MS biofizika
Priming effect - priming täsiri (we pul bilen primelanmak)
5 minut alar
Göz, gulak, burun ýaly organlarymyzdan gelýän maglumatlar beýnimizde belli neuronlaryň oýarylmagyna sebäp bolýar. Olara psihologiýada stimulus ýagny oýaryjy diýilýär. Bu oýaryjylar ys, şekil ýa-da söz bolup bilýär. Indi geleliň makalamyzyň asyl temasyna. Priming effekt - praýmiň diýip okalýar - diýip beýnimize birinji gelen oýaryjynyň ondan soňky geljek oýaryja nähili reaksiýa berjekdigimize edýän täsirine aýdylýar. Sözlem uzynrak bolup biler, arkaýýyn boluň mysallar bilen düşündirjek.
Mysal üçin siz ýakyn wagtda haýwanlar bilen baglanşykly zatlar gören bolsaňyz we men sizden EŞ*K sözüni doldurmagyňyzy sorasam onda ýadyňyza EŞEK sözi geler. Ýöne ýaňy-ýakynda geýim-gejim bilen baglanşykly pikirlere sezewar bolan bolsaňyz EŞ*K sözüni doldurmagyňyzy sorasam EŞIK diýip jogap berersiňiz. Bu ýagdaýyň şeýle bolmagyna priming täsiri diýilýär. Başgaça aýtsak, haýwanlar, ýük, saman ýaly sözler EŞEK sözüni , köýnek, balak, jorap ýaly sözler bolsa EŞIK sözüni primelaýar. Siziň indiki etjek pikirleriňizi, we reaksiýa hökmünde hereketleriňizi öňünden primelaýan zat ses, şekil, söz hatda hereket hem bolup biler.
Priming täsirine düşünmek üçin alymlaryň alyp baran tejribe işlerinden ýene birini mysal bereliň. New York uniwersitetinde John Bargh atly bir psihologyň ýöretmeginde bir eksperiment geçirilýär. 18-22 ýaş aralygynda ýaşlary gezekli-gezegine bir otaga çagyrýarlar. Bu ýaşlaryň öňüne içinde “çal” , “kel” , “ýygyrt” ýaly sözler bolan sözlemleri goýup yzygiderli ýerleşdirmegi haýyş edýärler. Soňra bolsa gysgarak bir koridordan geçip başga bir otaga gitmegini isleýärler. Koridora bolsa gizlin kamera ýerleşdirýärler. Soňra başga bir topary çagyrýalar ýöne bu gezek “çal” , “kel” , “ýygyrt” ýaly garrylygy ýatladýan sözler däl-de başgaça sözler ulanýarlar. Geçirilen barlaglar netijesinde “çal”, “kel”, “ýygyrt” ýaly sözler bilen baglanşykly ýumuş tabşyrylan toparyň koridordan geçip barýarka beýleki topara garanyňda has haýal ýöräp geçenligi ýüze çykýar. Ýumuşda “garry” sözi hiç agzalmadygam bolsa, ony ýatlatjak, primelajak sözler sebäpli, ýaşlar has uly ýaş bilen baglanşykly häsiýetleri ýüze çykarýarlar. Primingiň pikir arkaly herekete täsir etme şeklindäki bu görnüşine ideomotor effekt diýilýär. Bu ýagdaý tersine barlag geçirileninde-de netije berýär. Meselem belli bir topar ýaş juwana bir otagyň içinde adatydan has haýal ýöremegini buýurýarlar. Bu ýumuş netijesinde sözleriň içinden garrylyk bilen baglanşyklylary has çalt tapawutlandyrýandyklary ýüze çykýar. Ýagny garrylyk düşünjesi garrylyk öýkünmesine sebäp bolýar, edil şonuň ýaly hem garrylyk öýkünmesi garrylyk düşünjesini oýarýar.
Geliň indi ýene bir eksperimende göz aýlalyň. Bu gezekki eksperimendimizde-de iki topar bar. Iki topara-da galam berýärler. Bir topara galamy gapdal şeklinde dişlemegini soraýarlar, gapdal şekilde ortasyndan dişlenen wagty ýüzümizde ýasama-da bolsa bir ýylgyryş emele gelýär. Ikinji topardan bolsa galamy haýsydyr bir uç böleginden, ýüzümize göni durjak şekilde dişlemegi soralýar. Bu ýagdaýda bolsa ýasama-da bolsa gaharjaň ýüz keşbi orta çykýar. Indi iki topara-da agzynda galam bar wagty gysgajyk bir gülkili multifilm görkezýärler. Galam arkaly ýasama ýylgyryşa eýe bolan toparyň ýasama gaharly görünýän topardan has köp gülendigi ýüze çykýar. Gaty täsin ýagdaýda, ýüz muskullarymyzyň şekli biziň daşky gurşawdaky wakalary nähili kabul etjekdigimize täsir edýär. Diýmek dowamly ýylgyrmagy ündeýän paýhaslylaryň aýdýanlarynyň ugrunda bar eken :)
Indi bolsa makalamyzyň iň gyzykly bölümine geldik. Hemişeki ýaly iň gyzykly ýerini iň soňuna goýdum. Pul bilen primelanmak adamlara nähili täsir edýär? Has köçe dilinde aýtsak - Pul adamyny nädip taşlaýar? Bärdäki pul göni nagt puluň bolmagy däl-de, pul düşünjesiniň bolmagy. Alymlar ilki bilen toparymyzy pul bilen primelamana başlaýarlar. Mundan öňki eksperimentlerdäki usul ýaly içinde pul bilen baglanşykly sözler bolan ýumuşlar buýrulýar. Barlag işi geçirilýän otagda stoluň üstüne pul bilen baglanşykly oýnawaç-bezegler ýerleşdirilýär. Otagdaky kompýuterde-de pul bilen baglanşykly suratlar goýulýar. Elbetde muny toparyň gözüne beter batmajak şekilde ýerleşdirýärler. Toparymyz pul bilen primelandy we mundan soňky ýumuşlara taýýar. Indiki ädimde kynrak ýumuş berilýär we çözüp bilmedik ýagdaýlarynda gyradaky kömekçilerden kömek sorap biljekdigi aýdylýar. Pul bilen primelanan adamlar primelanmadyklara garanyňda iki esse has köp wagt kömek soraman özleri dyrjaşýarlar. Sebäbi pul olary has garaşsyz bolmaga ymtyldyrýar. Bu eksperimentde pul bilen primelanan adamlaryň has egoist bolýandygy, ýagny pul bilen primelanmadyk adamlara garanyňda, kynçylyk çekýänlere has az kömek edýändikleri ýüze çykýar. Muny barlamak üçin şeýleräk eksperiment geçirýärler. Iki toparyň agzalarynyň öňünde-de tötänleýin ýaly edip bir adama elinden bir topbak galam gaçyrdylýar. Pul bilen primelanan adamlaryň has göwünsiz kömek edýändikleri ýagny olaryň beýlekilere garanyňda has az galam çöpleşýändikleri ýüze çykýar.
Başga bir eksperimentde bolsa iki toparyň agzalaryndan hem başga kiçiräk otaga geçmegini we otaga girjek adam bilen ikiçäk gürrüňdeşlik etmegini soraýarlar. Otagyň içine iki sany biri-birine bakyp duran oturgyç ýerleşdirilýär. Pul bilen primelanan adamlaryň oturgyçlary has daşraga süýşürip oturýandygy ýüze çykýar. Pul bilen primelanmadyk topar beýlekilere garanyňda garşysyndaka has ýakyn oturýarlar.
Umuman alanymyzda pul bilen primelanmak adamlarda indiwidualismi öjükdirýär, olar başgalary bilen gatnaşmaga, başgalara bagly bolmaga ýa-da başgalaryň isleglerini diňlemäge ýapyk bolýarlar.
Durmuşda bizi nämeleriň primelaýandygyna üns bereliň. Belkem özümiziňki hasaplaýan kararlarymyz, hereketlerimiz käbir primelaryň täsiriniň netijesidir.
Priming effect barada has içgin maglumat üçin Danniel Kahnemanyň “Thinking fast and slow” ýagny “Çalt we haýal pikirlenmek” atly kitabynyň 4-nji bölümine ser salyp bilersiňiz.
Eksperimentleriň çeşmesi:
1)“finds he it yellow instantly”: John A. Bargh, Mark Chen, and Lara Burrows, “Automaticity of Social Behavior: Direct Effects of Trait Construct and Stereotype Activation on Action,” Journal of Personality and Social Psychology 71 (1996): 230–44.”
2) “words related to old age: Thomas Mussweiler, “Doing Is for Thinking! Stereotype Activation by Stereotypic Movements,” Psychological Science 17 (2006): 17–21.
3)The Far Side: Fritz Strack, Leonard L. Martin, and Sabine Stepper, “Inhibiting and Facilitating Conditions of the Human Smile: A Nonobtrusive Test of the Facial Feedback Hypothesis,” Journal of Personality and Social Psychology 54 (1988): 768–77.
4) upsetting pictures: Ulf Dimberg, Monika Thunberg, and Sara Grunedal, “Facial Reactions to Emotional Stimuli: Automatically Controlled Emotional Responses,” Cognition and Emotion 16 (2002): 449–71.
5) listen to messages: Gary L. Wells and Richard E. Petty, “The Effects of Overt Head Movements on Persuasion: Compatibility and Incompatibility of Responses,” Basic and Applied Social Psychology 1 (1980): 219–30.”
6) “Reminders of money: Kathleen D. Vohs, “The Psychological Consequences of Money,” Science 314 (2006): 1154–56.”