Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ýene-de Dostoýewskiý

10 minut alar

F. M. Dostoýewskiniň “Jenaýat we jeza” romanyndaky Raskolnikowyň obrazynyň T. Gobbsyň “Lewiýafan” eseri esasyndaky derňewi

  (ýa-da “Meniň hakym barmy?” diýen soragyň jogaby)

Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiniň “Jenaýat we jeza” romanynyň baş gahrymany Raskolnikowyň obrazynda onuň hak we nähak baradaky garaýyşlarynyň sebäbi ýatyr. Bu iki pikir şahsyýeti gününe goýmaýan we onuň öz barlygyny anyklamakda hereket etmäge itergi berýän güýjüdir. Raskolnikowyň obrazynyň haklylyk (“Meniň hakym barmy?”) we nähaklyk (“ ýa-da gadaganmy?”) konsepsiýasyny derňemek isleýändigimiz sebäpli, bulary meşhur iňlis filosofy Tomas Gobbsyň “Lewiýafan” atly eseri esasynda derňemegi makul bildik. Sebäbi T. Gobbsyň bu eseri raýat hukuklaryny kesgitleýän gollanma bolup, ol häzirki zaman raýat hukuk öwreniş ylymlarynyň we köpsanly kanunlaryň esasyny düzýär.

 Ilki bilen Raskolnikowy jenaýat etmäge mejbur edýän (biziň bu ýerde “iterýän sebäpler” diýen adalgany ulanmakdan saklanýandygymyzyň sebäbi itermegiň mejbur etmegiň ilkinji basgançagy bolup durýanlygyndan gelip çykýar. Raskolnikowyň obrazy bolsa, düşen ahwalyndan aýňalybilmän, barha we barha “iteriji güýje” garşy çykybilmedik, diýmek, mejbur bolan adamyň obrazydyr) sebäpler barada agzasak, awtor ol sebäpleriň hemmesini diýen ýaly diňe bir ýagdaýyň - Garyplygyň içinde jemläpdir. Garyplyk romanda dürli röwüşlerde janlanypdyr:

   Garyplyk – alaçsyzlyk

   Garyplyk – biçärelik

  Garyplyk – dilegçilik

  Garyplyk – boýun egijilik

Şu ahwallaryň assosiasiýasy (birleşmesi) romanyň baş gahrymanynyň obrazynyň esasy içki we daşky öwüşginini görmäge ýardam edýär. Eger şu ahwallaryň jemini bir sözde atlandyrmaly bolsa, onda oňa “melanholiýa” (göwnüçökgünlik) diýmeli bolardy. “Adamyň ruhy ejir çekmeleri ony esassyz gorkmaklyga iterýän, adatça, melanholiýa diýlip atlandyrylýan dälilikidir”[1] Şu kegitleme Raskolnikowyň ruhy ahwalynyň kesgitlemesidir. “Uzak görgüler adamy tirana öwürýär” – diýip, nemes filosofy F. Niçşe “Zaratustra şeýle diýipdir” atly kitabynda belläpdi. Hut uzak görgüler we dynuwsyz ejir çekmeler adam aňyny üýtgedýär. Şeýlelikde, tebigaty boýunça örän gorkak adam hiç kimiň milt edibilmejek hereketlerine baş urýar. Gorkak Raskolnikow batyr Raskolnikowa öwrülýär. Ol öz – özünden: “Nähili işi amala aşyrjak bolýan, şol bir wagtda-da nähili biderek zatlardan gorkýan?” – diýip soraýar.[2]  Indiki basgançak romanyň baş gahrymany Raskolnikowyň ýokardaky agzalan garyplyk dünýäsine bolan gatnaşygy. Onuň garyplyk – alaçsyzlyk jähtden gatnaşygy – ejiz bolasy gelenok, garyplyk – biçärelik jähtden gatnaşygy – munuň bir çäresini tapasy gelýär, garyplyk – dilegçilik jähtden gatnaşygy – ol, hatda, öz dosty Razumuhindenem kömek sorap bilmeýär, sebäbi şol kömegiň öz “garyplygyny” aradan aýrybiljekdigine bolan ynamy ýok, garyplyk – boýun egijilik jähtden gatnaşygy – ol özüni düýbünden boýun egmäge ukypsyz adam hasaplaýar. Şol döwürlerdäki Raskolnikowyň obrazy ummanyň düýbündäki ýer titremäniň obrazyna çalym edip dur.

 Ýokardaky aýdylanlardan Raskolnikowyň garyplyga bolan gatnaşygyny Ýigrenç duýgusy bilen häsiýetlendirmelidigi baradaky pikir gelip çykýar. Diýmek, Raskolnikow garyplygyndan diňe bir närazy bolman, ol ony ýüregi bilen ýigrenýär. T. Gobbs ady agzalan eserinde ýigrenji, hyjuwy, dogruçyllygy, açgözlügi – jenaýatyň sebäpleri hökmünde kegitläpdir. (seret: sah.231) “Adam nämäni ýigrenýän bolsa, şoňa dynuwsyz we gutulgysyz azar berýär, şol sebäpden adam ýa sabyr – kanagat etmeli, ýa-da özüne rahatlyk bermeýän zadyň sebäplerini aradan aýyrmaly” (şol ýerde) diýmek bilen T. Gobbs ikinjiniň, köplenç, kanuny bozmaklyga getirýändigini nygtaýar.

 Raskolnikowyň obrazynyň garyplygyň içinde hereket edýändigini we onuň (subýektiň) garyplyga bolan gatnaşygynyň ýigrenç duýgusy bilen aňladylýandygyny kesgitledik. Şeýlelikde, Raskolnikowyň obrazynyň jenaýat etmeklige bolan gatnaşygynyň aşakdaky geometrik figurasyny döredeliň

Ýigrenç meýil

Hak weynsap  nähak

Garyplyk

 

 

 

 

 

Geometriýada bu figuranyň ady – töwerek, edebiýatyň dilinde, goý, ol Raskolnikowyň içinde gezýän Garyplyk ýagdaýy

bolsun. Garyplygyň merkezinde biziň subýektimiz – Raskolnikowyň obrazy dur. Onuň obrazy garyplyga bolan gatnaşygynda ýüze çykýar:

1)    Ol garyplygy ýigrenýär. Şol ýigrenç esasynda onuň

2)    Hak we nähak baradaky garaýyşlary kemala gelýär

Raskolnikowyň hak bilen nähak baradaky ýörelgesi ony jenaýata iteren sebäpleriň biridir. T. Gobbs jenaýat etmeklige iterýän sebäbiň hakyň bardygy ýa ýokdugy baradaky ýalňyş ýörelgelerden gelip çykýandygyny aýdýar. (sah.229)

 Şu ýerde Raskolnikowyň obrazynyň jenaýat we jeza konsepsiýasynyň ruhy tarapyny günä we toba diýip atlandyryp, şo nukdaýnazar esasynda seljersek, onda ilki bilen günäniň näme bolýandygyny aýdyňlaşdyrmak gerek. “Günä – diňe bir kanuny bozýan hereketler ýa kanun tarapyndan aýtmasy gadagan edilen sözleri aýtmakdan, ýa-da kanunyň salgy berýän hereketlerini etmezlikden ybarat bolman, kanuny bozmak baradaky isleg – meýliň bolmagyndan hem döreýär” – diýip, T. Gobbs belleýär. (sah.225) Elbetde, ol günäni etikanyň dilinde däl-de, islendik hukukça mahsus bolşy ýaly, hukugy öwreniş ylmynyň dilinde düşündirýär. Biziň üçinem iň gyzykly tarapy häzirlikçe Raskolnikowyň günäsiniň hukuk taýdan düşündirilişidir. T.Gobbs günäniň nämedigini beýan edýän wagtynda isleg bilen meýliň tebigatyny hem mälim edýär. Günä etmek baradaky Isleg bilen meýliň adamyň günä işleri göz öňüne getirip edýän arzuwyndan has agyrdygyny tekrarlaýar.  Sebäbi adamyň göz öňüne getirmelerinde “eger şu hakyky bolan bolaýsa” diýen arzuw – lezzetiň esasynda hyjuwyň bardygyny, hyjuwyň bolsa adamyň tebigatyna örän mahsusdygyny belleýär (Şol ýerde)

 Ýeri gelende aýtsak, T. Gobbsyň bu kesgitlemesi bilen köpler, aýratynam, ruhanylar ylalaşmady. Sebäbi isleg bilen meýli arzuw – hyjuwdan has agyr duýgy hökmünde alaýanyňda-da, onuň isleg – meýli oýaryjy merkezdigini hem ýatdan çykarmaly däldir. Adamyň meýli bilen islegi onuň arzuw – hyjuwyndan gelip çykýar ahyryn. Şol sebäpden, eger bir erbetligi düýp – teýkary bilen ýok etjek bolsaň, onda onuň düýp sebäbini aradan aýyrmaly bolýar. T. Gobbsyň arzuw – hyjuwy günä hasaplamaýandygynyň sebäbini onuň entek herekete geçmedik jenaýatyň jenaýat hökmünde kabul edilmeli däldigi baradaky garaýyşlaryna syrykdyrmak mümkin. Ol adamyň gowulyga tarap ymtylmak tebigatyna ynanýar. Ol  adam entek arzuw edýärkä, ýagny bu arzuw entek herekete geçmänkä, onuň “düzelmek” mümkinçiligi bar diýip hasaplaýar. Ýöne gynansak-da, tejribe munuň beýle däldigini subut edip gelýär. Munuň beýle däldigini Raskolnikow hem subut etdi. Ol jenaýat etmeklige meýil bildirdi. T. Gobbs kanuny bozmaga itekleýän meýilleriň sebäbini 3 sany diýip anyklapdyr. Biz şolaryň birinjisini “Güýçlülere ähli zat” mümkin diýip atlandyrdyk, sebäbi mazmuny boýunça bu ýörelge şeýle kesgitlemä laýyk gelýär. Raskolnikowyň ýörelgesiniň häsiýetnamasy hem şu kesgitlemä görädir. T. Gobbs bu ýörelgä laýyklykda, eger kanuny bozýan adamlar güýçli bolsa, onda olaryň hiç bir zada boýun egmeýändiklerini, özleriniň hak we nähak  baradaky garaýyşlary boýunça ýaşaýandyklaryny ýazýar. Ol kanunyň  diňe ejiz adamlara degişli bolup, güýçlüleriň “öz kanunlarynyň” bardygyny kanuny bozmaga itekleýän meýilleriň üç sebäbiniň birinjisi hökmünde görkezipdir (sah.229) Raskolnikow öz – özünden: “Meniň hakym barmy ýa-da gadaganmy?” diýip soraýan wagtynda hut şu ýörelge boýunça hereket edýär. T. Gobbsyň bu ýörelgä beren kesgitlemesi gadymy rim hem-de grek akyldarlarynyň, hukukçylarynyň arasynda meşhur bolupdyr. Bu babatda grek akyldary Solona Anaharsisiň aýdan sözlemi gyzyklydyr. Ol: “Kanunlaram edil kerep ýaly, eger oňa güýçlüler we baýlar düşäýse, çolaşman geçip gider, ýöne ejizler we garyplar düşäýsä welin, çolaşyp saklanar” diýipdir[3]

 Raskolnikow hak we nähak hakyndaky garaýyşlaryny öz ahlak düşünjeleri esasynda kemala getiripdir. Şol garaýyşlar gowy ̸  erbet bölünişigi boýunça formirlenipdir (kemala gelipdir) Etikanyň dilinde ýa-da adaty durmuşymyzda ol “ynsap” ady bilen umumylaşdyrylýar. T. Gobbsda ynsap – tebigy hukuk (right in nature) –  Şahsy tebigatyny saklamak üçin her bir adamyň öz islegine görä öz güýjüni ulanyp bilmek erkinligine, ýagny durmuşyny goramak we şoňa laýyklykda, gerek bolan zatlaryny etmegine aýdylýar” (sah.98) diýlip kesgitlenen. Diýmek, Raskolnikow öz ynsabyna görä hereket edýär. Ol süýthor garryny öldürmese, özüne rahatlygyň bolmajagyna düşünýär. Onda garyplyga bolan ýigrenç gatnaşygynyň esasynda Protest (garşylyk)  emele gelýär. Özem bu garşylyk Raskolnikowyň ynsabyndan gelip çykýar. Baş gahrymanyň garşylyk ýadrosy – onuň öz ynsaby gurluşyna geçýär. Şular ýaly ýagdaýda nämedir bir zat baş gahrymany saklaýjak bolsa, onda şol “nämedir bir zat” diňe onuň “ynsabynyň” tebigatyna bolan soragydyr. Raskolnikow özüne:

-        Ýok, men çydamok, çydamok! Goý, goý hatda, ähli hasabym dogry bolup çyksyn, goý, bularyň hemmesi, şu aýda, edil gün ýaly aýdyň, arifmetika ýaly adalatly bolsun. Eý hudaý! Meniň barybir gaýratym çatmaz ahyryn! Men çydaman, çydaman ahyryn! Näme üçin olar henizem... – diýýär . (seret: “Prestupleniýe i nakazanie str58)

Ýokardaky içgepletmeden Raskolnikowyň öz ynsabynyň tebigaty hakynda oýlanýandygy görünýär. Biz bular ýaly ýagdaýa jenaýat edilmezden öňem, soňam örän köp duş gelýäris. Raskolnikowy esasy gyzyklandyrýan sorag onuň ynsabynyň adalatly netijä gelip gelmänligidir. “Men diňe tagtabiti öldürdim, Sonýa, peýdasyz, ýigrenji, nejis tagtabiti” (sah.398) – diýip, ol öz ynsabynyň kararyny aýan edýär. T. Gobbs diňe ynsaby boýunça hereket edýän adamlaryň ahwalyny “Hemmelere garşy hemmeleriň urşy” (война всех против всех) diýen kesgitleme bilen düşündirýär. Hakykatdanam, Raskolnikowyň ynsaby bilen geçirýän gürrüňdeşliklerinden onuň  garyplyga bolan gatnaşygy diýýänimizde yzygiderli şöhlelenipdir. Garyplyk – ýigrenç – garşylyk düzümi boýunça dowam etdirsek, T. Gobbs ynsabyň adalatly ýa däldigi baradaky pikirlerini “Hemmelere garşy hemmeleriň urşy” ýagdaýynda gezýän adam üçin hiç bir zat adalatsyz bolup bilmez... Adalatlylyk ýa-da adalatsyzlyk düşünjeleri ýalňyzlykda däl-de, jemgyýet bilen bile ýaşaýan adamlara mahsusdyr” (sah.97) – diýýär. Şeýle-de, ol tebigy hukukly adamyň (ynsaply adam göz öňünde tutulýar) hemme zada hakynyň bardygyny nygtaýar (şol ýerde) Ýokardaky kesgitleme boýunça seljersek, onda Raskolnikow

a)    Jemgyýetden üzňe ýaşaýar, ol –  ýalňyz

b)    Onuň tebigy hukugy – ynsaby bar

c)    Ol islän zadyny etmäge haky bar diýip düşünýär

Raskolnikowyň hal – ahwal meýdany ýalňyzlygyň we ynsabyň çägine düşýär. Şol çäkde ol, hakykatdanam, öz ýaşap ýören jemgyýetini, ene – atasyny, dogan – garyndaşlaryny ýitirýär. Şol çäkde ol, hakykatdanam, öz ynsabyna görä, ykbal çözüji adama öwrülýär. Şol çäkde ol, hakykatdanam, ynsabynyň adalatlydygyna şübhelenenok. Ýöne T. Gobbs ynsap boýunça (ýagny tebigy hukuk boýunça) ýaşamagy diňe raýat hukuklarynyň ýok ýerinde mümkin hasaplaýar. “Sebäbi kanun – döwletiň ynsaby” – diýip düşündirýär (sah.252)

  Raskolnikowyň ýaşap ýören jemgyýetinde bolsa, raýat hukuklary kesgitlenen, kanunlar düzülen. Diňe aň taýdan başga bir çäge (“hemmelere garşy hemmeleriň uruş ýagdaýyna”) düşen adam öz ýaşap ýören jemgyýetini içinden ýitirip, özüçe hakynyň bardygy ýa ýokdugy baradaky pikir esasynda hereket edip biler. Ýöne ir-de ýa giç-de ol hakyky wagta dolanyp, ýaşap ýören jemgyýetiniň içine düşmeli bolýar. Munuň birinji sebäbi – ähli hasaplaryň ýalňyş bolup, özüňden eden tamaň çykmazlygydyr, hiç zady özüňçe çözübilmeýändigiňe akyl ýetirmekdir.

 T. Gobbsyň günäniň näme bolýandygyny anyklaýan wagtynda onuň, esasan, maddy tarapyna üns berendigini, ýagny entek herekete geçmedik jenaýatçylykly arzuwyň günä däldigi baradaky pikirini ýaňzydypdyk. Onuň jenaýat baradaky pikiri hem şol kesgitlemäniň dowamy bolup gidýär. Ol: “Kanunyň emr edýän zatlaryny etmän, söz bilen ýa-da hereket bilen kanunyň gadagan eden zatlaryny amal etmek jenaýatdyr” – diýip kesgitleýär (sah.226) Şuňa laýyklykda, Raskolnikowyň etmişiniň iki parallel (ugurdaş) häsiýetnamasy ýüze çykýar:

1) Jenaýat we jeza

2) Günä we toba

Birinjä laýyklykda, Raskolnikow jenaýaty amala aşyrdy. Ýöne şol jenaýatyň häsiýeti onuň amala aşyran jenaýatyny bilip etmändigini görkezýär. Hawa, formal (resmi) taýdan Raskolnikow bilkastlaýyn adam öldüriji, ol jenaýaty öňünden ölçerip, şol boýunça hereket edýär. T. Gobbs bilkastlaýyn edilen jenaýatyň adaty jenaýatdan agyr bolýandygy barada : “Bilkastlaýyn edilen jenaýat ýalňyş pikirlere ynanyp edilen jenaýatdan has agyrdyr” diýip belleýär. Şuňa görä Raskolnikowyň eden jenaýaty formal taýdan agyr jenaýata degişli bolmaly. Ýöne şu ýerde Raskolnikowyň etmişiniň parallel (ugurdaş) häsiýetnamasynyň ikinjisi günä we toba konsepsiýasy örboýuna galýar. Sebäbi Raskolnikow eden günäsiniň ýalňyş pikirlerden ybarat bolandygyna düşünýär. Ine, şonuň üçinem ol toba gelýär.

 F. M. Dostoýewskiniň “Jenaýat we jeza” romanynyň bu wakalary “Täze wesýet” kitabyndaky näsag Lazaryň direlişi bilen bagly prototip sýužetiň giňişleýin edebi beýanydyr. Näsag Lazar bolsa Raskolnikowyň obrazynyň prototipidir. Şol rowaýata laýyklykda, Lazar keselläp aradan çykýar. Dini tekstlerde köp gabat gelýän kesellemek we aradan çykmak sýužeti Adam ata we ýer ýüzündäki ilkinji günä bilen bagly rowaýatlara degişli. Rowaýatlara görä, Adam atanyň ilkinji günä eden adam bolandygy sebäpli, onuň başyna ölümiň gelendigi, adamyň günä edip, ölmi gazanandygy aýdylýar. Eger Adam ata hudaýyň diýeninden çykmadyk bolsa, onda jennetden kowulmazdy. Jennetden kowulmasa-da, başy ölümli bolmazdy diýlip hasaplanylýar. Sebäbi dini tekstlere görä, jennet – bu ebedilik ýaşaýyş bolup, onda hiç bir ynsanyň başy ölümli däldir. Şol sebäpden adamyň günä etmegini obrazly ýagdaýda onuň ölmi bilen aňladypdyrlar. Adamyň günäden saplanyp, toba gelmegini, ýagny günäden azat bolmagyny – täzeden dogulmak diýip hasaplapdyrlar. Elbetde, bu zatlaryň ählisi dini tekstlerde hudaýyň emri bilen amala aşýar. Magtymgulynyň dilinde aýdanymyzda, “Hak nazar salsa, eýesi gözlese” adamyň “täzeden dogluşy” başlaýar we bu ýaşaýyş ebedi ýaşaýyş bolup, ol Allanyň razylygyny gazanan bendeleriň nesibesidir. Raskolnikow hem edil Lazar ýaly keselläp, aradan çykyp, täzeden dogulýar. Ýöne bu zatlar onuň aňynda bolup geçýär. Dini tekstiň bu wakalary Raskolnikowyň durmuşynyň obrazly beýanydyr. Bu barada T.Gobbs: “Günäler toba edilende ýa-da ak pata bilen, ýa-da öwezi dolnanda, haýsysy hudaýyň isleýşine laýyk gelse, bagyşlanyp bilner” – diýýär. “Jenaýat we jeza” romaynda biz şularyň hemmesi sebäpli, Raskolnikowyň ýalkanşyny görýäris .

 Sözümiziň soňunda materealist nukdaýnazardan ýazylan “Lewiýafan” bilen idealist nukdaýnazardan ýazylan “Jenaýat we jeza” romanynyň bu derňewiniň iki akymdaky biri – biri bilen galtaşýan çatryklary görmäge ýardam eder diýen niýetimiziň bardygyny ýatlatmak isleýäris.

 

                                                                          Bägül ATAÝEWA

 


 


[1] Гоббс Т. Сочинения (в двух томах) – Москва: “Мысль”, 1991.стр.56

[2] Ф.М.Достоевский. Преступление и наказание. – Москва: “Художественная литература”, 1988.стр 4

[3] Seret: Плутарх. Избранные сочинения. – Москва: “Правда”, 1987.стр.161

23 |
|