Talyp
Himiki birleşme barada hemme adamlaryň bilmeli 3 hakykaty
2 minut alar
Himiki birleşme barada hemme adamlaryň bilmeli 3 hakykaty
Himiki birleşme sözü, negatiw many bilen berk baglanyşdyrylan söz bolup durýar. Şeýle-de bolsa, töweregňize hat-da özüňize seredip, himiki birleşmeleri görmemezlik mümkin däl. Adamlar himiki birleşmeleri “örän zyýanly” diýip hasaplaýandyklary sebäpli, geň jedellere gabat gelmegimiz geň däl. Şeýle bolansoň her kimiň himiki birleşmeler barada bilmeli 5 faktyny seredeliň. Ahyryna çenli okap düşünmäge synanşalyň.
Fakt 1: Hemme zat himiki birleşmelerden düzülen
Her nähili hem gulaga aňsat ýaly gelsede bolsa adamlar muňa düşünmekde kynçylyk çekýär. Gysgaça, bilýän ähli maddalarymyz himiki birleşmelerden ybarat. Biz adamlar hem baştan aşak himiki birleşmelerden ybarat jandarlardyrys. Mysal üçin “Men sanjym alamok, sebäbi çagalaryma we özüme himikat urdyrasym gelenok” diýýän biri nähili derejede bilimden biraz ejir çekýändigini görkezýär. Adamlaryň pikirinden üzňe “himikat bolmadyk durmuş” sözüň göni manysynda mümkin däldir.
Muňa başga mysal hökmünde, size “1,3,7-trimetilpirin-2,6-diýon” berjek bolsak kabul ederdiňizmi? Nähili gulaga gorkunç eşidilýär dogry dälmi?! Bu uzyn at aslynda güniň dowamynda ulanýan, gazly suwlarda we kofede köp mukdarda bolan “kofeindir”.
Fakt 2: Zäherli bolan himiki birleşme däl onuň dozasy
“Zäherli himiki birleşme” diýip bir zat ýokdyr, “zäherli doza” diýip bardyr. Ýagny hemme himiki birleşmeler kadaly dozada alynanda zyýansyzdyr we hat-da köplenç peýdalydyr. Emma doza kadaly ýagdaýdan geçse zäherli täsirini ýüze çykarýar.
Meselem görkezsek adam bedeninde “zäherli” diýip bilýän simap, myşýak, sianid, formaldegid, alýuminiý, gurşun we başgalary bardyr. Hat-da bulardan käbirleri (fomaldegid ýaly) göni biziň bedenimizde sintezlenýär.
Fakt 3: Himiki birleşmäniň “Sintetiki(emeli)” we “Tebigy” görnüşleriniň arasynda hiç tapawut ýokdyr
Bärdeki mesele düýbünden başgaça. Bilşimiz ýaly hemme maddalar atomlardyr elementlerden durýandygyny bilýäris. Bu atomlaryň dürli usulda birleşmeleri netijesinde dürli molekulalar emele gelýär. Molekulalaryň emele gelmeginiň onuň zyýanlylygyna onuň nähili emele gelýändigi bilen baglanyşygy ýokdyr. Birleşmäniň düzümi şol bir zatdyr. Ýagny tebigysy nähili bolsada emelisi hem şeýledir.
Biz bu ýerde başga bir tarapa seredsek bolar, ýagny onuň düzüminiň näderejede arassalygyna. Mysal üçin öndürilen suwuň düzüminde nähili minerallar bardygyny gyzyklanyp bilersiňiz. Ýöne bir himiki birleşme emeli(sintetiki) diýip zyýanly hasaplamak düýbünden ýalňyşdyr.
Şulary okanyňyzdan soň himiki birleşmelere bolan düşünjäňiz biraz üýtgär diýip garaşýarys.