Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

HÄZIRKI ZAMAN FUTBOLUNYÑ PEÝDA BOLYŞY WE ÝAÝRAÝYŞ TARYHY.

2 minut alar

 

Häzirki zaman futbol düzgünleri XIX asyr ortalarynda Angliyadaky hususy mekdeplerde dürli düzgünler bilen oýnalyp gelinýän futbol şekillerne esaslandy. 1848-ýylda Kembrij universitetinde Eton, Harrow, Regby, Winçester we Şrewsbury atly bilim jaýlarnyñ wekilleri gatnaşmakda döredilen Kembrij düzgünleri futbol we şoña meñzeş sport görnişlerni rowaçlandyrmakda  täsirli rol oýnady. 1857-ýylda öñki talyplar tarapyndan esaslanan Şeffild futbol kluby 1867-ýylda Şeffild futbol assatsiatsiýasyny döretmek üçin çykyş etdiler. Uppingham mekdebi talyby Jon Çarlz Thring hem 1862-yilda käbir düzgünleri işläp çykdy. Futbol boýunça giñ gerimli düzgünler şol ýylyñ oktýabr aýynda bolan ýygnalşyklardan soñ döredilen futbol assatsiatsiýasy (iñlisçe „The Football Association“, gysgaça „FA“) tarapyndan geçirilen 5 sany ýygnalşygyñ netijeleri esasynda taýýarlanyldy.  Birinji resmi halkara futbol oýny 1872-ýyl 30-noýabrda Anglýa we Şotlandiýa ortasynda Glazgo şäherinde geçirilen we  0:0 hasabynda tamamlanan.Bu günki professional futbol düzgünleri 1885-ýyl 20-iyulda futbol assatsiatsiýasi tarapyndan kabul edilen.Şondan soñ futbol oýny iñlisler tarapyndan bütin dünýä ýaýrap başlaýar. Futbol giñden ýaýransoñ futbol düzgünlerni çykaryjy  gurama  hasaplanan Halkara futbol assatsiatsiýasi geñeşi (gysgaça IFAB) 1886-ýylda düzülen.Halkara futbol federatsiýalary bileleşigi (gysgaça FIFA) halkara meýdanda futbolyñ iñ ýokary dolandyryş guramasy bolýar.Futbolda professionallaşma döwri 1920—1930-ýyllarda dünýäniñ dürli künjeklerinde jedel rowaçlanan.  XX asyrda 200 den artyk döwletlerde 250 milliondan artyk oyunçy tarapyndan oýnalan  futbol  dünýädaki iñ meşgur sport görnişine aýlandy.

 GELDIÝEWA Zybagözel  

  TOHI-niñ Gidromeliorasýa we oba hojalygyny mehanizimleşdirmek fakultetiniñ Oba hojalyk önümlerni gaýtadan işlemegiñ tehnologiýasy taýýarlyk ugrunyñ 1-ýyl talyby.  

 

33 |
|