tanalmadyk meşhur
Kiçijek ýodadan dogry menzillere gadam bassaň...
2 minut alar
Köp wagt bäri telekeçilik düşünjesi bilen bagly gören we özleşdiren maglumatlarmy (mazmunlarymyň hemmesini) siňdirjek, sarp etjek, herekete geçirjek wagtymyň gelendigini ýaş wagtymdan bäri özüme ündäp geldim. Şeýle-de bolsa, bu ýolda äden her ädimim bilen bu näbellilik dünýäsinde özümi ýitirenimi duýdum we gorkup yza çekildim durdum.
Telekeçilik bilen bagly okan zatlarym ýaly “gül ýaly dünýä” ýokdy. Pikirlenip, kellämde gurnap ýören işlerim belli bir ýere gelende (bişişende) batyrgaýlyk bilen ädim ätmegi makul bildim.
Telekeçilik işinde başlangyç mugallymym we (aga) diýip tanaljak bu adamlar bilen bolup geçen gürrüňdeşliklerimiziň netijesinde, bu prosesi ähli “aç-açanlykda” açyp görkezmek üçin we telekeçilik dünýäsine girjeklere maglumat bermek maksady bilen öň görülmedik “Telekeçiligiň gündeligi” podkasty başlandy. Podcast-y diňlemek üçin: https://lnkd.in/dzMSVUM
Bu podkast bilen:
- Telekeçilik işine gadam basmagyň ilkinji ädimlerini, işi gurnamagy öwrenmek,
- Telekeçilik bilen bagly köp soralýan soraglara “bize görä şeýle” ýagdaýlaryny jogaplap bermek we pikir alyş-çalyşygy gurnap bilersiňiz.
Telekeçilik bilen bagly dogry düşünjeleri ündemäge synanyşýan ilkinji kişiler däldigmizi hem-de bu ugurda biziň ýaly ugurdaş usullar bilen zähmet çekýän hem-de gyzykly gurnamagy başarýan “gysgaça” podkast kanalyny hem bilelikde diňläp görmegiňizi size maslahat berýärin.
Döwrebap ylymlaryň we täze döwrüň talaplary bilen bir hatarda bolup, dürli pikirler we nukdaýnazalaryň gözleýjisi bolmaga synanyşýan we podkastlar bilen şol nukdaýnazalara beýleki öňdebaryjy adamlar bilen pikir alyşyp maslahat etmek arkaly işleýän “gysgaça” toparyna hem üstünlik arzuwlamak isleýän.
Maksatarymyza ýetip, netijesinde üstünlikli iş ýola goýarysmy ýa-da “başlamanka bataýdy” diýip diňe gürrüň beriljek hekaýa bolarysmy?
Käbir zatlaryň nähili netije we miwe berjegini käte özümizem doly anyk bilemizok. Ýöne nähili hem bolsa bu gürrüňimiz “tokaý otlaýan uçgunjyk” bolup kimdir biriniň ylhamlanmagyna sebäp bolar diýip umyt edýän. Sizi hem hekaýamyza şärik bolmaga çagyrýaryn.