Garaşsyzlyk baýramy.
1 minut alar
Ine, ýene-de baýramlaryň naýbaşysy – Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Garaşsyzlyk baýramy ýetip geldi. Her ýyl bu ajaýyp baýrama garaşmagyň özi-de uly buýsanç. Baýramçylygy mynasyp garşylamak üçin her bir ulgamda uly üstünlikleri gazanmak üçin ýörite meýilnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. 1991-nji ýylyň güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Bary-ýogy 33 ýylyň içinde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen ýoly beýleki köp sanly üstünliklerdir belent sepgitlere beslenip, olar täze maksatlara, ösüş menzillerine ýetmegiň özeni bolup hyzmat eder.
Baş baýramymyz – gutly bolsun! Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly tutumly toýlara beslensin!
TÖREMYRADOWA Iýmiş
TOHI-niñ Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizimleşdirmek fakultetiniñ Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiñ tehnologiýasy taýýarlyk ugrynyñ 2-nji ýyl talyby.