Immunitetiñi ýokarlandyrmaga kömek edýän 7 ösümlik
2 minut alar
1. Aloe ösümligi iň gadymy derman ösümliklerinden biridir. Öýde saklap ýa-da ýörite dükanda satyn alyp bolýar. Aloe wera iýilýän ýaly, melhem hökmünde hem ulanylyp bilner. Öň hiç wagt aloe ulanmadyk bolsaňyz, ony kem-kemden iýmitiňize goşmak maslahat berilýär.
2. Astragalus immunitetini güýçlendirýär. Hytaý lukmançylygy köp sanly ownuk ösümliklere baý. Şolaryň biri ýurtda ençeme asyr bäri ulanylýan astragalus ösümligidir. Bu ösümlik esasan kökleri üçin ýygnalýar, sebäbi köp dermanlyk aýratynlyklary bar. Çaý ýa-da çorba astragalus goşup bilersiňiz. Mundan başga-da, bu ösümligi kapsulalar, ekstrakt we poroşok görnüşinde satyn alyp bolýar. Astragalus immunitetini güýçlendirýär we hatda dümew bilen göreşmäge kömek edýär.
3. "Pişigiň penjesi" wiruslara garşy göreşmäge we immunitetini güýçlendirýän himiki maddalary öz içine alýar. Bu dermanlyk ösümlik gan basyşyny peseldýär, diuretik hökmünde hereket edýär we bedene artykmaç suwuklykdan dynmaga mümkinçilik berýär.
4. Sowuklama, dümew we beýleki ýokanç keselleri bejermekde ehinaceany ulanyň. Bu ösümlik uzak wagtlap öýde sowuklamany bejermek üçin ulanylýar. Angina bilen garşasaň, täsirli netije gazanylýar. Käbir maglumatlara görä, ehinacea ýokarky dem alyş ýollaryny bejermekde hem peýdalydyr.
5. Buzina plýus. Bu ösümlik immun ulgamyny gaty güýçlendirýär, sowuklamany azaldýar, dem alyş ýollaryny köşeşdirýär, antioksidant güýjüne eýe. Bu derman agyr dümewiň öňüni alýar. Käbir derman ösümliklerinden tapawutlylykda, onuň siropy ýakymly tagamly.
6. Ginseng ýadawlyga garşy göreşýär we bedeni goşmaça energiýa bilen üpjün edýär. Bu ösümlik esasan adama energiýa bermek bilen tanalsa-da, başga-da birnäçe häsiýetleri bar. Şeýle hem pes gan basyşy, yzygiderli ýadawlyk, işdäň ýetmezçiligi, iş işjeňliginiň peselmegi, önelgesizlik we nerw ulgamynyň keselleri maslahat berilýär.
7. Ewkalipt ýagy ekspektoriýany höweslendirýär. Demgysma, artrit we ýaralary bejermek bilen ýakyndan kömek edýär. Fenugreek planşet, kapsulalar, çaý, guradylan ösümlik we damar görnüşinde iýilip bilner.
ÖWELEKOW Didar
TOHI-niñ Gidromeliorasýa we oba hojalygyny mehanizimleşdirmek fakultetiniñ Agroinženerçilik taýýarlyk ugrunyñ 1-ýyl talyby