Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

sci-fi writer, geographer

Meşhur alym Mari Kýuri 1934-nji ýylda aradan çyksa-da, onuň bedeni we goş-golamlary henizem radiasiýa saçýar

3 minut alar

Ylym dünýäsiniň iň möhüm aýallarynyň biri bolan Mari Kýuriniň bedeni we goş-golamlary aradan çykandan bäri geçen 90 ýyla garamazdan, radiasiýa çykarmagyny dowam edýär.

Radioaktiwlik boýunça eden işleri üçin diňe bir, iki sany Nobel baýragyna mynasyp bolman, eýsem "häzirki zaman fizikasynyň enesi" diýlip hem atlandyrylýan Mari Kýuri gynansak-da, radioaktiw elementler poloniý we radiý boýunça geçiren barlaglaryndan diri galmady. Bu barlaglar oňa hemişelik ylmy mirasy berse-de, şol bir maddalar hem onuň bedenine hemişelik zyýanly täsirini ýetiripdir.

Kýuri diňe bir Nobel baýragyna eýe bolan ilkinji aýal bolman, eýsem iki dürli ugur boýunça baýrak alan ýeke-täk aýal hem bolupdy. 1896-njy ýylda fransuz fizigi Anri Bekkerel uran duzlarynyň özleriniň obýektlerden geçmek ukyby boýunça rentgenlere meňzeş şöhleleri çykarýandygyny ýüze çykarypdyr. Bu açyş Kýuri üçin Bekkereliň barlaglarny dowam etdirmäge höweslendirdi. Ol öz işine ýanýoldaşy Pýer Kýuri bilen başlaýar. 1898-nji ýylda olar iki sany täze radioaktiw element, radiý we polonini tapdylar. Bu netijeler 1903-nji ýylda Kýuri fizika boýunça Nobel baýragynyň ýarysyny almagyna getirdi. Beýleki ýarysy bolsa Bekkerele berlipdi.

Soňra 1911-nji ýylda köp sanly şahsy tragediýalardan soň (1906-njy ýylda Pýer Kýuri duýdansyz aradan çykmagy we ş.m), Kýuri arassa radini tapany üçin himiýa ugry boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolýar. Ol mundan beýläk hem öz gözlegini radioaktiw maddalaryň himiýasyna we olaryň lukmançylykda ulanylyşyna bagyş etmekçidi. Hat-da onuň barlaglary bolmadyk bolsa, biziň rak bejergilerimiz şu günki ýaly öňdebaryjy bolmazdy. Ýöne onuň ätiýaçlyk çärelerine garamazdan, Kýuri bu zyýanly maddalar bilen yzygiderli we uzaga çeken aragatnaşygy onuň saglygna erbet täsirini ýetirdi.

Mari Kýuri 1934-nji ýylyň 4-nji iýulynda, radiasiýa bilen işleýändigi sebäpli aplastik anemiýa keselinden aradan çykdy. Aplastik anemiýa, adyna garamazdan, adaty anemiýadan güýçlidir. Seýrek duş gelýän gan ýagdaýy bolup, süňk ýiligi bedeniňiziň dogry işlemegi üçin ýeterlik täze gan öýjüklerini emele getirip bilmeýän ýagdaýynda ýüze çykýar. Kýuri aradan çykanda, onuň jesedi şeýle bir radioaktiwdi welin, ony jaýlamak üçin gurşun bilen örtülen tabyda salmaly boldy. Emma bu barada 1995-nji ýyla çenli onuň tabydy gazylyp alnana çenli hiç kim bilmeýärdi.

Şol döwürde fransuz emeldarlary Kýuri är-aýaly ylyma goşan goşandy we fransuz taryhynyň simwolikasy bolandyklary üçin olaryň mazaryny milli mazar hasaplanylan Panteon şäherine göçürmek isleýärdiler. Gazuw-agtaryş işlerine gözegçilik edýän häkimiýetler galan radiasiýa barada biynjalyklanyp, Fransiýanyň radiasiýa goraýyş edarasy bilen habarlaşyp, mazardaky işçileri goramakda kömek soradylar.

Gazuw-agtaryş işleri guburhanalara golaýlaşdygyça, howada radiasiýanyň adaty derejesini anykladylar. Bu derejeler mazaryň açylmagy bilen (gaty uly möçberde bolmasa-da) ýokarlandy. Mari Kýuriniň tabydy ilkibaşda agaçdan ýasalan ýaly bolup görünse-de, açylanda onuň 2,5 millimetr gurşun bilen örtülendigine göz ýetirdiler. 

Kýuriniň bedeniniň soňraky barlagy netijesinde onuň gaty gowy saklanýandygy ýüze çykaryldy. Diňe alfa we beta hapalygy ýüze çykaryldy. "Journal of the British Society for the History of Radiology" žurnalynyň habar bermegine görä, munuň sebäbi Keri garrylyk çagynda radiasiýa ekspozisiýasyny çäklendirmek üçin ädimler äden bolmaly. 

Mari Kýuriniñ depderçesi, henizem radioaktiw şöhle saçyar

Ýöne onuň beýleki goş-golamlary barada hem şeýle diýse bolar. Aradan 100 ýyldan gowrak wagt geçenden soň, onuň köp goş-golamlary, şol sanda öý goşlary, aşpezlik kitaplary, egin-eşikleri, laboratoriýa bellikleri ýokary radioaktiw bolup galypdyr. Olaryň käbiri Fransiýanyň Pariž şäherindäki "Bibliothèque National" kompaniýasynyň gurşunly gutularynda saklanýar. Bu obýektlere görmegi haýyş edýän myhmanlara we syýahatçylara radiý-226 zýyanyna doly göz ýetirýändikleri hakyndaky öňüni alyş şertnamasyna gol çekmekleri we gorag lybaslaryny geýmek talap edilýär.

Bu izotopyň ömri takmynan 1600 ýyldygyny göz öňünde tutsak, möhüm dokumentleriň uzak wagtlap güýçli mirasy, zyýanly hatyra bolup galjakdygy mälim.


Çeşme: https://www.chip.com.tr/haber/marie-curienin-bedeni-uzun-yillar-boyunca-radyoaktifligini-koruyacak_157629.html

352 |