Teswirler (4)

Ýüklenýär...
User Avatar

ILIŇ KEMÇILIGINI GÖZLÄP, BIR ÝERE BARYP BOLMAZ!

1 minut alar

Girl Animation designs, themes, templates and downloadable graphic elements on Dribbble
Kemçilik

Men baryp ýatan sada we sadalaryň aşygy. Sadalyk ýazgylarymyň zynaty. Entek menem sadalykdan zyýan çekmedim. Ýazýan zatlarymam sada we ýönekeý. Emma, ähli ajaýyplyklaram gözbaşyny ýönekeýlikden alýandyr. 

 

Eýran edebiýatynyň beýik şahyrlaryndan Sadi Şirazi 50 ýaşyndan soň çeperçilik işine başlap, 60 ýaşynda “Bossan we Gülüstan” atly ajaýyp eserini döredýär. Kitap diýseň ajaýyp we gyzykly. Kitapda berilýän mysallar sada we ýönekeý. Şahyr kitabyna şu setirler bilen başlaýar: 

“Biri, kakasyna garşy gelse, kakasy oňa dessine gaharlanar. Ýoldaşyna, dostuna erbetlik edýän adam, köpçülikde gowy görülmez. Gul, özüne berlen işi derrew ýerine ýetirmese, eýesi oňa haýal etmän käýinç berer. Wezipesini ýerine ýetirmeýän esger, komandiri tarapyndan şol mahal jezalandyrylar. Eýsem Biribar şeýlemi...............?”. 

 

Bir zadyň anygyna doly ýetmän näme üçindir köp halatlarda karar bermekde howlukýarys. Azyragam bolsa pikirlenip bir wakanyň näme üçindir şeýle bolandygyny soramak ýa-da idemek dogry bolmazmy?! Şahyr eserinde, haýsy hem bolsa bir zadyň anygyna ýetmän adamlary tankytlamaga ýa-da olaryň kemçiligini ýüzüne basmaga çalyşmagyň dogry däldigini gaty kän mysallar arkaly düşündirýär. Ilki bilen öz kemçiliklerimizi gözden geçirip, olary aradan aýyrmak üçin çemeleşmegiň has dogry boljakdygyny dana bize köp ýerde ündeýär. Kämillik ýoluna gadam basan adam, ownuk-uşak wakalara güýmenip gymmatly wagtyny sarp etmez. Eger birine kömegimiz gerek bolaýan ýagdaýynda, olar bizi gürrüňsiz tapar.  

 

Bellik: Oýlanma Sadi Şiraziniň “Bossan we Gülüstan” atly kitaby esasynda taýýarlandy.

 

Suratyň çeşmesi: https://dribbble.com/tags/girl%20animation

 

23 |