bolýar we isledigiçe idealyny ulanyp bilýär. Ýöne Eýe peýda  bolansoň, öňki ideal bolan obýekt özüniň ýokary tebigatyny ýitirýär. Ol eýýäm “tutulan guşa” meňzeýär. Ösüşiň belli bir menzili ýok, şo sebäplem adamlar ideallaryna ýetensoňlaram, ony her dürli gözýetimler bilen baýlaşdyrypdyrlar. Netijede, proses – waka ýüze çykypdyr. Wakany döretmek hökmanylygy Kämilligi talap edipdir. Wakanyň dowamlylygyny gazanmak we ony dürli gözýetimler bilen giňeltmek üçin adamlar öz idealyny söýmeli bolupdyrlar. Diňe şeýden pursatyňda idealyň ýaşamak mümkinçiligi ýüze çykýar. Bu mümkinçiligi elden gidiren adam hazan uran gül ýaly tiz wagtdan süllermek bilen bolýar. Çartkowam şeýle betbagtlaryň hilinden. Ol indi näçe ökünse-de, “soňky tüýkülik sakgal ezenok” Çartkowyň döredijilikde täze – täze ösüşleri amala aşyrybilmeýändigini ýazyjy: “Na každom şagu on byl ostanawliwaem neznaniýem samyh perwonaçalnyh stihiý”[11] diýip belläpdir. Diýmek, öz idealyna ýetmek Çartkowa başartmandyr. Başarmag-a beýlede dursun, ol hatda, özünde haçanam bolsa birwagt talantyň bolandygyna-da şübhelenip ugraýar. Şol wagt onuň gözi birden Şukiniň howlusyndaky dükandan alnan portrete düşýär. Suratkeşiň baý hem-de şöhratly durmuşynda özüni unutdyrmaga ýetişen aýylganç garrynyň janly gözleri ýene suratkeşe tarap dikilen. Ol edil ähli betbagtçylygyň çeşmesi – Sebäbi ýaly bolup sahnada täzeden janlanýar. “Ynha, men” diýip özüni görkezýän ýaly bolýar. Portret suratkeşe baýlygy berdi, baýlyk bolsa şöhratparazlygy oýardy. Şöhratparazlyk bolsa suratkeşdäki ähli gözelligi ýok etdi. Munuň hut şeýledigine Çartkowam düşünýär. Ol özünde bar bolan gözelligi, ideallygy kämilleşdirmän, olaryň soňuna çykdy. Şeýdibem,  özündäki ähli gözellikleri ýok edijä öwrüldi. Bu ahwalata içi ýanyp, nirededir bir ýerde sungat eserini göräýse, dabanynyň aşagyna salyp depgilemegi, ýyrtym – ýyrtym edip, içiýangynly gülmegi çykardy. Ýöne eýsem, sungaty düýpgöter ýok edip bolarmy? Elbetde, bolmaz! Sungat adam ömründen tapawutlylykda wagtlaýyn ýaşamaýar. Ol adamzada dahylsyz hakykatyň gözelligi, gözelliginiň dürli görnüşlerde ýüze çykmasy. Adamlar sungata diňe gulluk edip bilerler, ýöne şol gulluk gözelligiň özi ýaly arassa bolmaly. Bardy – geldi, ony Çartkowyň edişi ýaly, öz haýryňa ulanmak isläýseň, diňe özüň hakda pikir edip, diňe öz bähbidiňe gulluk edäýseň, ol seni hataryndan çykarýar. Ana, şonda ruhy boşluk, göriplik, tutuş dünýä bolan gahar, adamzada bolan ýigrenç döreýär. Ýigrenç bilen gazabyň bolsa ömri ýok, şol sebäplem Çartkow aýylganç yza çekmek bilen, iň soňunda öz – özüni gynap, rahatlyk tapman urunmak bilen ömrüni tamamlaýar.

 Beýik rus ýazyjysy N.W.Gogolyň “Portret” powesti ahlak – estetik garaýyşlaryň iň uly meselesine – haýyr bilen şeriň hemişelik göreşine bagyşlanypdyr. Ýazyjy bu powestiniň üsti bilen şeýtanyň alyna gidip, baýlyga hem-de şöhrata gyzman, öz içiňdäki gözellige dönüklik etmän, barha kämilleşmäge, özüňdäki gözelligi ösdürmäge we sungatyň bir bölegine öwrülmäge çagyrypdyr. Ahlak gymmatlyklarynyň üýtgeýän döwründe hasam wajyp orna eýe bolmak bilen “Portret” powesti türkmen okyjylarynyň içinde-de mynasyp ornuny tapar diýip umyt edýäris.

 

                                                                         Bägül ATAÝEWA 


 


[1] N.w. gogol “hudožestwennaýa literatura” moskwa 1969 str 487

[2] Seret 488

[3] Garaňkylyk bu ýerde – gapyllyk, nadanlyk, habarsyzlyk manyda (Bellik awtoryňky)

[4] Psihologiçeskiý slowar “pedagogika” Moskwa 1983 str 51

[5]

[6] Str 501

[7] Seret 512

[8] Filosofskiý slowar, M., Politizdat, 1968, str 123

[9] Seret, str 514

[10]

[11] Seret str 515

19 |
|