talyp
Näme üçin Marsa uçmaklyk - samsyk pikir?
3 minut alar
Elon Muskyň Marsa uçmak baradaky häzirki wagtdaky öňünde goýýan maksatlary örän täsirli hem-de ruhlandyryjy. Ýöne hemme zada dogry hem-de ylmy esasda garap, realist bolmaklyk zyýan bermezmikä diýýän. We bu makalada siziň Marsda koloniýa etmeklik höwesiňizi basyp ýatyrmak niýetimem ýok. Meni pessimistlikde aýyplap bilersiňiz ýöne şu aşakdaky sebäplere görä men Marsa uçmaklygy samsyk pikir hasap etýärin:
1. Marsdaky ýaşaýyş şertleri
Ýeriň magnit meýdany we atmosferasy bizi günden gelýän zyýanlyk şöhlelenmelerden we ownuk meteoritlerden goraýar. Marsyň atmosferasy ýeriňkiniň 0.6% ni düzüp örän gowşak bolup ol howply gün şöhlelerinden, mikro-meteoritlerden goramaklyga ukyply däl. Marsa baranlar ömrüniň ahyryna çenli howply kosmiki şöhlelenmeleriň ýokary dozasyna sezewar bolup ýaşamaly bolarlar. Beýle diýmeklik Marsyň ýaşaýjylarynda wagtyň geçmekligi bilen şöhlelenlenme sebäpli ýüze çykýan rak keseli bilen kesellänleriň köpelmegine getirer.
Marsyň üstünde temperatura -120 gradusden hem pes. Deňeşdirmek üçin, Türkmenistdanda iň pes temperatura golaýda Serhetabatda -25,4 gradus boldy. Beýle şertlerde ada
Marsyň üstündäki grawitasiýa ýerdäki grawitasiýanyň 0.375 bölegini düzýär. Adamyň muskullary we süňk bogunlary dargamazlygy üçin yzygiderli agram agyr daşlary göterip maşk geçip durmagy talap eder. Eger şol maşklar geçilen ýagdaýynda hem adam häzirlikçe 341 gün ýaşamaklyga ukyply. Ondan uzak wagt grawistasiýanyň az bolmaklygy biziň muskullarymyzyň we bogunlarymyzyň dargamagyna getirer.
Başga ýüze çykyp saglyk meseleri: kario sistemasy, zenanlaryň çaga doguryp bilmeklik mümkinçiligi barada gürrüň edip oturmaklygyň manysy hem ýok.
2. Logistik meseleleri
Ýerden Marsa çenli uzaklyk ýylyň dowamynda üýtgäp durýar (ortaça uzaklyk 230 000 000 km). Ýagny islendik wagt biz Ýerden Marsa kosmos gämini uçurmaklyk amatly däl. Astronomiýada “uçuş penjiresi” diýilip atlandyrylýan uçurmak üçin iň amatly wagt Ýerde her 26 aýdan bir gezek gaýtalanýar. Beýle diýmeklik Marsa ýerleşmek üçin zerur ýükler bilen üpjün etýän her uçuş üçin takyman 2 ýyldan gowrak wagt garaşmaly. Şol iň gysga ýol bilen Marsa barýançaň azyndan 7 aý wagt gerek. Barylan ýagdaýynda-da Marsa şowsyz gonmak ähtimallygy nolda deň däl. Şol ähtimallygy hasaba alyp birdan şowsyz gonaýan ýagdaýynda kargolaryň bir wagtda 2 ýa 3 sini ugradyp biri gonmasa beýlekisi gonyp düşer diýen hasaplama bilen çözüp bolardy. Ýöne gämide adam uçurylanda hiç hili şowsyz gonuş bolmazlygyny üpjün etmek kyn mesele. Iň gowy senariýalardada beýle uçuş adamzat üçin ullakan çykdaýjylara getirerdi.
3. Klimatyň üýtgemeginden we Ýeriň ilat sanynyň köpelmeginden gaçyş - dogry bahana däl
Marsa uçmaklyk üçin ýörgünli bolan “Ýerdäki ilatyň köpelmegi bilen Ýer öz ilatyny iýmit bilen üpjün etmeklige ukyply bolmaz” düşünjäni öňe sürýärler. Bu mesele häzirki wagtdaky netijeliligi pes bolan iýmit önümçiligi we ýerleri dogry ulanylmaýandygy sebäpli ýüze çykýar. Şol iki mesele çözülse Ýeriň ilatynyň köpelmekligi meselesi aradan aýrylýar. Marsa uçmak arkaly Ýerdäki adamlary azaltjak bolsaň, her adam başyna 40 mlrd amerikan dollar çykdaýjy çykarmaly (Ýerdäki adaty adamlarda onça pul bank hasabynda bardyr öýdemok). Eger oňa derek ol puly ylmy gözleglere sarp edilse ol meseläni Ýeri taşlap gitmezden çözüp boljak. Ýeriň gury ýer meýdany häzirki wagtda 510.1 million km^2. Ortaça ilat dykyzlygy 500 km^2 diýip alsak ýer takmynan 37 mlrd ilaty sakmaklyk mümkinçiligi bar - ýeriň häzirki wagtdaky ilat sanyndan takmynan 5 esse köp.
Astronomiýadan bir Professoryň aýdyşy ýaly: “Astronomiýanyň bar maksady adamlara Ýer planetasyndan başga adamzat üçin gowy ýaşaýyş şertleriniň ýokdygyny görkezmek… Marsda iň amatly şerti dörediläýen ýagdaýyndada ýeriň müňden biriçede bolmaz”.
Marsda ýaşamak islärdiňizmi ýa-da Ýerdäki ýaşaýyş has gowymy?