Halyçy
Gündeligimden garaýyş👀 #3
3 minut alar
- Haýsynyň tagamy has gowy: pepsi ýa-da coca cola?
+ Bilemok. Birini satyn almaga pul tapýançam, beýlekiniň tagamy ýadymdan çykýar.
* * *
- Buzgaýmak iýesiň gelýärmi?
+ Joşsaň, iýesim gelýär, emma özüm tölemeli bolsam - "işdäm ýok"!
- Şu sowukdamy? Üstesine-de gripli halyňa?
+ Hatda soňky demimde-de buzgaýmakdan ýüz öwürmen!
- Bu nebis bolýarmy ýa-da söýgi?
+ Bu -- Nebis ununa ýugrulyp, Söýgi tamdyrynda bişen isleg.
* * *
👵 Siz dagy ga:ny gaýnap duran ýaş gyzlar-a, tok peç hökman däldir. Äkidýän!
- "Ga:ny gaýnaýar" metaforasy oglanlara diýilmeýärmi näme?!
- O hiç-le! "Gün güýçliňki, gowurga dişliňki", tok peç dogumlyňky boldy şu wagt.
* * *
Synpdaş joramyň 22 ýaşyny şu sözler bilen gutladym: "Garramaga tarap ýene bir ýyl ädim ätlemegiň bilen gutlaýan". 🌚
* * *
Mekdepde okanymyz maglumatlary unudýarys. Olary gaýtadan okap özleşdirmeýänligimiz hem belli bir derejede unutmaga sebäpdir welin, esasy sebäp: ÖWRENMEGIŇ hatyrasyna däl-de, 5-lik almagyň hatyrasyna okanlygymyz.
* * *
"Köne güzer" halk aýdymynyň sözleri Nurmuhammet Andalybyň "Ýusup-Züleýha" dessanyndan alnan. Ol gazaly Ýusuba ýüzlenip, Züleýha aýdýar:
"Maksatly köňül içre, bir apaty jan geldi,
Müjgänleri hanjar dek, ol gaşy-keman geldi".
Her bentden soň: "Heeý gelin, ow gelin-ow"
Emma bu gazal zenan (Züleýha) tarapyndan, erkege (Ýusuba) ýüzlenip aýdylan...
* * *
Kapitalizm'iň guly
Yglan boldy lotoreý bildirişi,
Barmyş: iphone, maşyn we şuňa meňzeşi.
Alýas, içýäs. Utuş umydymyz bar,
Aýlygyň eslijesi şuňa gidýär.
Gije-gündiz içýäris gazly suwlar,
Parh etmez, çüýrese-de iç organlar...
* * *
Keýwa:ny - at., gepl. d. Erkek adamyň öz aýalyna ýüzlenip aýdýan sözi [Türkmençe sözlük app].
Keyvan / كيوان. Saturn (Zuhal) planetasy, parsça. [ luggat.com ]
"Keýwany" diýlip ýüzlenilse, mundan beýläk ol sözi "Halkaly Saturn planetam" diýip, düşünip bilersiňiz, hanymlar! :-)
* * *
- Saňa näler aýdyldy, agyz bekleme, çydamarsyň diýlip.
- Sen henizem açlykdan çaşandyryn öýdüp ýörsüňmi? Hamala, ilkinji gezek agyz bekledim... Ýüregime hem ruhuma ýüklän jenjel-dawalaryňyz sebäpli, bedenim error berip, çydamady. Açlykdanmyş..! Agzyala Nadanlar..!
* * *
Iki sözden ybarat söz düzümleriniň birinjisine "garaşly söz", ikinjisine "esasy söz" diýilýär. Meselem: Atanyň (garaşly) ogly (esasy söz). Meni birahat edýän mesele şu ki: "okan kitabym; halaýan aýdymçym; tanaýan gyzym/oglanym" ýaly söz düzümlerini menlik ýöňkemede aňlatmaly bolanymyzda "-ym/-im; -um/-üm; -m" goşulmalary işlige däl-de, a:da goşýanlygymyz. Häzirki wagtda orfoepik (sözüň dogry aýdylyşy) we orfografik (sözüň dogry ýazylyşy) taýdan dogry diýlip tassyklanan bolsa-da, aslynda asyrlaryň geçmegi bilen ýalňyş beýan edilişe öwrülipdir. Üns berseňiz logik:a ters gelýär:
• Okan kitabYM - awtory men däl, emläk taýdan başga şahsyňky, ýa-da kitaphanaňky. Emma okap gazananym - düşünje, duýgy, pikir meňki.
• Halaýan aýdymçyM - men köşk şasy ýa-da begzada däl, ýagny bu şahs diňe meniň üçin däl, halk üçin aýdym aýdýar.
• Tanaýan gyzyM/oglanYM - olar meniň perzentlerim däl, gulum-hyzmatkärim däl we olar obýekt däl -- şahsyýet.
Eýsem onda bulary nädip dogry aýtmaly/ýazmaly? A:da däl, işlige degişlilik-ýöňkeme goşulmany goşup: okadygym kitap; haladygym aýdymçy; tanadygym oglan/gyz. Bilýän, kanagatlandyrmaýan şekilde eşidilýär. Durmuşda şu şekilde ulanyň diýemok, (özüm hem bu formatda ulanamok, çünki türkçe gepleme diýýärler...) diňe pikirlenmäge material hökmünde öňe sürýän. Nusgawy edebiýatymyza üns beriň, gadymyýetde dogry şeklinde ulanypdyrys: kyldygym namaz; gitdigim ýol; söýdügim jenan, mündügim bedew; bakdygym göz; sözledigim dil; okadygym şahyr we ş.m.
* * *
Geçmişde nusgawy şahyrlarymyz hatynlary metaforalar bilen beýan edipdirler: kirpigi ok; gaşy keman; ahu gözli; a:l ýaňakly, mar saçly, pisse dahan (dodak).
Seýrek zatlar göze ýakymly bolýar. Emma döwrümizde media girip, nirä baksaň "pisse dahan" zenan görüp boljakdygy üçin, indi şahyrlar "ýuka dodak" (bu söz düzümi onsuzam edebiýatymyzda bar, emma meşhur däl) metaforany öňe sürmeli bolaýmasalar. Ýa-da başga wersiýalar - "silikonsyz dahanlym", "tebigy leblim"...🌚
© Derwüş Zenan
2024ý.