Mugallym, manager
Gurbagalar ýaryşýarlar
1 minut alar
Hemişe towşan bilen pyşdyl ýaryşmaly diýlen zat ýok ahyry... Bu gezekde gurbagalar öz aralarynda ýaryşmaga karar berdiler. Ýaryşy gazanmak üçin derýanyň kenaryndaky uly agajyň çür depesine dyrmyşmaly bolýarlar. Ýaryşýan gurbagalar agajyň öňünde düzülipdirler. Galanlar bolsa töwerege ýaýrap, ýaryşy tomaşa etmäge başlapdyrlar...
"Görgülijikler... Hiç wagt başarmaýarlar."
Wagt geçipdir, tomaşaçy gurbagalaryň sesleri hiçhili üýtgemändir:
"Görgülijikler... Hiç wagt başarmaýarlar."
Ahyry birinden galan gurbagalaryň umytlary kesilip, ýaryşy taşlapdyrlar. Ýöne galan soňky gurbaga uly gaýrat bilen agajyň depesine çykmagy başarypdyr.
Gurbagalar haýranlyk bilen munuň nähili bolandygyny bilmek isläpdirler. Olaryň biri oňa ýakynlaşyp, nähili başarandygyny sorapdyr. Şol wagt ýeňiji bolan gurbaganyň kerdigini bilipdirler.
Bize arzuwymyzy durmuşa geçirip bilmejegimizi, maksadymyza ýetmejigimizi aýtýan adamlar elmydama boljakdyr. Olar ýaly adamlara garşy ker bolmagy başarmagymyz gerek.