Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

DILDE SINONIMLER YOKMY?

7 minut alar

                                   Dilde sinonimler ýokmy?

    (Türkmen we rus dilindäki  “urmak” işligi bilen bagly sinonimleriň deňeşdirme derňewi)

Kämil dilde sinonimleriň bolup – bolmaýandygy baradaky pikir ikä bölünýär. Eger bir topar sinonimleriň manysynyň biri – birine deňdigi sebäpli, olaryň sinonim hasap edilmäge degişlidigini nygtasa,[1] beýleki bir topar many taýdan biri – birine ýakyn sözleri hem sinonimleriň hataryna goşýar. Sinonimleri diňe many taýdan biri – birine deň sözler hasap edeniňde, leksikografiýanyň işiniň az önümli bolýandygy, munuň ep-esli derejede sinonimik hatary çäklendirýändigi barada Z. Ý. Aleksandrowanyň “Словарь синонимов русского языка” diýen kitabynyň girişinde agzalýar[2] Biz şu makalanyň dowamynda ýokardaky soraglara jogap bermäge çalşarys. Munuň üçin iki dildäki (rus we türkmen) sinonimleri deňeşdirme – komporatiw usulda derňemegi makul bildik:

a)   Türkmen lingiwistikasynyň köp babatda hut rus lingiwistikasy esasynda öwrenilendigi üçin (munuň, elbetde, taryhy – medeni, syýasy sebäpleri bar)

b)   Dildäki sinonimleriň doly many gurşawyny, sanyny, hilini başga bir dil bilen deňeşdiren ýagdaýyňda has aýdyň görünýändigi üçin

Bilşimiz ýaly, sinonimler sin – “bilelikde”, onim – at diýen manyny berýär.[3] Eger şu kesgitlemäni sözme söz, diňe anyk terjime boýunça seljermek islenilip, diňe şol terjimeden gelip çykýan many esasynda saýgarsak, onda sinonim hökmünde biri – birine many taýdan ýakyn, meňzeş atlary däl-de, biri – birine many taýdan deň (toždestwo) atlary sinonim hasaplamak bolar diýen netije gelip çykýar. Meselem, rus dilinde “бить” diýen işlik bar. Türkmen diline terjime edilende, ol “urmak” diýen manyny berýär. “Urmak – [urmok] işl. 1.Bir zada batly degip, agyry döretmek, urgy täsirini ýetirmek, urup birine şikes ýetirmek, ýençmek. Ursa, sökse, horlasa-da il ýagşy (Magtymguly). 2. Bir zady kakmak, bir zadyň üstünden kakmak. Ikisi birden güpürdedip darak urdy. 3. Atmak, atyp oky degirmek. Hawa, atyp bilýän, men tüpeň atyp guş hem urdum (A. Durdyýew). 4.göç.m Tankyt etmek, kemçiligini aýtmak, günäsini, etmişini ýüzüne basmak, köteklemek. Düýnki ýygnakda ony gaty urdular. 5. Ýüklemek, basmak, salmak (ýük hakynda). Düýä ýük urmak. 6. gepl.d Ýapmak, gulplamak, beklemek, gurmak. Çyrany söndüriň-de, gapyny içinden urup otyryberiň. 7. Urmak kömekçi işliginiň öňünden atlar gelip, täze manyly düzümli işlikler ýasalýar: Azym urmak azgyrylmak, haýbat atmak, güýjüňi görkezmek, üstüne sürünmek. Duşak urmak duşaklamak. Aýagyna at duşagyny uruň. Gadam urmak dabaraly ýöremek, ädimlemek. Kök urmak köküni ýeriň aşagyna ýaýratmak. Kürek urmak gaýygy kürekläp, herkete getirmek. Möwç urmak möwjemek, güýçlenmek, ýokary derejä ýetmek. Naýza urmak naýzalamak. Perwaz urmak ganat kakmak, ýokarda uçmak; biriniň daşynda perwaz bolup uçmak. Ýük urmak ýük ýüklemek. Ýürek urmak ýüregi işlemek. Sowuk urmak aýazly howada ösümliklere sowuk degip, ýapraklary jansyzlanyp guramak. Zarba urmak boýun egdirmek, agdarmak, ýumurmak, ýeňmek maksady bilen güýçli çozuşy amala aşyrmak, zabt etmek.

Urup aglamak – etjegiňi edip mönsüremek, haýýarlyga salmak, aýbyňy ýaşyrjak bolup, gaçalak etmek, öňürtjek bolmak. Urup çykmak özüňi oňarmak, başyňy çaramak, kişi kömegine zar bolmazlyk. Gör-de dur, seň gyzyň hem bir ýerden urup çykar (N.Pomma) Urup girmek gözi ýok ýaly çalt girmek, hiç zadyň pikirini etmän, göni girmek. Töweregine gözüni elek – çelek edip, ol çaýhana urup girdi (A.Geldiýew)[4]

 Ýokardaky mysallardan görnüşine görä, dildäki sinonimler dürli ýollar bilen ýasalypdyrlar. Soňabaka olaryň başdaky manysyny ýitirip, başga bir mana eýe bolan komponentlerine (söz düzümlerine) hem duşmak mümkin. Bu ýagdaýy diliň bir ýerde durmaýan, hemişe hereketde bolýan ösüş ýagdaýy bilen düşündirmek mümkin. Haýsy dile ösüş mahsus bolsa, şol dil kämilleşmek we sözlük taýdan artmak bilen bolýar. Sözlük taýdan kämil dili gazanmak –  bu şol halkyň iň uly medeni üstünligidir, sebäbi biziň ýaşaýşymyzyň ruhy çeşmesi, diýmek, esasy çeşmesi biziň gepleýän dilimizde jemlenen. Ýokardaky sinonimlerden görnüşine görä, olaryň many taýdan üýtgänleriniň bardygyna seretmezden, hereketiň (bu ýerde sözüň many hereketi – semantik dialektikasy) urmak bilen baglydygy görünýär. Hatda göçme manyly sözlerde-de, hereketiň urmak bilen bagly manysy ýitmändir. Diýmek, sözlük düzüjiler dildäki sinonimleri saýlamak işine biziň ýokarda adyny agzan iki sany nukdaýnazarymyzyň birinjisi boýunça çemeleşipdirler. Ýöne beýleki bir dilde – rus dilinde sinonimleri ýüze çykarmak işine has töwerekleýin çemeleşilipdir. Meselem, “urmak” işliginiň sinonimleri hökmünde избивать – birini birsyhly urup ýörmek, (sah.399),[5] лупить – ýelmemek, urmak, çalmak (s.528), лупсевать – ýençme, urma, дуть– ösmek, öwüsmek (s.301), охаживать – urmak, ýençmek(802) отделывать (розгами, плетью) – saýgylamak, çybyk bilen urmak, сечь – çapgylamak, kerçemek, çapmak, стегать – çalmak, saýgylamak, gamçylamak, urmak (464), пороть – urmak, saýgylamak, gamçylamak (140) полосовать – urup, zolak yz galdyrmak (124), колотить – urmak, kakmak, döwmek, titretmek, saňňyldatmak(463), дубасить – gazaply urmak, gaýduwsyz saýgylamak(299), колошматить – urmak, köteklemek, ýençmek (463), молотить – urmak, kakmak (576), тузить – ýumruklamak, ýumruk bilen urmak (539) костылять – urmak, ýençmek (terjimäniň şu hili görnüşde berlendigine seretmezden, ol türkmen diline ‘кость” – “süňk” görnüşinde terjime edilýändigi we işligiň özeniniň süňk diýen atdan gelip çykýandygy sebäpli, süňklemek görnüşinde terjime edilen bolsa has ýerine düşerdi[6]) утюжить – urmak, ýençmek (bu işligiň özeniniň “ütük” diýen atdan bolandygy üçin, “ütüklemek” işliginiň kimdir birini ýere ýazyp urmak manysynda terjime edilen görnüşi berilse, has ýerine düşerdi) Şu ýerde özeni atlardan bolup, işlik söz toparyna geçen  “urmak” işligi bilen bagly sözleriň sanawyny bermegi makul bildik:

1)   Полосовать  - “полоса” – zolak diýen atdan gelip çykypdyr, sözlükdäki terjimesi bilen gabat gelýär

2)   a)Хлыстать, б)хлестать – “хлысть” –  gamçy, çeýe çybyk diýen atdan gelip çykypdyr, sözlükdäki terjimesi – çeýe çybyk bilen saýgylamak, gamçylamak, urmak, çalmak, indermek, şarpyldatmak (618)

3)   Дубасить – dub diýen atdan gelip çykan, gyrymsy agajyň bir görnüşi, sözlükdäki terjimesi – gazaply, urmak, gaýduwsyz saýgylamak (mundan beýläk ýaýyň içinde biziň wersiýamyz görkeziljekdir)

4)   Молотить – Молот – çekiç diýen sözden, - urmak, kakmak (çüýlemek)

5)   костылять – кость – süňk – urmak, ýençmek (süňklemek)

6)   Утюжить – утюк – ütük – urmak, ýençmek (ütüklemek)

7)   Гвоздить – гвоздь – çüý – urmak, ýençmek, ýetişibildigiňden ýumruk ýagdyrmak (çüýlemek) 

Ine, şu mysallardan görnüşi ýaly, köp işlikler türkmen diline şol bir terjimede terjime edilipdir. Beýle edilmegi görnetin diliň mümkinçiligini çäklendirýär. Eger-de, terjime göni manyda başga bir işligi alamatlandyrýan bolsa, onda terjimäniň gapdalyndan göçme manyda ulanylyşyny bermek zerur. “Urmak” işligi bilen bagly sanawymyzy dowam etsek, onda olaryň içinden saýlap almaly işliklere-de gabat gelýäris. Meselem, rus dilinde “драть” diýen işligiň 9 sany manysy bolup, şolaryň dördünjisi – parçalamak, bölek – bölek etmek, tike – tike etmek, bäşinjisi urmak, ýençmek diýen manylardaky işlikleri biziň derňeýän obýekt sözümize degişlidir. Ýene- de “urmak” bilen bagly işliklere шлепать – şarpyldadyp urmak (671) поколачивать – çala urmak, käwagt kakmak, kak – sok etmek, бузовать – galamagal turuzmak, jenjel etmek, gykylyk etmek, tertipsizlik etmek.

Sözlükdäki käbir “urmak” işliginiň sinonimi hökmünde berlen sözleriň terjimesi ýok. Olaryň hatarynda мутузить, бутузить, волтузить, давать таску, хлобыстать ýaly işlikleri görkezip bolar. Şu işlikleriň diňe käbiriniň, meselem, мутузить – мутить – “bulaşdyrmak”, волтузить – wolt- fiziki birlik bolany sebäpli, elektrik togy bilen baglanyşykly işligiň bolmagynyň ahmaldygyny (tok urmak, tok urdurmak) aýdyp bileris. Ýokardaky mysallardan görnüşine görä, “urmak” işliginiň esasy semantik manysy işlikleriň köpüsiniň manysyndan çykyp, ýerini başga bir manyly sözlere beripdir. Şeýle bolsa-da, sözlügi düzüji awtor Ý.Z. Aleksandrowa bu işlikleriň hemmesini sinonimik hatar hasaplaýar. Işlikleriň ýerini başga bir manyly sözlere bermegi tebigy ýagdaý, sebäbi diliň hemişe ösüşde bolýandygyny ýatladypdyk. Diňe frazeologizmler diliň şu kanunalaýyklygyndan daşdadyr, olar diliň üýtgemeýän söz düzümleri bolany sebäpli, öz düzümindäki sözleriň asyl manysyny saklap bilýärler. Şol sebäpli türkmen dilindäki “urmak” işligi bilen bagly sözleriň köpüsiniň frazeologizmlerde saklanyp galandygyny görmek mümkin. Diliň bu kanunalaýyklygy ähli dillere mahsus ýagdaýdyr. Rus dilinde-de “urmak” işliginiň sinonimi hökmünde getirilen драть как сидорову козу – ýaly frazeologizmde işligiň urmak, it ýenjen ýaly ýençmek, öldir ýaly etmek (296) manylary üýtgewsiz saklanyp galypdyr. Indi iki dildäki “urmak” işligi bilen bagly sinonimleri deňeşdirenimizde, türkmen dilindäki sinonimleriň many taýdan deň işliklerden ýasalandygy, rus dilindäki sinonimleriň bolsa many taýdan ýakyn işliklerden ýasalandygy äşgär bolýar. Many taýdan deň sinonimleriň sinonimik hatary ep-esli gysgaldýandygyna seretmezden, ol dildäki sözleriň tertibiniň saklanylmagyna, geljekde oňat öwrenilmegine we dogry ugur boýunça saýgarylmagyna şert döredýär. Bize öz gezegimizde “Türkmen diliniň düşündirişli sözlügini” düzüjilere sag bolsunymyzy aýdaýmak galýar.

Bägül ATAÝEWA


 


[1] А. Д. Григорьева. Заметки о лексической синонимии. “Вопросы культуры речи” вып. . M., изд-во АН СССР, 1959. стр.7-8

[2] З.Е Александрова “Словарь синонимов русского языка”. M., изд-во “Русский язык”, i975. стр 5

[3] Seret

[4] Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. II tom. Aşgabat., TDN. 2016.sah.445

[5] Uly rusça – türkmençe sözlük. – Moskwa., “Русский язык”. 1987 (ähli terjimeler şu sözlük boýunça beriljekdir)

[6] Bellik awtoryňky

22 |
|