Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

EÝRAN-YLHAMYŇ TÄZE RUHY

10 minut alar

EÝRAN. YLHAMYŇ TÄZE RUHY

Gelip çykyş umumylygynyň birligi hakynda köp taryhy çeşmelere salgylanýan bu iki halk hakynda näme aýtmak bolar? Birinjiden, olar jemgyýet köpçüliginiň dürlüçe atlandyrylyş tertibinde “halk” diýen adalga bilen tapawutlansa, maksadalaýyk bolýar, sebäbi  halk – bu taýpa-tire, köpçülik, topar, millet diýip dürli hili atlandyrylýan jemgyýet düzümleriniň içinden göwrümi we görnüşi boýunça iň ulusydyr. Şeýle hem “halk” adalgasy şol jemgyýtede ýaşaýan milleti ähli köpöwüşginliligi bilen suratlandyrmakda iň töwerekleýin adalgadyr. Eýran Yslam Respublikasynda ýaşaýan köpsanly milletleriň taryhyndan we ýaşaýyş aýratynlygyndan çen tutup, biz deňeşdirme derňewimizi “halk” köpçüligi taýdan derňemegi makul bildik. Dogrudanam, adamzat öz taryhy döwürlerinde  ilki topar, soňundan köpçülik bolup ýygnanşypdyr. Wagtyň geçmegi bilen aň taýdan kämilleşýän bu köpçülik jemgyýet gurluşygyny döredipdir. Onuň ilkinji basgançaklary taýpa-tirelerden ybarat bolsa, esasy maksady millet hökmünde orta çykyp, millet hökmünde tapawutlanyp, halk bolup ýaşamakdyr. Halk derejesine ýeten jemgyýet gurluşy öz maksadyna ýeten jemgyýet gurluşydyr diýip aýdyp bileris. Sebäbi halk-san taýdan, hil taýdan agalyk edýän haýsydyr bir topary kem-kemden ýaýratmakda we özüne öwürmekde deňsiz – taýsyz syýasy ähmiýetli kommunikatiw prosesdir. Bir halkyň düzüminde birnäçe taýpa-tireler, toparlar, şeýle hem milletler bolup biler. Bularyň haýsysynyň dominirleýji (eýelik ediji) häsiýete eýe boljagy olaryň medeni aň göz ýetirişine bagly bolup durýar. Şu ýerde halk derejesine çenli ösüp ýetmegi millet gurluşly jemgyýetiň başarýandygyny aýtmagymyz zerur. Elbetde, ähli jemgyýet gurluşynyň millet bolup bilmezligi mümkin, ýöne milletiň köplenç halatda halk derejesine çenli ösýändigini taryh görkezip gelýär. Eýran Yslam respublikasy bilen Türkmenistan halk bolup ýaşamak bagtyna eýe bolan döwletlerdir. Bu iki döwletiň örän baý taryhy bar. Biz “gelip çykyş umumylygy” diýen wagtymyzda, şol taryhyň belli – belli döwürlerini göz öňünde tutýarys. Gelip çykyş hadysasy türkmen dilinde “düýbi, köki” ýaly sözler bilen, şeýle hem “zandy, neberesi, asly” ýaly ekwiwalent alynma sözleri bilen aňladylýar. Gelip çykyşy diýlende, bir hadysanyň ýa-da zadyň başlangyjy, merkezi, ýadro gurluşy göz öňünde tutulýar. Şol sebäpden haýsy ugurdan bolanda-da, gelip çykyşyny anyklamak wajyp häsiýete, ýagny çözüji, kesgitleýji häsiýete eýedir. Munuň şeýledigini jemgyýetçilik gurluşynyň sosial ykdysady, medeni gatnaşyklarynda aýdyň görmek bolýar. Haýsydyr bir zat hakynda düşünje bermeklik ilki bilen onuň gelip çykyşyndan ugur alýar. Adamzadyň ähli jemgyýetçilik gurluşynda hem onuň gelip çykyşy bilen bagly soraglar döremegini dowam edip dur. Gelip çykyş hadysasynyň häzirki günlerde “Seniň aslyň kim?”, “Sen kimlerden?” ýaly işjeň ulanylýan dialog soraglaryndan başlap, filosofiýada öz-özüňe akyl ýetirmekligiň modeli derejesine çenli ösüş ýoluny geçendigini ýatladýarys. Şeýlelikde, gelip çykyş hadysasy çözüji, kesgitleýji häsiýete eýe diýdik. Bu hadysany ylmy dilde “genialogiýa” diýip hem atlandyrýarlar. “Genea”-gr. “asly”, “logos” – “ylym”, “aslyny öwrenýän ylym” diýen manyny berýär. Şeýle-de, “genea” -  sözüniň “bir” diýen manysy bardyr. Başgaça, genealogiýa – birligi öwrenýän ylymdyr. Eger iki halkyň genialogiýa umumylygy bar bolsa, onda olar nämeden ybarat diýen tebigy sorag ýüze çykýar. “Bizi “umumy birlige” öwürýän zatlaryň köpdürlüligi haýsylar, olaryň düzümi haýsylar?” – diýen soraga jogap almak üçin taryha ýüzleneliň. Sebäbi islendik soragyň  edil jogapda bolşy ýaly, wagty, çägi, giňişligi bardyr. Geçmişde skifler, parflar ady bilen tanalan taýpalara iki halkyň taryhynyň dahyllydygy mälim. Türkmenleriň ata-babalarynyň skifler bolandygy barada taryhy maglumatlar köp. Jedelli ýeri, bu maglumatlaryň dürli – dürli habarlardan, çeşmelerden ybarat bolup, käte olaryň biri – birine wagt, çäk taýdan gabat gelmeýänligidir. Eger-de, maglumatlar biri-birine gabat geläýse-de, bular köplenç antropologik aýratynlyklar baradaky pikirlerde ýüze çykýar. Meselem, türkmenleriň ata-babalarynyň uzak Gündogardan skifiýa düzlüklerine göçüp gelen bolaýmagy ähtimal. Skifleriň özleriniň göçegçi halk bolandygy barada Geradot köp agzaýar. Galyberse-de, ýer-çäk taýdan ymykly giňişlige eýe bolmadyk taýpalara göç-hä-göçlük prosesi mahsus bolmaly. Onda sorag: Türkmenler skifler bilen garyşan halk bolup bilermi?

Jogap: Ähli halklar biri-biri bilen garyşan, ýöne hiç bir halk beýleki halk bilen atsyz-sorsuz goşulyşma prosesini başdan geçirmändir. Eger-de, men taryhçy bolan bolsam, onda bu soraglary şeýleräk görnüşde düzerdim:

1)    “Skif”  - adalgasy nädip döräpdir (Bu barada ýeterlik maglumatlar bar. Şunuň özi eýýäm derňew işini ep-esli aňsatlaşdyrmaly, emma gürrüň b.e.öňki döwürde ýaşan göçegçi taýpa hakynda gidýär)

2)    Skifler nirede ýaşapdyr?

3)    Ol ýerde ýene haýsy taýpanyň wekilleri ýaşapdyr?

4)    Näme üçin skifler ýer ýüzünden ýitip gidipdir?

5)    Taýpalar nähili döreýärler we nädip ýaşaýarlar? Näme üçin ýitýärler?

Biziň pikirimizçe, şu soraglara doly jogap alyp bolsa, onda skifleriň taryhy bilen bagly köpsanly jedelleriň soňuna çykyp bolardy. Gynansagam, bu azsanly soraglaryň örän köp jogaplary bar. Soragyň az, jogabyň bolsa köp ýerinde adam öz ýüregini diňlemeli bolýar. Sebäbi şeýle ýagdaýda diňe adamyň ynamy oňa jogap berip biler. Ýazyjy hökmünde men taryhy maglumatlaryň köpdürlüliginden beter olaryň çeperçilik taýdan ýeterlik öwrenilmelidigini aýdýaryn. Bu  tutuşlygyna öwrenmek işinde kömek ederdi. Skifleriň eýrandilli taýpalar hökmünde kabul edilýändigi sebäpli, eýranlylaryň olary ata-babalary hasaplaýandygyny bilýäris. Sebäbi “Haýsy dilde gepleýän bolsaň, sen şol halka degişli” – diýen ýönekeý hakykat bar. Hakykatyň hatyrasyna bir taýpanyň gelip çykyşyny diňe onuň geplän diliniň kesgitlemeýändigini hem aýtmaly. Munuň sebäbi ýene biziň ýokardaky, bar bolan maglumatlaryň çeperçilik taýdan ýeterlik öwrenilmeýändigi hakdaky pikirimize-de syrygýar. Dil – aragatnaşyk serişdesi bolany sebäpli, ol edil adamyň ömri ýaly janly hadysadyr. Belkem, diliň ösüşi sagatlara däl-de, minutlara barabardyr. Onsoň hatda diliňem maglumat hökmünde ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda bir taýpanyň gelip çykyşyny nädip kesgitlemeli? Biziň pikirimizçe, ruh bilen kesgitlemeli. “Ruh” sözi Eýranda ýaşaýan we pars dilinde gepleýän adamlara hasam tanyş bolsa gerek. Arap sözüdigine seretmezden, üç asyrlap araplaryň golastynda we medeni täsirinde bolan eýranlylar, megerem, ruh babatda iň gyzykly halk bolsa gerek. Gyzykly ýeri, bu ruhda gadymylyk bar. Adamzadyň aň taýdan ösmäge başlan döwründen bäri ol häzirki günlere çenli ýaşap gelýän ýaly bolup duýulýar. Men hemişe parslaryň, müsürlileriň, şumerdir akkadlaryň ruhy hakynda pikir edenimde, olarda wagt taýdan birmeňzeşligi duýýaryn. Ýöne ruhlaryň ierarhiýasy hakynda takyk maglumatlaryň ýoklugy sebäpli, olary diňe duýup bilýändigimiz bilen kanagat etmeli bolýar. Şeýle-de bolsa, bu ruhuň özüni bildirýän taraplary hakda aýtmaly bolsa, onda ol ilkinji nobatda hiç zatdan gorkmazlykdyr. Adamzadyň beýik şahyry Abylkasym Firdöwsi “Şahname” poemasyny döredende, Eýran şalarynyň şöhratly taryhyny beýan etmek bilen olaryň gaýduwsyz bolandyklary hakda ýazýar. “Suhrab we Rüstem Zal” hakyndaky bölümi alyp göreliň. Ölümden gorkmaýan ýaş ýetginjek Suhrabyň sähra ýaly giň kalby batyrgaýlygyň meýdany bolsa, Rüstem Zal nädip ýeňiji bolmalydygynyň edebi nusgasydyr. Ýeňiji bolmak üçin bir batyrgaýlygyyň az bolmagy, megerem, tejribeleriň artmagy bilen ýüze çykan bolsa gerek. “Güýçli birini ýykar, akylly müňüni” diýen nakyl şu ýagdaýlar bilen baglanyşykly döräpdir. Ölümden gorkmazlyk, gaýduwsyzlyk türkmen halky üçin örän tanyş duýgudyr. Skifleri ýatlap görüň. Ähli taryhçylar diýen ýaly, olaryň gorkmazaklygyna haýran galýarlar. Skifler – atyjylar, skifler – uçýan atlaryň eýeleri, skifler-erkin ýaşaýjylar, skifler – şahandazlar. Biziň pikirimizçe, ruhuň meňzeşligi bir umumylygyň, gelip çykyşyň barlygy sebäpli ýüze çykýar. Türkmenleriň taryhynda şeýle gaýduwsyz gahryman diýlende, Däli Domrul ýadyňa düşýär. Allanyň jan alyjy perişdesi bilen tutluşmakçy bolan Däli Domrul ýadyňyzdamy? (Bu barada seret: B. Ataýewa “Gorkut ata” eposynyň “Döwhe goja ogly Däli Domrul boýy” hakynda makala, “Medeniýet” žurnaly, 2020-nji ýylyň iýul-awgust aýy, žurnalyň şol ýylky 4-nji sany) Hawa, geçmişiň  şahsyýetleri hakda öwrenip oturşyma, Eýran – Turan gadymy bölünişiginiň taryhyny yzarlap, her tarapda galanlaryň bir umumylygynyň bardygyny duýýaryn. Şol “umumy ruhy” yzarlap, onuň köküne golaýlaşdygyňça, meýdanlar birikmek bilen, ynsanlar ýakynlaşmak bilen bolýar. Ýokarda-da nygtaýşymyz ýaly, adamyň gelip çykyşyny onuň ruhundan gözlemeli. Sebäbi ruh – edil birmeňzeş barmak yzlarynyň bolmaýşy ýaly, dürli hadysa, şol bir wagtda-da, onuň bir, umumy köki bardyr. Edil Gün şöhleleri ýaly, olar dürlüçe tizlik, ýagtylyk bilen ýaşasalar-da, ahyrynda öz merkezine – Güne birigýärler.  “Ruhy yzarlamak” adalgasyny iňlis dilinde “scent[sent] – yz, ys” manylary berýän söz bilen aňlatmak ýerlikli bolardy. Taryhda ys arkaly wakalary dikeldip bilýän adamlar bolupdyr. Bu fenomen ruhuň göze görünmeýän hadysadygy sebäpli bolup geçýär. Göze görünmeýändigi üçin ony bilip ýa-da tutup bolmaýar. Ruhy diňe hyýaly “yzarlap”, “ysyny” alyp bolýar. Ruhy duýup bilmek ylmy taýdan taýýarlygy talap edýär. Bu babatda eýranlylara diňe gözüň gidäýmek galýar. Olarda “ruh” terbiýesi örän gadymdan bäri ylym bilen baýlaşdyrylan. Eýranlylaryň, baryp-ha, “altyn düýeli pygamberiň” döwründen bäri ruh medeniýetini emele getirendigini aýtmak gerek. Bu ruh medeniýeti olaryň ritual tanslarynda, şemala goşulyşýan şygyrlarynda, şeýle hem örän süýji we labyzly dilinde jemlenendir. Saýedi Golamhuseýniň “Ýele baglananlar” (“Şemala garaşlylar”  “Oderzhimye wetrami”) eserinde hem bu spesifik aýratynlyk nygtalýar. Nemes filosofy Fridrih Niçşe “Zaratustra şeýle diýipdir” eserinde tans edýän pygamber hakynda agzap geçýär. Biziň pikirimizçe, filosof bu aýratynlygy eýranlylaryň ruhuny duýmak bilen ýüze çykarypdyr, sebäbi tans edýän pygamber – bu şemalyň, ýeliň olisitwareniýasydyr, sazlaşygydyr. Otparazlygy ýaýradýan adamyň tebigatynda ýeliň energiýasyny  duýmak gapma – garşy paradoksal ýagdaýlary ýüze çykarýandygyna seretmezden, ähli zatda iki başlangyjy görýänler üçin kanunalaýyklykdyr. Sebäbi biziň ýel, şemal hökmünde görýänimiz – adama iň uly ruhy substansiýany, ýagny onuň alyhezretleri Ylhamy berýän güýçdür. Ýeliň we şemalyň Ylham bilen kontekstual öwrenilmegi täzelik däl. Döredijilik adamlarynyň köpüsi ýelden we şemaldan ylham alypdyrlar. Bu tebigy hadysalar olary adaty durmuşyň çäginden çykaryp, ruhy dünýä alyp gitmäge kömek edipdir. Bu barada meslemler näçe diýseň kändir. “Mahmal şemal, mymyk ýeller, bady hazan” ýaly birnäçe edebi aňlatmalaryň döremegine getiren bu tebigy hadysalar “ylham gelmegi” bilen bagly döräpdir. Şeýlelikde, şemal – bu Ylhamyň döremegine getirýän tebigy hadysadyr. Biz ýel, şemal bilen bagly ritual tanslary ýöne ýerden agzamaýarys. Bularda yslamdan öň otparazlyk dinine uýan eýranlylaryň ruhuny duýmagymyz hem ýöne ýerden däl. Ýokarda-da nygtaýşymyz ýaly, ýel bilen şemalyň tebigatyny Ylham hadysasy bilen assosirleýärler. Netijede, eýranlylaryň özboluşly Ylham medeniýeti ýüze çykýar. Ylham – diňe musulmançylykda däl, eýsem, ähli dünýäniň edebi durmuşynda mukaddes hadysa hasaplanýar.  Dünýäniň “başlangyç” materiýasynyň üçüsini – topragy (öz-özünden), ýeli we ody Ylhamyň gönezligi eden halkda ylym taýdan ösmäge we kämilleşmäge ähli mümkinçilikler bar. Bu şeýle-de bolýar. Hamana, bar bolan  üç materiýanyň dördünji materiýa bilen üstüni ýetirip, kämillige öwrüljek prosesini üpjün etmeli Ylham araplaryň VII asyrda Orta Aziýa we Eýrana aralaşmaklary bilen baýlaşýar. Bu döwür Eýranyň taryhynda öwrülişikli döwürdir. Yslam dinini kabul etmegi bilen Eýranyň durmuşynda “Yslamyň altyn asyry” – diýlip atlandyrylan gülleýiş döwri başlanýar. Ynançlara görä, ruhlar müňlerçe ýyllap ýaşap bilýärmişin we her müň ýyl hudaýyň geçiren bir gününe barabarmyşyn. Şeýle bolsa, biz ýeliň we oduň tebigatyny görýän Ruhumyzyň yslamlaşyp, onuň ýene bir materiýa bilen üstüniň dolýandygyny aýdasymyz gelýär. Bu proses entek gutarnykly däl, ol entek dowam edýär. Onuň ýene näçe wagtlap dowam etjekdigini we gutarnykly kemala geljekdigini aýtmak çetin. Ýöne bir zady welin öňünden aýtmak mümkin. Eger tutuş Barlyk dört sany materiýadan emele gelen bolsa, onda topragy, ýeli we ody özünde jemleýän bu Ruhuň yslamlaşyp, onuň suw ýaly ýuwaş, suw ýaly rahat, suw ýaly doly we kämil boljagyny aýtmak mümkin. Magtymguly Pyragynyň “Kämil tapsaň, goý, ýolunda başyňny” – diýşi ýaly, gowulyga tarap ymtylmak esasy niýetimiz bolmalydyr.

  Elbetde, bir makalanyň çäginde Eýranyň taryhy we häzirki täsirleri barada doly aýtmak mümkin däl. Eýranda bar bolan mekdepleriň, edebi akymlaryň, pikirleriň, garaýyşlaryň goňşy türkmen halkyna täsiri barada köp zady aýdyp bolardy. Biz bulary bir ulgamda – Ruhuň ulgamynda derňemegi makul bildik. Sebäbi biz onuň täsirlerini tä b.e. öňki döwürlerden başlap, şu günki günlere çenli äşgär duýýarys. Türkmen edebiýatynyň “Altyn asyryny” esaslandyryjylar Magtymguly Pyragy bilen Döwletmmämet Azadynyň döredijiligi hem şu täsirler bilen baglylykda öwrenilýär. Eýranyň döwlet şygarynda “Garaşsyzlyk, Azatlyk” – diýen jümleler bar. Bu halkyň özbaşdaklyga, erkinlige, azatlyga bolan garaýyşlarynyň esasy orundadygyny aňladýar. Magtymgulynyň “Pyragy” lakamynyň arapça “ferag-azat, erkin”  diýen manyny, kyblasy Döwletmmämet mollanyň “Azady” parsça – “azat, erkin” – diýen manylar bilen meňzeşdigini, bir manylydygyny ( alynma ekwiwalent sinonim) edebiýatçylar tekrarlaýarlar. Umuman, şeýle täsirleri iki halkyň medeniýetinde hem görse bolýar. Medeniýet bolsa, halkyň ähli pudakdaky ýaşaýyş obrazynyň ulgamydyr.

  Biz türkmen – eýran gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem berk bolmagyny arzuw edýäris. Gylyjyň iki ýüzi ýaly, Gün şöhleleri ýaly, aýry-aýry durmuş bilen ýaşaýandygyna seretmezden, biz bu iki halkyň bir kökden emele gelen ruhuna ynanýarys. Goý, bu Ruh yslamyň parlak Güni bolup şöhle saçsyn!

 

Bägül ATAÝEWA

27 |
|