Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Suw astyna syýahat

2 minut alar

  Suwasty syýahat gaty tolgundyryjydyr, sebäbi umman köp syrlary gizleýär. Bu syrlar sözsüz ynsany özüne çekýär. Olaryň käbirini biz hem görüp bileris. Okeanyň düýbi diňe batyrlara we bilesigelijilere çuňluklarda gizlenen dünýäleriň syrlaryny açýar. Belki-de, olaryň pikir edişimizden has köp bolmagy hem mümkin we adamzadyň bu suwasty syrlary hiç wagt doly açyp biljekdigi aýdyň dälir. Şeýle-de bolsa, şu wagta çenli aýan edilen syrlar esasanam syýahatçylar üçin açyk bolany sebäpli iň uly gyzyklanma döredýär.

Atlantiko muzeýi, Lanzarote. Lanzarote adasynyň kenarynda Ýewropanyñ ilkinji ýerasty muzeýi açyldy. Britanýaly  Jeýson Teýloryň döredijiligine degişli bolan  300 şekili 12 metr çuňlukda suwuň aşagynda ýerleşýär. Suratkeş, okeana zyýan ýetirmezlik we eserini birnäçe onýyllyklaryň dowamynda gorap saklamak üçin ph-bitarap sementden heýkellerini ýasady.

 Bu muzeýi döretmek üçin 700 müñ ýewro sarp edildi. Teýlor suwasty kompozisiýalarynyň sýu sýujetini adaty gündelik durmuşdan alýar. 

Hytaýyň suwasty şäheri. Çişen şäherine "Hytaý Atlantisi" hem diýilýär. Bu şäher biziň eramyzyň VII asyrynda gurlup, ýarym asyr mundan ozal suwuň astynda gark bolupdy. 60 futbol meýdançasynyň ululygyndaky Çişen şäheri gidroelektrik stansiýasynyň gurluşygy wagtynda suwuň aşagyndady. Muňa garamazdan, şäher binalary we köçeler hatda suwuň aşagynda-da saklanyp galypdyr. Çişen 30 metr çuňlukda ýerleşýär we oňa diňe çümdürijiler baryp biler. Emma ýakyn geljekde Hytaý häkimiýetleri Çişeni syýahatçylyga öwürmek isleýär.

GURBANOW Eziz

  TOHI-niñ Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizimleşdirmek  fakultetiniñ  Gidromeliorasiýa hünäriniñ 2-nji ýyl talyby

6 |